Düýn Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli sergi hem-de maslahat öz işine başlady. Şu gün hem dowam edýän foruma hususyýetçileriň 200-den gowragy gatnaşyp, dürli ugurlar boýunça alyp barýan işleri, önümleridir hyzmatlary bilen tanyşdyrýarlar.
Biz ýurduň altyn gaznasyna deňelýän hususy pudagyň wekilleriniň käbiriniň beren gürrüňlerini ýazga geçirdik.
Aman BAÝRAMOW,
«Milli ulgam» hojalyk jemgyýetiniň baş direktory:
— Türkmenistanyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisine ilkinji gezek gatnaşýan hojalyk jemgyýetimiz 2021-nji ýylda döredildi. Forumyň ilkinji güni biziň üçin örän netijeli bolup, alyp barýan işlerimize uly gyzyklanma bildirdiler, hyzmatdaşlyk teklipleri hem köp boldy.
«Milli ulgam» hojalyk jemgyýetiniň edara binasy Aşgabat şäheriniň Parahat etrapçasynda ýerleşýär. Kärhanamyzda 40 töweregi işgär zähmet çekýär. Iş ugrumyz «akylly» öýleri dolandyrmak, «akylly» şäherler üçin programma üpjünçilik ulgamlaryny we enjamlary taýýarlamak, olara hyzmat etmek bilen bagly. Bu babatda Germaniýanyň, Günorta Koreýanyň, Singapuryň, Türkiýäniň, Russiýanyň iri kompaniýalary bilen işleşýäris.
Enjamlarymyzyň, esasan, ýurdumyzda ýygnalmagy howpsuzlyk tarapyndan ygtybarlydyr. Şu ýerde ýollarda howpsuzlygy üpjün etmek, gözegçiligi alyp barmak boýunça önümlerimize, şol sanda «Akylly peýkam» modully gözegçilik enjamymyza gyzyklanma uly boldy.
Häzirki wagtda «akylly» dolandyryş babatda «Yandex» bilen hem hyzmatdaşlyk edýäris. Geljekde «akylly» öýler üçin türkmen dilinde dolandyryjy ulgamy döretmegi meýilleşdirýäris.
Azat GURBANOW,
«Kanagatly nesil» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy:
— Oba hojalygy we azyk senagaty serginiň işiniň esasy ugurlarynyň biridir. Onda hususy kärhanamyz pawlowniýa nahallaryny, stewiýany ösdürip ýetişdirmek, kakadylan we gaplanan göýül, hurma önümlerini taýýarlamak boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdy. Örän girdejili agaç bolan pawlowniýanyň «Tomentosa», «Shang tong», «9501», «9502», «Pao Tong Z 07» ýaly ýerli şertlere laýyk gelýän görnüşlerini, şol sanda gibridlerini ösdürip ýetişdirýäris.
Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyndaky göýül ösümligini medenileşdirmek baradaky başlangyçdan ugur alyp, onuň tohumyny ýygnap, ekip ýetişdirýäris. Göýlüň açylmadyk gunçalaryna hem-de miwelerine Ýewropada uly isleg bildirilýär. Şeýle islegli önümlerden stewiýanyň «Corella», «Lewent 93» görnüşlerini Türkiýe, Ýaponiýa döwletlerinden getirip, nahallaryny ýetişdirdik. Netijeler gowy bolsa, geljekde onuň meýdanyny has-da giňeltmek göz öňünde tutulýar. Bu ösümlikden şekeri çalyşýan we ondan birnäçe esse güýçli bolan stewiozid alynýar.
Kärhanamyzda müňlerçe düýp tut nahaly hem ýetişdirilýär. Täze görnüşli tutlarymyz uly hem-de ýumşak ýaprakly bolup, ýylda iki gezek ýüpek gurçuklaryny idetmäge mümkinçilik berýär. Onuň gektaryna 10 müň 400 düýbüni ekip ýetişdirmek mümkin. Tuduň täze görnüşiniň ykdysady ähmiýetli ömri 15 ýyla barabardyr.
Wepa ERKEŞLIÝEW,
«Adyl açar» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy:
— Biziň 2017-nji ýylda döredilen kärhanamyz Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýär. «Adyl açaryň» esasy işi innowasiýalary ornaşdyrmak bolup, 30-dan gowrak hünärmenimiz bu ugurda döredijilikli işleýär.
