Telekeçileriň batly gadamlary

Hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň dekabr aýynyň başynda geçen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde gol çeken «Dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurduň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini peseltmek hem-de milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek boýunça 2022-nji ýyl üçin Maksatnamasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy ata Watanymyzyň ykdysadyýetde gazanan üstünliklerini ýaňy başlanan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda has-da berkitmek, ony mundan beýläk-de ýokary derejelere götermek babatdaky toplumlaýyn çäreleri öz içine alýar. Şonda esasy ünsüň ýurdumyzyň dürli pudaklaryna, döwlet we telekeçilik kärhanalaryna degişli goldawlary bermek, şeýlelikde, olaryň berjaý edýän işleriniň netijeliligini gowulandyrmak bilen, halkymyzyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendigini bellemek bolar. Munuň özi täze ösüşleriň esasynda abadan ýaşaýşyň kepili bolup durýar.

Elbetde, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň telekeçilik düzümleriniň milli ykdysadyýetimiziň ygtybarly daýanjynyň birine öwrülendigi hakykatdyr. Sebäbi olar soňky ýyllarda oba hojalygynda, senagatda, gurluşykda, söwda, durmuş hyzmatlarynda we beýleki ugurlarda amala aşyrylýan işlere içgin goşulmak bilen, olarda ýetilýän belent sepgitlerde özleriniň mynasyp paýyna eýe bolýarlar. Şoňa görä-de, agzalan Maksatnamada bellenilişi ýaly, häzirki döwürde telekeçilik ulgamyna ýardam berilmegi onuň ýene-de guwandyryjy ösüşleriniň girewidir.

Belli bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz şu geçen döwürde Türkmenistan döwletimizde telekeçiligi ösdürmek barada ençeme möhüm Kararlary kabul etdi, degişli görkezmeleri, tabşyryklary berdi. Olaryň hatarynda 2012-nji ýylda tassyklanylan «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda», 2018-nji ýylda gol çekilen «Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak barada» Kararlary, telekeçileri oba hojalyk önümçiligine çekmek baradaky tabşyryklary mysal getirmek bolar. Şeýle tagallalar bu ugurda alnyp barylýan işleriň geriminiň has-da giňemegine, netijeliliginiň ýokarlanmagyna, şunlukda ulgamyň häzirki belent derejesine çenli rowaçlanmagyna ýol açdy.

Häzirki döwürde telekeçilik ulgamy ýurdumyzda uly güýje, ygtybarly daýanja öwrüldi. Ýokarda belleýşimiz ýaly, ol bu gün tas ähli pudaklarda diýen ýaly hereket edýär. Muny biz tutuş ýurdumyzyň, şol sanda öz welaýatymyzyň mysalynda hem aýdyň görýäris. Çünki soňky ýyllarda amala aşyrylýan gurluşyk işleriniň esasy bölegini türkmen telekeçileri ýerine ýetirýärler. Mysal üçin, Daşoguz şäherinde geçen ýylyň tomsunda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde açylan «Türkmeniň ak öýi» binasyny «Röwşen» hususy kärhanasy gurdy. Häzirki döwürde welaýat köpugurly hassahanasynyň, onkologiýa merkeziniň gurluşyk işlerini «Ajaýyp gurluşyk» hususy kärhanasynyň işçi-hünärmenleri ýokary depginde dowam etdirýärler. Şu mahala çenli ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesini ulanmaga beren «Atalykgurluşyk», «Körpegurluşyk», «Göllibaý» we beýleki hususy kärhanalar hem agzalyp geçmäge mynasypdyr.

Welaýatymyzda halkymyzyň dürli görnüşli azyk önümleri bilen ýeterlik üpjün edilmegine saldamly goşandyny goşýan telekeçilik kärhanalary-da az däl. Olaryň biri hökmünde «Ýüpekýolygurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň garamagyndaky «Şawat» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bitirýän hyzmaty örän uly bolup durýar. Çünki bu kärhanada her günde 15 tonna golaý süýt kabul edilýär hem-de ol gaýtadan işlenilip, süýt önümleriniň onlarça görnüşi, ýagny duzly peýnir, dorag, mesge ýagy, gatyk, gaýmak we beýleki önümler halkymyzyň saçagyna ýetirilýär. Şonuň ýaly-da Gubadag etrabyndaky «Peýnirçi» hususy kärhanasynyň süýt-peýnir, Görogly etrabyndaky «Ýyldyrym» hususy kärhanasynyň çörek-petir, S.A.Nyýazow adyndaky etrapdaky «Altyn gala» hususy kärhanasynyň ýyladyşhanada öndürýän gök önümlerine bolan isleg örän ýokarydyr.

Welaýatymyzda senagat, gurluşyk, bezeg önümlerini öndürýän telekeçilik kärhanalarynyň sanynyň hem barha artýandygyny bellemek ýerlikli bolar. Daşoguz şäherinde hereket edýän «Hilal», «Şa-Nur», Görogly etrabynda iş alyp barýan «Ynsan kalby» we başga-da ençeme hususy kärhanalaryň halkymyza hödürleýän şeýle önümleri ýokary hilliligi, elýeterliligi bilen hyrydarlaryň göwünlerine ýaraýar.

Ýokarda nygtap geçişimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekýän telekeçileriň alyp barýan işlerine ýokary baha, uly goldaw-kömekleri berýär. Şeýle aladalaryň netijesinde, olaryň gazanýan üstünlikleri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň has-da pajarlap ösmegine saldamly goşant bolýar.

Ýörite habarçymyz.