Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sebitlerinde täze gaz ýataklaryny açyp, olary senagat taýdan özleşdirip, tebigy gazyň çykarylýan möçberlerini düýpli artdyrmak barada möhüm tabşyryklary berýär. Arkadagly Serdarymyzyň görkezmelerini ýerine ýetirmek boýunça «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan düzülen meýilnama laýyklykda «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary Mary welaýatynyň çäklerindäki täze gazly ýataklaryň birbada üçüsinde guýulary burawlamak işlerini ýaýbaňlandyrdylar. Netijede, «Şerepli» gaz ýatagynyň birinji belgili ulanyş-baha beriş guýusyndan tebigy gazyň senagat akymy alyndy.
Gaz ýatagynyň ulanyş-baha beriş guýusynyň taslama çuňlugy 2 müň 600 metre deňdir. «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary guýulary burawlamakda toplanan baý iş tejribelerine daýanyp, degişli işleri geçirdiler. Netijede, 2 müň 330 metr çuňlukdan tebigy gazyň akymy alyndy. Munuň özi geologlaryň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda egin-egne berip çeken gözlegli we döredijilikli zähmetleriniň miwesidir. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, gaz guýusy her gije-gündizde 695 müň kub metr tebigy gaz berýär.
Tebigy gazyň düzüminiň kükürt-wodorodsyz arassa bolmagy täze gaz ýatagynyň önüminiň iň esasy häsiýetli aýratynlygydyr. Önümçilik meýdançasynyň gazçylary ýakyn günlerde «Şerepli» gaz känindäki ikinji belgili ulanyş-baha beriş guýusynda burawlaýyş işlerine girişmegi meýilleşdirýärler. «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary Mary welaýatynyň çägindäki täze «Kelleli», «Ýylan» gaz känlerinde-de burawlaýyş işlerine barha giň gerim berýärler.
Welmuhammet GALANDAROW.