Tebigy baýlyklaryň hazynasy

Türkmenistanyň energetika senagaty ösüşiň durnukly ýokary depginlerini saklap, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanylýan elektroenergiýanyň eksportyny ýokarlandyrmak mümkinçiligine eýedir. Soňky ýyllarda Türkmenistan hyzmatdaşlary bilen bilelikde gündogar we günorta ugurlary boýunça birnäçe iri turbageçiriji taslamalary amala aşyrdy. Olaryň häzirki zaman global energetika howpsuzlygynyň, şol sanda türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ýetirmegiň köpşahaly ulgamynyň hasabyna döretmäge gönükdirilendigi uly ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly: «Türkmen topragy — tebigy baýlyklaryň hazynasy. Diňe ägirt uly «Galkynyş» gaz käniniň özi-de munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Türkmenistan häzirki wagtda energetika pudagynda öňden däp bolup gelýän strategik hyzmatdaşlar bilen bir hatarda öz energiýa hyzmatdaşlygyny Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar we Günorta-Günbatar ugurlary boýunça giňeltdi. Dünýäniň öňdebaryjy meşhur maliýe we nebit-gaz kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýdy».

Hormatly Prezidentimiziň esasy maksady milli ykdysadyýetiň öňünde goýan anyk wezipelerine kybap gelýän geljegi uly geleşikleri baglaşmaga we bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilendir. Şonuň bilen birlikde, ol ýa-da beýleki pudagy ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça pudaklaýyn sergileriň, ylmy-amaly maslahatlaryň, işewürler forumlarynyň geçirilmegi wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga, onuň ýagdaýyny seljermäge mümkinçilik berýär. Munuň özi önümçiligi hem harytlaryň ýerlenilmegini ösdürmek, kompaniýalaryň mahabat-maglumat işini guramak babatda öz taktikasyny we strategiýasyny ähmiýetli üýtgetmäge ýardam edýär.

Her ýylda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT) halkara sergisi we maslahaty şeýle abraýly pikir alyşmalar meýdançasyna öwrülendigini görkezýär. Her ýyl bu çärelere gatnaşmak üçin daşary ýurt döwletleriniň uly wekiliýetleri, iri kompaniýalaryň we transmilli holdingleriň top-menejerleri, alymlar, ylmy-barlag toparlarynyň, akademiki we maliýe institutlarynyň wekilleri ýurdumyza gelýärler.

Awazada geçirilen Türkmenistanyň IX Halkara gaz kongresiniň işiniň barşynda gaz ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugurlary kesgitlenildi. Energiýa serişdeleriniň iberilmegini, milli we sebit gaz ulag düzümini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, milli işgärleri taýýarlamak hem-de beýleki ulgamlarda ýakyn geljek üçin özara gatnaşyklaryň meýilnamalary bellenildi. Dünýäniň esasy kompaniýalarynyň gaz pudagynda ýurdumyz bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga çalyşýandygy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Sebäbi Türkmenistan özüni halkara bazarynda energiýa serişdelerini köp möçberde iberýänleriň arasynda geljegi uly hyzmatdaşlaryň biri hökmünde görkezdi.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durnukly ösdürmek maksady bilen, energiýa serişdeleriniň daşary ýurtlara iberilmegini diwersifikasiýa ýoly boýunça ösdürmek baradaky başlangyçlary dünýäde giň gerim alýar. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň sebit üçin strategik ähmiýete eýedigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şular ýaly ykdysady tarapdan bähbitli desgalaryň hatarynda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde tebigy gazy gaýtadan işleýän zawodyň we Gyýanly şäherçesindäki gazhimiýa toplumynyň, şeýle-de Ahal welaýatynda Owadandepede gurlup ulanylmaga berlen tebigy gazdan ýokary hilli benzin öndürýän zawodyň işe girizilmegi bu pudagyň ýokary derejede ösýändiginiň subutnamasydyr.

Türkmenistan energetika eksportunyň haryt düzümini diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara energetika işewürliginiň täze usullaryny işjeň ösdürmegiň hasabyna bazarda eýeleýän ornunyň häsiýetini-de hil taýdan düýpli özgerdýär. Ýurdumyzda birnäçe ýyl bäri işleýän «CNPC», «Edison Technologies GmbH», «Haldor Topsoe», «Allen and Overy», «Honeywell UOP», «Dragon Oil», «Exxon-Mobil», «LG International» ýaly dünýäniň esasy kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygyna we ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde ýurdumyzyň möhüm orny eýeleýändigine ynanýarlar.

Diňe bir tebigy gaz däl, eýsem, halkyň ýaşaýyş-durmuşy üçin wajyp zerurlyk bolan elektrik energiýasy bilen üpjün etmekde-de ýurdumyzda uly işler amala aşyrylýar. Ýakynda, ýagny 23-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly Ahal — Balkan ýokary woltly, iki zynjyrly täze asma elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi şu ýylyň ajaýyp wakasy boldy. Bu elektrik geçirijisi ýurdumyzyň halkalaýyn energo ulgamyny döretmek boýunça hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan iri möçberli taslamanyň birinji tapgyrydyr. Bu taslama ýurdumyzda elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrar hem-de Aşgabadyň we welaýatlaryň energo ulgamlaryny bitewi energetika halkasyna birleşdirmek arkaly, içerki sarp edijileri energiýa bilen üpjün etmegiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrar. Şeýlelikde, energetikler elektrik akymynyň dowamly barşynda energiýa toplumlaryny, elektrik podstansiýalaryny, elektrik geçirijileri abatlap we döwrebaplaşdyryp bilýärler. Şonuň ýaly-da, bu elektrik geçirijisi ýurdumyzyň şäherleridir obalary bilen birlikde, her ýyl ulanylyşa tabşyrylýan iri senagat toplumlaryny we beýleki durmuş desgalaryny elektrik energiýasy bilen üpjün etmegiň, artykmaç bölegini bolsa daşary ýurtlara eksport etmegiň mümkinçiliklerini artdyrar.

Tirkişmyrat DURDYÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/45788