Tomus gaýnan gazanlar

Tomus dynç alyş pasly hasaplanýar. Ýöne onuň hysyrdysy-da özüne ýetik. Dynç alyş günlerinde dogduk obaňyza salama baran bolsaňyz, özüňiz hem şaýat bolansyňyz, hojalyklaryň ählisinde diýen ýaly äpet toý gazanlary atarylandyr-da, onuň içinde gyş üçin gaplanyljak nygmatlar gaýnap durandyr. Gaýnagy kemsiz ýeten nygmaty gyz-gelinler derrew gaplar. Az salymdan çüýşe gaplaryň uzyn hataryna gözüň düşer. Tüweleme, gelin-gyzlar üçin 100 kilogram pomidory gaplamak bary-ýogy ýarym günüň işi. Ýöne şol ýarym günlük iş tutuş gyşy bilen hözir berer.  

                                                                   

Iş-güýjüň känligi bilen tomusda gaplanan önümleriňiz çak edişiňizçe bolmadyk bolsa, hiç aladalanmaň! Hut siziň gyşy bol nygmatlar bilen geçirmegiňiz üçin aladalanýan kärhanalar bar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Lebap welaýat bölümi bilen habarlaşanymyzda, gündogar sebitde hem gaplama işi bilen meşgullanýan hususyýetçileriň sanynyň barmak büküp sanardan kändigine göz ýetirdik. 

 Şolaryň hatarynda köýtendagly hususyýetçi Öwezmyrat Penjiýew indi birnäçe ýyldan bäri ildeşlerimize ary balyny hödürlemek bilen meşgullanýar. Belki, «Köýtendagly» haryt nyşanly ary balyna siziň hem gabat gelen bolmagyňyz ahmal. Köýtendagly hususyýetçiniň ilata her ýyl 10 müň çüýşe gaba çenli ary balyny hödürlemäge mümkinçiligi bar. Ol hut şeýle-de edýär. Dag etegindäki güllerden ýygnanan bal ýurdumyzyň çar künjüne ugradylýar. Elbetde, müň bir derde em bolýan balyň hyrydary hemişe özüne ýetik. 

                                                                   

Önümçilik kärhanasy Saýat etrabynyň Çaltut obasynda ýerleşýän «Aýna gap» hususy kärhanasynyň işi barada ozal hem gürrüň beripdik. Bu hususy kärhananyň gaplanan önümleri welaýatyň çagalar baglaryna ugradylýar. Kärhanada şu ýyl alma şiresiniň 80 müň, alma mürepbesiniň bolsa 7,5 müň gaby taýýarlanylyp, ulanyjylara ugradyldy. Kärhanada pomidor goýaltmasyny öndürmek işine hem girişildi. 

  Kerkidäki «Ýakyn dost» hojalyk jemgyýeti hem döwrebap önümçilik kärhanasyna eýe. Her ýylda 1 million şertli gaba çenli önüm öndürmek mümkinçiligi bolan kärhanada geçen aýda işleriň has ilerländigini aýtmak gerek. Bu ýerde diňe iýun aýynda gaplanan şerbet 62 müň, mürepbe bolsa 31 müň gapdan geçdi. Bu bolsa ýylyň birinji ýarymynda edilen işiň agramly bölegine deňdir. Hojalyk jemgyýetinde arassa tebigy önümçilige aýratyn üns berilýär. Tomsuň gelip, dürli bakja we gök ekinleriň hasyla durmagy bilen bu ýerdäki önümçiligiň gerimi hem giňeýär. Şonuň üçin hojalyk jemgyýetinde şu günler işler has gyzgalaňly dowam edýär. 

                                                                   

Önümçilik kärhanasy Çärjew etrabynda ýerleşýän «Miwe merkezi» hojalyk jemgyýetinde bolsa ýylyň birinji ýarymynda 374 müň gapdan gowrak gök önüm taýýarlanylyp, bereketli bazarlarymyza ugradyldy. Şunça önümiň 46 müň gabynyň geçen aýda taýýarlanandygyny hem aýtmak gerek. Kärhananyň ýyllyk kuwwaty 500 müň gap önüm bilen şertlendirilýär. Ýöne maglumatlar diňe alty aýlyk işiň meýilnamadakydan has kändigini görkezýär. 

                                                                   

Bu işe Kerki etrabynyň «Şypaly önümler» daýhan hojalygy hem goşant goşýar. Şu ýyl bu hojalykda gök önümleriň 17 müň gapdan gowragy alyjylara ugradyldy. 

                                                                   

Umuman, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31-nji ýylynyň birinji ýarymynda gündogar sebitde 573 müň gapdan gowrak gaplama önümler taýýarlanypdyr. Şunça işiň üçden birinden hem gowragy — 165 müň gaby bereketli tomsuň gelmegi bilen edilen işdir. Tomus gaýnan gazanlar — gyşyň bereket çeşmesi.  

                                                                                                           

Agageldi ITALMAZOW.