Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny ýüzümize sylyp, uly höwes bilen okadyk. Ol bir gezek okalyp goýulýan kitaplardan däl. Ol — biziň ýankitabymyz. Şonuň üçin oňa gaýta-gaýta ýüzlenýäris. Ondaky türkmen ýaşlarynyň bitiren işleri, geljekde olaryň öňünde durýan wezipeler, milli ýörelgeler, Watan mukaddesligi baradaky nurana jümleleri her günki işimiz üçin ýörelgä öwürýäris. Kärimiz çagalara, ýaş nesle, diýmek, geljegimiziň eýelerine bilim hem terbiýe bermekden ybaratdygy sebäpli, bu kitap biziň üçin has-da gymmatly. Biz Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryny hem öz işimizde dowamly ulanýarys. Indi ol kitaplaryň üstüni Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilkinji kitaby ýetirdi.
Hormatly Prezidentimiz öz kitabynda şeýle belleýär: «Terbiýe we tejribe — ynsan ykbalynyň goşa ganaty. Alan terbiýämiz ykbalymyza, alnymyza täsir edýär. Amal edýän her işimiz tejribämize öwrülýär». Bu sözler biziň öz işimize bolan ynamymyzy, söýgimizi artdyrýar. Bu jümlelerden her kim özüne geregini alýandyr. Biziň üçin bolsa bu jümleler bilim-terbiýeçilik edaralarynda zähmet çekýänleriň, mugallymlaryň hem terbiýeçileriň işine berlen örän adalatly baha bolup görünýär. Biz — mugallymlar ösüp gelýän nesle terbiýe berip, olara durmuş tejribämizi hem geçirýäris. Netijede, Watanyň geljekki eýelerine, ýagny öz uçurym etjek oglan-gyzlarymyza goşa ganat berýäris. Elbetde, olar şondan soňam ýene bekemeli, kämilleşmeli. Ýöne Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, maşgala we okuw-terbiýeçilik ýerleri, mekdepler nesilleriň il-ýurdumyza mynasyp adamlar bolup ýetişmeginde uly ähmiýete eýedir.
Ýaşlarymyzyň ýurdumyzyň durmuşyna işjeň gatnaşygy, halkara derejede geçirilýän bäsleşiklerde, sport ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri, dünýäniň dürli künjeklerinde guralýan iri forumlara, halkara ylmy maslahatlara gatnaşmaklary barada hormatly Prezidentimiziň kitabynda buýsanç bilen bellenilýär. Ähli ulgamlarda ýaşlaryň orny bar. Türkmen ýaşlary — Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurduň buýsançly ýaşlary. Olar dünýäniň islendik künjeginde eziz ýurdumyzyň adyndan buýsanç bilen söz sözleýärler. Dürli bäsleşiklere gatnaşýarlar. Iri sport ýaryşlarynda ýeňiji bolup, türkmen döwletiniň baýdagyny belentde parladýarlar. Ýaşlaryň buýsanç eýeleri bolmagyna, bilimleri berk ele almagyna, sportuň dürli görnüşleri boýunça özlerini görkezmegine esas bolýan zatlar bar: olar üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilen. Olar Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen gurşalyp alnan. Ýaşlar muňa juda gowy düşünýärler we özleri hakyndaky bu aladalara bilimleri, hünärleri, dürli ugurdaky başarnyklary bilen jogap bermäge çalyşýarlar. Hormatly Prezidentimiz: «Men «Watan» we «halk» diýen mukaddes sözleriň ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuş şygaryna öwrüljekdigine, olaryň ata-ene we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn» diýýär. Bu ynam ýaşlar üçin mukaddesdir.
Hormatly Prezidentimiziň kitaby, elbetde, ozaly bilen, ýaşlarymyza bagyşlanan. Şonuň bilen birlikde, ol berkarar döwletimiziň saýasynda bagtly durmuşyň hözirini görýän, geljege uly umyt bilen garaýan bütin halkymyza bagyşlanandyr diýesimiz gelýär. Sebäbi munda biri-birinden aýry zat ýok. Çagalar, ýaşlar, uly nesil... — bularyň ählisi bir bitewi göwre, bir ykbal. Bularyň ählisini bir maksat birleşdirýär. Bularyň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerinden ruhlanyp, Watanymyzy gülletmäge, ýurdumyzda agzybirligiň, parahat durmuşyň mydama höküm sürmegine hyzmat edýärler.
Milli Liderimiz hormatly Prezidentimiziň kitaby barada gymmatly pikirlerini aýdyp, şeýle diýdi: «Baý many-mazmunly bu kitabyň geljekde diňe bir ýaşlarymyz üçin ýol-ýörelge bolman, eýsem, ähli ýaşdaky watandaşlarymyzda-da uly gyzyklanma döretjekdigine, kitapdaky görkezilen ugurlaryň usulyýet hökmünde biziň her birimiziň işimizde gymmatly gollanma boljakdygyna berk ynanýaryn». Gahryman Arkadagymyzyň bu sözleri biz — mugallymlar üçin ýol-ýörelgedir.
Güljeren MYRADOWA,
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň müdiri.