Telekeçiniň işi ileri

Telekeçi Döwletmuhammet Annadurdyýewiň ýolbaşçylyk edýän «Türkmen şöhle» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzalarynyň biridir. Bu hojalyk jemgyýeti önümleriň 160-dan gowrak görnüşiniň önümçiligini ýola goýup, häzirki döwürde içerki bazarlary plastmas önümleri bilen üpjün etmekde guwandyryjy işleri alyp barýar. Ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmäge berilýän goldawlardyr ýeňilliklerden ýerlikli peýdalanýan kärhananyň önümleri bu gün paýtagtymyz Aşgabadyňdyr welaýatlarymyzyň söwda nokatlarynyň tekjelerine bezeg berip, alyjylaryň ýokary isleglerinden peýdalanýar. Hojalyk jemgyýetiniň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän önümçilik kärhanasy üç sehden we goşmaça otaglardan ybarat bolan binalary özünde birleşdirýär.

Hytaý, Taýwan, Germaniýa ýaly döwletleriň ýokary tehnologik enjamlary ornaşdyrylan zawodyň önümçilik kuwwaty bu gün diňe içerki bazary däl, eýsem harytlaryň eksport ugruny üpjün etmäge-de mümkinçilik berýär. Şonuň üçin-de, ugurtapyjy telekeçiniň irginsiz tagallalary netijesinde «Türkmen şöhle» haryt nyşanly önümleriň ençeme görnüşi bu gün Russiýa Federasiýasyna, Belarus Respublikasyna, Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna, Owganystan Yslam Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna eksport edilýär. Şonuň bilen birlikde-de, kärhanada ýola goýlan iş düzgüni we täze gözlegler diňe bir taýýar önümleriň eksportynydyr içerki söwdasyny ýola goýmagy üpjün etmän, eýsem, alyjylaryň isleglerine görä haryt önümçiligini amala aşyrmaga-da mümkinçilik berýär. Şonuň netijesinde, häzirki döwürde kärhana sargytlaryň dürli görnüşlerini kabul edip, olary öz wagtynda hem-de ýokary hil derejesinde ýerine ýetirmek bilen, müşderileriň ýokary ynamyny gazanýar. Bu bolsa, olara täze bazarlarda orun almaga şert döredýär.

Häzirki döwürde işçi hünärmenleriň 200-e golaýynyň zähmet çekýän ýeri bolan bu önümçilik kärhanasynda işler iki çalşykda amala aşyrylýar. Işgärleriň işlemegi, dynç almagy, naharlanmagy üçin ähli mümkinçilikleri döreden telekeçi, öndürilýän önümleriň hiline, ekologiýa taýdan howpsuzlygyna, olardaky reňkleriň sazlaşygyna aýratyn ähmiýet berýär.

«Türkmen şöhle» hojalyk jemgyýetiniň direktorynyň maliýe hasabatlary boýunça orunbasary Arslan Annadurdyýewiň aýtmagyna görä, häzirki wagtda kärhananyň önümçilik kuwwaty polietileniňdir polipropileniň müňlerçe tonnasyny gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär. Kärhanada öndürilen plastmas önümleri welaýatlardaky lomaý satyn alyjylaryň üsti bilen alyjylara ýetirilýär, şeýle-de bölek satuw dolanyşygy-da ýola goýuldy. Hojalyk jemgyýeti daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hem söwdany ýola goýdy. Şonuň netijesinde daşary ýurtlaryň birnäçesinde söwda öýleri-de açyldy.

«Türkmen şöhle» hojalyk jemgyýetiniň önümleri ýokary hil şahadatnamalaryna eýedir we bu hünärmenlerimiziň işine berlen mynasyp bahadyr. Sebäbi kärhananyň hünärmenleri önümçiligi yzygiderli kämilleşdirmek, innowasiýalary girizmek, önümçilik tehnologiýalaryna ykjam çemeleşmek bilen baglanyşykly wezipeleri mynasyp derejede amala aşyrýarlar.

Plastik önümlerini öndürýän kärhana häzirki wagtda çaga oýunjaklaryny, plastmas gaplary, hojalyk harytlaryny we plastik mebelleri satyn alyjylara hödürleýär. Harytlaryň görnüşleri müşderileriň islegine laýyk ýerine ýetirilýär we hemişe täzelenip durulýar. Bu bolsa müşderileriň göwnüni tapmaga mümkinçilik berýär.

Önümlere çig mal bolup hyzmat edýän polipropilendir polietileniň öz ýurdumyzda öndürilýändigi we olaryň elýeterli bolmagy kärhanada iş depgininiň ýokary bolmagyny, önümleriň bahalarynyň elýeterliligini üpjün edýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň daşary döwletlerden getirilýän önümleriň önümçiligini öz ýurdumyzda ýola goýmak bilen bagly tabşyryklarynyň aýdyň netijeleridir.

Ysmaýyl TAGAN,

žurnalist. SURATLARDA: kärhananyň işinden pursatlar.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/29269