Üstünlikli menziller
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen tutumly işleriň bady artýar. Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda ykdysady, syýasy, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenilen giň möçberli wezipeleri amala aşyrmakda tutumly işleriň gerimi giňeýär.
Şeýle wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmeginde ýurdumyzyň telekeçilerine uly orun degişlidir. Soňky ýyllarda hususyýetçilere döwlet tarapyndan berilýän goldaw--ýardamyň netijesinde döwlete degişli bolmadyk çygyr ösüşli döwri başdan geçirýär. Bu bähbitli ýagdaý welaýatymyzda-da giň gerime eýe bolup, telekeçilerimiz harytlaryň we önümleriň bolçulygyny döretmekde, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyryp, hilini ýokarlandyrmakda uly işleri bitirýärler. Täze iş orunlary peýda bolýar. Guwançly ýerem, telekeçilik milli ykdysadyýetimizde kuwwatly öndüriji güýç hökmünde öňe çykýar. Indi hususyýetçilerimiziň öndürip, ilata hödürleýän önümleridir harytlary il-günümiziň uly islegine mynasyp bolýar.
Mary şäherinde ýerleşýän “Mary deri--aýakgap” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň “Röwşen” hususy kärhanasynyň zähmetsöýer adamlarynyň yhlas-tagallalary bilen ilata ýokary hilli aýakgap önümleri hödürlenilýär. “Röwşen” hususy kärhanasynyň bölümlerinde taýýarlanylýan aýakgap önümlerine uly isleg bildirilýär. Bu hususy kärhananyň aýakgap önümlerine diňe bir welaýatymyzyň çäginde däl, eýsem, güneşli Diýarymyzyň çar künjeginde hem isleg hemişe ýokary. Sebäbi, “Röwşen” hususy kärhanasynyň diňe bir uly ýaşly adamlar üçin däl, eýsem, 1-11-nji synplarda okaýan mekdep okuwçylary üçin niýetlenen aýakgap önümleri hem alyjylarda uly isleg döredýär. Şeýle islegiň sebäbem aýakgaplaryň berkdiginden, gelşikliliginden, rahatlygyndan ybaratdyr. Ýene bir bellemeli zat, “Röwşen” hususy kärhanasynyň mekdep okuwçylary üçin tikýän ýokary hilli aýakgaplary ýurdumyzda geçirilýän söwda ýarmarkalarynda alyjylaryň uly isleginden peýdalanýar. “Röwşen” hususy kärhanasynyň aýakgap önümlerinden başga-da, dürli görnüşli egin-eşikleriň tikilip, ilata hödürlenilmeginde uly işler bitirilýär. Has takygyny aýtsak, gürrüňi edilýän hususy kärhanada telekeçileriň buýurmalary esasynda çagalar üçin ýylyň her paslyna laýyklykda egin- -eşiklerini, sport lybaslaryny taýýarlamak ýola goýuldy. Şeýle hem bu ýerde eýeçiligiň dürli görnüşlerindäki kärhanalaryň buýurmalary esasynda işgärleriň gyşky we ýazky egin-eşikleri tikilýär. Şeýle önümleriň hiliniň hemişe talaba laýyk bolmagy bolsa, gürrüňi edilýän kärhananyň işgärleri üçin hökmany ýörelge bolup durýar. Hususy kärhanada ýokary iş öndürjiligini gazanmak maksady bilen önümçiligiň öňdebaryjy tehnologiki enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Gürrüňi edilýän hususy kärhananyň sehlerinde Germaniýanyň, Ýaponiýanyň ýokary öndürijilikli tikin maşynlarynyň gurnalyp, işe girizilmegi gowy netijeleriň gazanylmagyna ýol açdy.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji günlerinden ýokary netijeleri gazanýan “Röwşen” hususy kärhanasynyň işgärleri döredijilikli zähmet çekýärler. Öndürijilikli zähmet bolsa ösüşli ýolumyzyň, döwletli döwranymyzyň kepilidir.
Baýram AMANOW.
«Maru — şahu jahan».
SURATDA: “Röwşen” hususy kärhanasynyň önümleri.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.