2020-nji ýyldan bäri «e-bilim» atly okuw platformasyny ösdürýäris. Bu platforma ýurdumyzda bilimiň many-mazmunyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere mynasyp goşandymyz bolup, onda orta mekdepler, orta hünär okuw mekdepleri üçin niýetlenen, şeýle-de ussaçylyk, hünärmentçilik boýunça okuwlar ýerleşdirilen. Türkmen, rus, iňlis dillerindäki wideoýazgy görnüşli okuwlary tejribeli mugallymlar, ussadyr hünärmenler bilen bilelikde taýýarlaýarys.
Hünärmenlerimiz onuň kompýuterde, el telefonlarynda ulanmaga niýetlenen görnüşlerini taýýarladylar. Geljekde ony ýurdumyzyň bilim ulgamynda işjeň ulanmak, bilelikde işleşmek boýunça hödürnamany hem taýýarladyk.
Häzirki wagtda onlaýn wideoaragatnaşyk programmasyny-da işläp düzýäris. Onuň şu platforma birikdirilmegi bilen, uzak aralykdan çärelere, okuwlara gatnaşyp bolar.
Hojaguly MUHAMMETNUROW,
«Derýaplastik» hojalyk jemgyýetiniň inženeri:
— Serginiň bölümleriniň aglabasynda täze önümleri, başlangyçlary görmek bolýar. Munuň özi hususyýetçileriň ýyl-ýyldan kämilleşýändigini, hemişe gözlegdedigini aňladýar. Biz hem şu ýylyň başynda alýuminden öý ýyladyjy batareýleri öndürip başladyk. Onuň dürli görnüşlerini sergä getirdik. «Derýaplastik» hojalyk jemgyýeti 2008-nji ýylda önümçilige girişende, diňe plastik önümleri öndürip başlapdy. Bu günki günde önümlerimiziň görnüş sany 1200-e golaýlaýar. Önümçilikde 500-den gowrak işgär zähmet çekýär.
«Derýakeramika» sanfaýans we keramika önümlerimiz, 30 — 300 litr aralygyndaky «Ýylyderýa» suw ýyladyjylarymyz hem islegli önümlerdir. Bulardan başga-da, «Derýaplastikde» agyz suw, lagym turbalary, olaryň birikdiriji, sepleýji bölekleri, asma petikleri, penjire we gapy profilleri, elektrik gutular, elektrik geçiriji kabeller öndürilýär. Olar onlarça döwlete eksport edilýär.
Sergi gyzykly we guramaçylykly dowam edýär. Oňa gatnaşyjylara üstünlikleri arzuw edýäris.
Şatlyk BABAÝEW,
«Algap» hususy kärhanasynyň önümçilik müdiri:
— Sergide «Algap» hususy kärhanasynyň plastik önümlerini hem-de «Senagattehnologiýalary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň düzüminde öndürilýän kompozit armaturalaryny görkezýäris. Häzirki wagtda kompozit armaturalarynyň nusgalyk tapgyry öndürilip, oňa degişli döwlet edaralaryndan hil, laýyklyk we howpsuzlyk güwänamalary alyndy.
Kwars çägesinden aýna süýümini öndürmek we ondan polat armaturanyň ýylda 15 müň tonnasynyň ýerini tutýan, dürli ölçegdäki kompozit gurluşyk armaturasyny öndürmek, şeýle-de bazalt daşyndan süýüm alyp, armatura öndürmek meýilleşdirilýär.
Önümçilik kärhanamyz Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Senagat zolagynda ýerleşýär. Onuň enjamlary Russiýa Federasiýasyndan getirildi.
Sergide diametri 4 — 35 millimetrlik dürli görnüşli kompozit armaturalarymyza gyzyklanma uly boldy. Sebäbi bu önüm poslamaýandygy, demirden 11 esse ýeňildigi, elektrik toguny geçirmeýändigi, şeýle-de aragatnaşyk tolkunlaryny gowy geçirýändigi bilen tapawutlanýar. Ol desgalaryň, binalaryň, ýoldur köprüleriň gurluşygynda ulanmaga amatlydyr.
Ýazga geçiren Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
«Türkmenistan». Surata düşürenler Ilaman ÇÜRIÝEW, Hasan MAGADOW.