ÖNDÜRIJILIK WE HIL — BAŞ WEZIPE
Häzirki wagtda ýurdumyzyň hemme ýerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda-da işewürleriň ähli başlangyçlarynyň döwlet tarapyndan goldanylmagy netijesinde, kiçi we orta telekeçiligiň tutýan orny has berkedi. Işewürler önümçiligi artdyrmak, goýberilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak ýaly möhüm meseleleri üstünlikli çözüp, täze iş orunlaryny döredýärler, bazar gatnaşyklary şertlerinde önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, milli ykdysadyýetimiziň bedew batly ösüşine saldamly goşantlaryny goşýarlar.
Soňky ýyllarda sebitleriň oba hojalyk pudagynda hususy telekeçilik işi has giň ýaýrady. Bu ýagdaý oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň artmagyna, ýerli bazarlarymyzy azyk önümleri bilen doldurmaklyga giň mümkinçilik açýar. Daýhan hojalyklary, hususy oba hojalyk önümlerini öndürijiler uzakmöhletleýin bölünip berlen ýerlerde gök ekinleri ösdürip ýetişdirmek ugrunda giň gerimli işleri ýerine ýetirýärler. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, Gurbansoltan eje adyndaky etrapdan ýer eýesi Döwran Esenow hem bar. Diňe bir geçen ýylyň özünde bu telekeçi özüne bölünip berlen 578 gektar ýerden ýeralmanyň sekiz müň tonnasyny ýygnap almagy başardy. Şol bir wagtyň özünde bu telekeçi soganyň, pomidoryň, käşiriň hem-de bakja önümleriniň ýokary önümli görnüşlerinden bol hasyl aldy.
Şeýle hususy önüm öndürijileriň hataryna Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda hereket edýän «Ykbal açary» hojalyk jemgyýetini-de goşmak bolar. Jemgyýetiň agzalary oba hojalygyna niýetlenen ýerlerde bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirdiler. Bu ýerde geljekde tüwini arassalaýjy we un öndüriji kiçi kärhanalary gurmak hem meýilleşdirilýär. Bugdaýy we oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmek bilen daýhan hojalyklarynyň başga-da birnäçesi meşgullanýar.
Welaýatymyzyň telekeçileri ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde azyk önümlerini öndürmek boýunça düýpli üstünlikleri gazandylar. Gubadag etrabynda ýigrimi ýyldan gowrak wagtdan bäri hereket edýän «Peýnirçi» hususy kärhanasy içerki sarp ediş bazarlarymyzda öz öndürýän ýokary hilli süýt önümleri bilen uly abraý gazandy. Kärhanada Germaniýanyň belli kompaniýalary tarapyndan öndürilen, ýokary öndürijilikli, kämil tehnologiýalar ornaşdyrylyp, olar doly güýjünde işledilýär. Şeýle bolansoň, bu ýerde öndürilýän peýniriň, gatygyň, doragyň we beýleki süýt önümleriniň dürli görnüşleri sarp edijileriň arasynda uly islegden peýdalanýar. Hususy önüm öndürijiler çykarýan harytlary bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň guraýan sergilerine hem ençeme gezek gatnaşdylar.
Ýurdumyzyň ähli işewürleri ýaly, welaýatymyzyň telekeçileriniň işleriniň-de köpugurlydygyny bellemek gerek. Olaryň öndürýän önümleriniň köp görnüşleriniň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan guralýan sergilerde, gözden geçirilişlerde baýrakly orunlara mynasyp bolýandyklaryny-da aýtmak gerek. Görogly etrabynda hereket edýän «Ýyldyrym» hususy kärhanasynyň çörek we konditer önümleri etrabyň sarp edijileriniň arasynda uly islegden peýdalanýar. Bu ýerde ornaşdyrylan, Ýewropa döwletlerinde çykarylan tehnologik enjamlaryň ygtybarly peýdalanylmagy netijesinde, täze bişen çörek we konditer önümleriniň uly tapgyry söwda nokatlary arkaly ilata hödürlenýär.
Hususy önüm öndürijileriň ýaýrawynyň barha giňeýändigi-de guwandyrýar. Etraplaryň ählisinde diýen ýaly, dürli görnüşli azyk önümlerini öndürýän hususyýetçileriň sany barmak büküp sanardan kän. Olaryň tutanýerli zähmeti bilen içerki bazarlarymyzda azyk bolçulygy üpjün edilýär.
Öre HOJAÝEW,
öz habarçymyz.