Telekeçileriň toý sowgady

Hormatly Prezidentimiziň: «Asylly däbimize eýerip, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň öň ýanynda güneşli Diýarymyzyň obadyr şäherlerinde bilimler baýramçylygyna gabatlap, täze orta mekdepleri dabaraly açýarys, joşgunly aýdym-sazly çäreleri geçirýäris» diýip belleýşi ýaly, täzelenişiň we ösüşleriň baýramynda açylyş dabaralary biri-birine utgaşdy.

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda 960 orunlyk, Änew şäherinde 720 orunlyk, Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda 960 orunlyk, Tejen etrabynyň Babadaýhan geňeşliginde 640 orunlyk, Babadaýhan etrabynda 960 orunlyk, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Çowdur geňeşliginiň Saýatly obasynda, şeýle-de Lebaby geňeşliginiň Guşçy obasynda 600 orunlyk umumybilim berýän mekdepleriň açylyş dabaralary uly ruhubelentlige beslendi. Olaryň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Ussat inžener», «Myradym», «Ussa Tirkeş», «Döwletli dostlar» hususy kärhanalary alyp bardylar. Täze mekdepler häzirki zaman kompýuterler, okuw-tehniki enjamlar, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edildi. Olar sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan özgertmelerden ugur alnyp, döwrebap enjamlaşdyryldy. Mundan başga-da, gurluşyk işlerinde ýerli gurluşyk serişdeleriniň, içki bezeglerde hem milli önümlerimiziň ulanylandygy aýratyn bellenmäge mynasyp.

Döwletimiziň ýakyndan goldaw bermegi netijesinde, türkmen işewürleri durmuş-medeni maksatly desgalary, senagat kärhanalaryny, döwrebap söwda toplumlaryny gurýarlar. Hormatly Prezidentimiziň: «Türkmen telekeçileri şäherleri gurmaga ukyplydyr» diýen ganatly sözlerinden ruhlanýan telekeçiler Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň we beýleki iri desgalardyr binalaryň gurluşyklarynda hem yhlasly işleýärler.

Şanly ýylda täze açylyp, ulanmaga berilýän binalardyr desgalar ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, öňdebaryjy bilimlere we innowasiýalara daýanyp, Garaşsyz Watanymyzyň okgunly ösdürilýändiginiň nyşanyna öwrülýär. Ýakyn wagtlarda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli, hususyýetçileriň guran hassahanalarynydyr saglyk öýlerini hem açyp ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Durmuş maksatly desgalardyr binalaryň gurluşyklarynyň ýurdumyzyň çar künjeginde ýaýbaňlandyrylmagy halkymyzyň bagtyýarlykda ýaşamagynyň döwlet syýasatynyň baş maksadydygyny görkezýär.

«Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgeden ugur alyp, eziz Diýarymyzy ösüşleriň ak ýoly bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Döwlet MÄMMETESENOW,

«Dor bedew» hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/39538