Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen, Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakylan Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasyndan howandarlyga mätäç çagalara operasiýa bejergileri üçin serişde bölünip berildi. Milli Liderimiziň baştutanlygynda häzirki wagtda ýurdumyzda çagalaryň saglygyny goraýyş ulgamyny ýokary hünärli hünärmenler, halkara talaplaryna laýyk gelýän lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny üznüksiz pugtalandyrmak hem-de ilata edilýän lukmançylyk hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzdaky we welaýatlardaky degişli lukmançylyk edaralarynda howandarlyga mätäç näsag çagalara dürli operasiýa bejergileri geçirmek üçin Haýyr-sahawat gaznasyndan serişde bölüp bermek hakynda Çözgüt kabul etdi. Bejergi alýan ýaş çagalaryň hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň adyndan milli Liderimize döwletimiziň baş baýlygy we guwanjy bolan ýaş raýatlaryň saglygy hem-de abadançylygy baradaky ýadawsyz aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi.
* * *
Türkiýe Respublikasynyň paýtagtynda ýurduň Milli kitaphanasynyň kongresler zalynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli fotosuratlaryň we medeni gymmatlyklaryň sergisi geçirildi. Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň, Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň hem-de Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) bilelikde guramagynda ýaýbaňlandyrylan sergide Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýylynda ýurdumyzda gazanylan üstünliklerdir ýetilen sepgitler, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan içeri we daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlary, dünýä döwletleri bilen alnyp barylýan köptaraplaýyn gatnaşyklar barada giňişleýin beýan edildi. Dostlukly ýurtda ýaýbaňlandyrylan sergide türkmen halkynyň baý medeni mirasyna degişli gymmatlyklar, sungat eserleridir şaý-şeplar, saz gurallary, häzirki zaman türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň kitaplary, Türkmenistanyň şöhratly geçmişinden we bagtyýar şu gününden söz açýan fotosuratlar görkezildi. Milli Liderimiziň galamyndan çykan eserler gözden geçirilişiň esasy bezegine öwrüldi.
* * *
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki Ruhyýet köşgünde döredijilik duşuşygy guraldy. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň döredijilik duşuşygyna hem-de dabaraly konsertine gatnaşyjylara Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda iki ýurduň arasynda dostlukly, doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, köp ýyllyk türkmen-özbek medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyna ýardam etmekde bitiren uly hyzmatlary, şeýle hem aýdym-saz sungatyny ösdürmekde gazanan üstünliklerini hem-de hünär ussatlygyny nazara almak bilen Özbegistan Respublikasynyň medeniýet ministri Ozodbek Nazarbekowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly adyň nyşany gowşuryldy. Ýurdumyzyň folklor-tans toparlarynyň ýerine ýetiren «Dünýä dolýar ömürleriň aýdymy!» atly edebi-sazly çykyşy döredijilik duşuşygynyň ajaýyp başlangyjy boldy. Konsertde şowhunly sazlar we aýdymlar ýaňlandy, halk we häzirki zaman tanslary, folklor çykyşlary tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Dabaranyň ahyrynda gadymy «Küştdepdi» türkmen tansy ýerine ýetirildi.
* * *
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna BAE-niň we Türkiýe Respublikasynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Russiýanyň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň işewürlerine boýalan tüýjümek önümler, float aýnasy we nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 360 müň dollaryndan gowrak boldy. Beýik Britaniýanyň, BAE-niň, Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 35 million 867 müň manatlykdan gowrak lukmançylyk maksatly serişdeleri we nah ýüplügi satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 2 million 970 müň manatlyk Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen kondisiýasyz polipropileni we gaplaýyş plýonkasyny satyn aldylar.