Milli itşynaslyk sungatyny kämilleşdirmek boýunça maslahat geçirildi
Aşgabat, 2-nji mart (TDH). Halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny saklamak hem-de dünýäde giňden wagyz etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu ugurda alnyp barylýan giň möçberli özgertmeler alabaýlaryň tohumçylyk işiniň ösdürilmegini hem-de kämilleşdirilmegini nazarlaýar.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz alabaýlaryň dünýädäki şöhratyny artdyrmak, milli itşynaslygy ösdürmek we kämilleşdirmek maksady bilen, 25-nji fewralda Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek hakyndaky Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, ol her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde geçiriler.
Diýarymyzda her ýylda ahalteke bedewleriň halkara gözellik bäsleşigini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň wagyz edilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini äşgär edýär.
Şunuň bilen baglylykda, ol alabaýlaryň başarnygyny, özboluşly häsiýetlerini we aýratynlyklaryny açyp görkezýän halkara bäsleşigiň geçirilmegi hem-de onuň ýeňijisine “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” derejäniň berilmegi babatda aýratyn möhümdir.
Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Sport myhmanhanasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda dabara geçirildi.
Bu ýere ýygnananlar asylly däplere, milli mirasa hormat goýmagyň hem-de wepalylygyň özboluşly nyşanyna öwrülen gadymy alabaý itlerini gorap saklamak we bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine yzygiderli üns berýändigi üçin milli Liderimize hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergi bilen tanyşdylar. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary we beýleki çeper eserler görkezildi.
Alabaý hormatly Prezidentimiziň edebi döredijiliginiň aýratyn mowzugy bolup durýar. Milli Liderimiziň şahyrana zehini netijesinde, milletiň buýsanjy bolan ahalteke bedewleri bilen birlikde alabaýlaryň gaýduwsyzlygynyň, wepadarlygynyň waspy ýetirilýär.
Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň başlygy S.Berdimuhamedow öz çykyşynda alabaýlaryň türkmen halkynyň diňe bir kömekçisi, emlägiň ygtybarly goragçysy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, müňýyllyklaryň dowamynda wepaly dostuna öwrülendigini belledi. Bu gün olar türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Olary saklamak we geljekki nesillere ýetirmek ýaly pederlerimiziň asylly däpleri häzirki döwürde hem dowam etdirilmelidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen alabaýy” atly kitabynda halkymyzyň durmuşynda we ykbalynda alabaýlaryň eýeleýän ornunyň ähmiýeti barada gürrüň berilýär hem-de bu kitap alabaýlara bolan milli gatnaşyklaryň aýratynlyklaryna, olaryň ösdürilip ýetişdirilişine we saklanyşyna içgin aralaşmaga mümkinçilik berýär.
Milli Liderimiziň bu eseri şöhratly alabaýlaryň gelip çykyşy we ösüşi barada gürrüň bermek bilen çäklenmän, ahalteke bedewleri hem-de türkmen halylary ýaly gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli gymmatlyklar bilen bir hatarda durýan alabaýlaryň medeni aýratynlyklaryny açyp görkezýär.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, alabaý halkyň medeniýetiniň möhüm bölegidir. Ol halkymyzyň aňynda sazlaşyk, gözellik, diňe bir maddy däl, eýsem, ilkinji nobatda, ruhy gymmatlyk hökmünde özboluşly ähmiýete eýedir.
Häzirki döwürde bu ýörelgeler öz wajyplygyny ýitirmän, eýsem, mazmun taýdan has-da baýlaşdy. Munuň özi halkymyzyň köp nesilleriň buýsanç duýgularyny hem-de halk seçgiçiliginiň ýokary derejesini kemala getirmäge mümkinçilik beren yhlasly zähmetiniň aýdyň miwesidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmek boýunça alyp barýan maksatnamalaýyn we netijeli işleri biziň edermen, wepaly we kuwwatly alabaýlarymyzyň dünýädäki şöhratynyň belende galmagyna ýardam edýär.
Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halk seçgiçiliginiň we häzirki zaman dünýä ylmynyň usullaryny ulanmak arkaly alabaýlary ulgamlaýyn esasda köpeltmek boýunça öňde goýýan wezipeleriniň çäklerinde, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini saklamagyň we wagyz etmegiň bu düzümiň işiniň esasy ugurlarynyň biridigini belledi.
Eziz Diýarymyzda itşynaslygy ösdürmek, bu ugurda gazanylan üstünlikleri we ýetilen derejeleri halkara derejede giňden wagyz etmek maksady bilen, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň “Türkmeniň nusgalyk alabaýy” žurnaly döredildi. Bu ýöriteleşdirilen žurnal kinologiýa ugry bilen çäklenmän, şu ulgamyň medeni ugruna möhüm ähmiýet berýär. Çünki onuň wezipesi alabaý itleriň saklanylmagyny we ösdürilmegini wagyz etmekden ybaratdyr. Häzirki zaman usulynda çap edilen we bezegli žurnalyň sahypalarynda alabaýlar hakynda örän gyzykly maglumatlar beýan edilýär. Alabaý halkymyzyň ykbalynda, halk döredijiliginde, edebiýatynda we filosofiýasynda möhüm orun eýeleýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda itşynaslygyň häzirki zaman düzüminiň döredilmegi bu ugurda alnyp barylýan işlere kuwwatly itergi berdi.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde “Türkmen alabaý itleri” hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumy ulanylmaga berildi. Änew şäherinde bolsa weterinar hassahana we öý haýwanlaryny saklamak üçin dünýä ölçeglerine gabat gelýän desga guruldy. Döwrebap bejeriş-anyklaýyş merkezi haýwanlara öňüni alyş sanjymlaryny geçirmek, keselleri ýüze çykarmak we ony ýokary derejede bejermek üçin öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi.
