GÖWÜNLERI GALKYNDYRAN PURSATLAR
Hormatly Prezidentimiziň golaýda welaýatymyza iş saparynyň çäklerinde Görogly etrabynyň Türkmen ýoly geňeşliginiň çäginde hereket edýän «Işewür topar» hojalyk jemgyýetiniň guşçulyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyş bolmagy Garaşsyz ýurdumyzda telekeçilik ulgamyny ösdürmäge berilýän uly ünsüň, azyk bolçulygynyň döredilmegi ugrundaky giň gerimli aladalaryň anyk nyşanyna öwrülip, bu ýerde zähmet çekýän adamlaryň kalbyny joşa getirdi. Bu olaryň ýürek buýsançlarynda, häzirki günlerde öz işlerine has-da yhlasly ýapyşýandyklarynda aýdyň ýüze çykýar.
— «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylymyzyň ilkinji aýynda milli Liderimiziň guşçulyk toplumymyza Şa gadamynyň düşmegi hemmämiziň başymyzy göge ýetirdi — diýip, toplumyň ýolbaşçysy Öremyrat Sopyýew öz guwanjyny beýan etdi: — Şeýle uly hormat-sarpasy, biz — telekeçilere berýän kömek-goldawlary üçin Arkadag Prezidentimize hoşallygymyzyň çägi ýok. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Belli bolşy ýaly, ýylda 300 tonna guş etini öndürmäge mümkinçiligi bolan bu toplumda öňde goýlan wezipäniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şonuň netijesinde bu ýerde her ýyl 6 tapgyryň dowamynda 210 müň sany jüýje saklanylyp, 40 — 45 günüň dowamynda ete geçirmäge ýaramly towuklar kemala getirilýär.
Umumy meýdany 3 gektardan ybarat bolan toplumda ýaş jüýjeleri, towuklary idetmäge niýetlenilen 3 sany ýatak bolup, olara häzirki zaman gyzdyryjy, sowadyjy, howa çalyşýan enjamlar, elektrik energiýasy, suw bilen üpjün edýän serişdeler ornaşdyrylypdyr. Şonuň ýaly-da, bu ýerde towuklary soýmak, öndürilen et önümlerini toplumyň ady ýazylan ýörite gaplara gaplamak boýunça aýratyn bölüm hereket edýär.
Toplumyň işçi-hünärmenleri guşlar üçin ýeterlik iým taýýarlamak barada-da uly alada edýärler. Munuň üçin bölünip berlen 50 gektar meýdana däneli ekinleriň birnäçe görnüşleri ekilip, olaryň bereketli hasyly ýetişdirilýär. Bu bolsa olara zerur goşundylaryň goşulmagy bilen, guşlar üçin ýokumly iýmleriň öndürilmegine şert döredýär.
Ýeri gelende, toplumda guşlara gözegçilik etmekde, olaryň berýän önümlerini ýygnamakda, taýýarlamakda ýaşlaryň ençemesiniň zähmet çekýändigini bellemek gerek. Bu ýerde bolanymyzda olaryň biri — ýaş towuk çopany Geldi Bäşimow özara gürrüňdeşlikde şeýle diýdi:
— Bu toplumyň açylmagy bilen, men we men ýaly obadaş oglan-gyzlarymyzyň birnäçesi işli boldy. Biz guş idetmegiň ýol-ýodalaryny barha içgin öwrenip, bu işde ýeterlik tejribe toplaýarys. Biziň bu ýerde işläp, oňat girdeji gazanmagymyz maşgalamyzyň rysgal-berekedini artdyrýar. Bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Arkadag Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
— Hormatly Prezidentimiz toplumda bolan mahaly ata-babalarymyzyň towugy ýedi hazynanyň biri hasaplandygy, onuň etiniň, ýumurtgasynyň ynsan saglygy üçin uly peýdasynyň bardygy hakynda aýtdy, bu ugurda alyp barýan işlerimizi has-da giňeltmek barada maslahat berdi, telekeçilere mundan beýläk hem derwaýys kömekleriň ediljekdigini belledi — diýip, guşçulyk toplumynyň ýolbaşçysy Öremyrat Sopyýew sözüni dowam etdirdi: — Bu gürrüňler, degerli maslahatlar, goldawlar bizi has-da gaýratly zähmet çekmäge ruhlandyrýar, üstümize uly borçlaryň ýüklenilýändigini tassyklaýar. Şoňa görä-de, biz öz iş depginimizi geljekde has-da güýçlendirip, halkymyza guş önümlerini ýetirmek ugrunda zähmetimizi gaýgyrmarys.
Biz — telekeçileri goldap, işlemäge ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!
Ýörite habarçymyz.
Surata düşüren Bazar TILLAÝEW.