Döwlet serhet gullugynda “Türkmen alabaý” tohumly itleri köpeldiş we kämilleşdiriş merkezi açyldy. Bu gün assosiasiýa tarapyndan Ahal welaýatynda karantin merkezi, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde türkmen alabaýlarynyň tohumçylyk merkezleri gurulýar.
Mundan başga-da, paýtagtymyzda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň toplumy bina edilýär. Umuman, bularyň ählisi döwletimiziň alabaý itleri baradaky yzygiderli aladasynyň aýdyň subutnamasydyr.
Bu ugurda halkara gatnaşyklara möhüm orun berilýär. Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO hem-de beýleki iri abraýly guramalar, şol sanda daşary ýurt assosiasiýalary, ýuridik şahslar, dünýäniň dürli döwletlerinden bolan hususy itşynaslar bilen degişli uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk ýola goýulýar.
Assosiasiýanyň hünärmenleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen däplerini Adamzadyň maddy däl, medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça zerur işleri alyp barýarlar. Olaryň hatarynda alabaý itlerini ösdürmek ugry hem bar.
Soňky ýyllarda dünýäniň dürli künjeklerinde alabaýyň muşdaklarynyň sany artýar. Şunuň ýaly ägirt uly gyzyklanmalary nazara almak arkaly, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň web-saýtyny döretmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu alabaýlary ösdürmek we köpeltmek boýunça hünärmenleriň, alymlaryň hem-de alabaýlaryň muşdaklarynyň meşhur itleriň taryhy watanynda duşuşmaklaryna şert döreder.
Pederlerimiz daşky gurşaw bilen sazlaşykly hereket etmegiň asylly ýörelgelerini, tebigata aýawly çemeleşmek däplerini döredipdirler we bize miras goýupdyrlar. Ýüzýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirilen we halkymyzyň aňynda pugta orun alan jemgyýetimiziň bu ýörelgeleri häzirki döwürde täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar diýip, S.Berdimuhamedow belledi.
Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň başlygy milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu düzümiň agzalarynyň arassa ganly itleriň saklanylmagyna, täze ugurlaryň döredilmegine, alabaýlaryň baş sanynyň artdyrylmagyna gönükdirilen ylmy-seçgiçilik işlerini yzygiderli alyp barjakdyklaryna ynandyrdy.
Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar türkmen alabaýlarynyň dünýäniň dürli ýurtlarynda bar bolan gorag itleriniň hatarynda öňdäki orunlara mynasypdygyny nygtadylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, alabaýlary olaryň häsiýetli aýratynlyklaryny ýitirmän, ýokary hünär derejesinde köpeltmek zerurdyr.
Şeýle hem çykyş eden hünärmenler we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Weterinar lukmançylygy” fakultetiniň maldarçylyk kafedrasynda täze hünäriň — kinologiýa hünäriniň açylandygyny, talyplaryň bu hünäri ilkinji gezek özleşdirmek boýunça degişli bilim alýandyklaryny nygtadylar.
Alymlar itleri eldekileşdirmegiň taryhyny düýpli öwrendiler. Türkmenistanyň çäginde geçirilen arheologik gözlegleriň maglumatlaryna laýyklykda, alabaýlaryň örän gadymydygy we türkmenleriň bu itlere özboluşly garaýşynyň bardygy hakynda aýdyldy.
Alabaýlar ýeňşe bolan erki, beden we ruhy güýji, mähirliligi bilen tapawutlanýarlar. Türkmenler bedewi arzuwy, alabaýlary bolsa bagty hasaplapdyr. Alabaýlara şeýle baha berilmegi olaryň üstünligini we ýeňşini alamatlandyrýar diýip, çykyş edenler nygtadylar.
Döwlet Baştutanymyzyň teklibi boýunça alabaýyň 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçirilen V Aziýa oýunlarynyň nyşany hökmünde seçilip alynmagy tötänden däldir.
Türkmenistanda asyrlardan miras galan milli gymmatlyklar aýawly saklanylýar we olara sarpa goýulýar. Ahalteke bedewleri, türkmen halylary we beýleki gymmatlyklarymyz ýaly ähmiýetli medeni mirasymyz bilen bir hatarda, alabaý itleri dünýäde uly şöhrata eýe boldy. Ol türkmen halkynyň sazlaşyk, gözellik, dostluk we söýgi hakyndaky düşünjesini aýdyň beýan edýär. Pederlerimiz çydamlylygy we aýratyn wepalylygy bilen tapawutlanýan itleriň tohumyny kemala getirmegi başardylar.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda milli itşynaslyk däplerini saklamak hakynda edýän yzygiderli aladasy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk sözleri aýdylýar.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/22209?type=feed