Täzelikler. Wakalar. Maglumatlar.

Paýtagtymyzdaky «Älem» medeni dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni mynasybetli sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Konsertde meşhur sazandalar, halk we estrada aýdymçylary çykyş etdi. Tans we halk döredijiligi toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler. Çykyşlaryň her biri halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza bolan söýgüsini we guwanjyny beýan etdi. Hormatly Prezidentimiziň döreden «Bagt nury» aýdymy tomaşaçylar üçin hakyky sowgat boldy. Owadan mukamy, manyly sözleri bilen bu aýdym ýygnananlaryň kalbynda uly orun tapdy hem-de tomaşaçylaryň şowhunly elçarpyşmalary munuň subutnamasyna öwrüldi. Baýramçylyk konsertiň ahyrynda hemmeleriň gatnaşmagynda «Uzak ýaşa, Arkadag!» atly aýdym ýerine ýetirildi. Bu aýdymyň joşgunly sözleri we sazy halkymyzyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gülläp ösýän Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza bolan bagtyýarlyk we buýsanç duýgularyny beýan etdi.

* * *

Aşgabatda «Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýurt maksatnamalaryny işläp düzmekde hem-de bu mesele boýunça sebitleýin işleri alyp barmakda goldamak we kuwwatyny güýçlendirmek» taslamasyny amala aşyrmak maksady bilen gurnalan Utgaşdyryjy serişde boýunça birinji iş duşuşygy boldy. Bu duşuşyga Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak, Daşary işler, Adalat, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Energetika, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň we Statistika baradaky döwlet komitetiniň jogapkär işgärleri hem-de Milli Geňeşiň Mejlisiniň, Ylymlar akademiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri çagyryldy. Ýaşyl howa gaznasyndan hem-de Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezinden hyzmatdaşlar duşuşyga gatnaşanlary taslamanyň esasy maksatlary bilen tanyşdyrdylar. Bu maksatlar Gazna bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, gyzyklanma bildirýän taraplaryň kuwwatyny güýçlendirmek hem-de howanyň üýtgemegi boýunça işleri we maliýeleşdirmegi dolandyrmak hem-de utgaşdyrmak üçin esasy gurallary döretmäge gönükdirilendir. Şu maksat bilen, Utgaşdyryjy serişde işläp başlar, Ylalaşyk düzgünleri tassyklanar we Ýurt maksatnamasy işlenip düzüler.

* * *

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Ylymlar akademiýasy hem-de Bilim ministrligi tarapyndan bilelikde guralan Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan «Magtymguly Pyragy we türkmen halkynyň garaşsyz döwletlilik taglymaty» atly halkara ylmy maslahaty geçirildi. Onuň baş maksady Magtymguly Pyragynyň nusgawy döredijilik mirasyny, onuň milli döwletliligi ösdürmekdäki ornuny hem-de beýik ynsanperwer şahyryň umumadamzat ruhy gymmatlyklar hazynasyna goşan ägirt uly goşandyny wagyz etmekden ybaratdyr. Halkara maslahatynyň açylyşy Türkmen döwlet uniwersitetinde boldy. TDU-nyň binasynyň eýwanynda sergi guraldy. Maslahata wideoaragatnaşyk arkaly dünýäniň 20-ä golaý ýurdundan alymlar gatnaşdylar. Onuň umumy mejlisiniň dowamynda Azerbaýjanyň, Fransiýanyň, Hindistanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň hem-de ýurdumyzyň iri ylmy hem-de medeni merkezleriniň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň çykyşlary diňlenildi. Maslahat Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda, Halkara ynsanperwer ylmy we ösüş uniwersitetinde dört ylmy bölümlerde dowam etdi.

***

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň italýan diline terjime edilen neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Oňa sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Italiýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekilleri, Wiçensa şäheriniň meri Françesko Rukko, Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luçano Galli, şeýle hem daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň işgärleri gatnaşdylar. Tanyşdyrylyş dabarasynda döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň köpasyrlyk däpleriniň, taryhy we medeni gymmatlyklarynyň, gadymy rowaýatlaryň mazmunyny açyp görkezýän, biziň günlerimize gelip ýeten, nakyllardan we paýhasly jümlelerden ybarat ajaýyp kitabynyň gymmaty hem-de ähmiýeti bellenildi.

* * *

Paýtagtymyzda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylarynyň BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýurdumyzdaky baştutany Kristina Weýgand bilen duşuşygy geçirildi. Onuň gün tertibine hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda gol çekilen 2021 – 2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlygyň Ýurt maksatnamasyny hem-de ýerlerde ýokary hilli hyzmatlary ornaşdyrmak arkaly durmuş goraglylyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça DÖM-niň Bilelikdäki maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Duşuşyga gatnaşyjylar netijeli hyzmatdaşlygy geljekde hem işjeňleşdirmek barada aýdyp, ýakyn geljek üçin gatnaşyklary giňeltmek boýunça anyk çäreleri kesgitlediler.

* * *

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow – dünýäde ykrar edilen Lider» atly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, syýasatşynaslar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary gatnaşdylar. Maslahatda hormatly Prezidentimiziň dünýäde ykrar edilen Lider bolmagyna getiren taryhy ýollara ser salnyp, şol döwrüň içinde milli Liderimiziň amala aşyran işleriniň beýik derejelere eýe bolmagynyň netijesinde eziz Diýarymyzyň abraýynyň artandygy hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanandygy aýratyn nygtaldy. Belent heňde ýaňlanan aýdym-sazlarda eziz Watanymyza çäksiz söýgi, onuň ajaýyp geljegine bolan ynam, öz halkyny döredijilik, parahatçylyk we gülläp ösüş ýoly bilen öňe alyp barýan milli Liderimize buýsanç uly hyjuw bilen wasp edildi.

* * *

Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenildi. Baýramçylyk dabaralary Aşgabadyň taryhy merkezindäki Magtymgulynyň ýadygärliginiň ýanynda başlandy. Bu ýerde akyldar şahyryň beýik eserlerine ykrarnama, belent äheňde we ähli döwürlerde many-mazmunyny ýitirmeýän öz eserlerinde Watanyna bolan çäksiz söýgüsine we edermenligine belent sarpanyň nyşany hökmünde gül goýmak dabarasy boldy. «Kalba ynam, köňle ylham berýär medeniýet» diýen şygar bilen ýaýbaňlanan köpöwüşginli çykyşlara belli türkmen artistleri estrada aýdymçylary gatnaşdylar. Şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň merkezi meýdançalarynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliklerine gül goýmak dabaralary geçirildi. Dabaralaryň çäklerinde döredijilik duşuşyklary we şygryýet agşamlary guraldy.

* * *

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Singapuryň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, uçar kerosinini, nebit koksuny satyn aldylar. Owganystanyň telekeçileri «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy, Omanyň telekeçileri bolsa «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen ownyk däneli hlorly kalini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Azerbaýjanyň, Gazagystanyň işewürlerine tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümleri ýerlenildi. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 30 million 302 müň dollaryndan gowrak boldy. Russiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri jemi 94 million 499 müň manatlyk nah ýüplügi satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gyzdyrylan nebit koksuny satyn aldylar. Geleşigiň bahasy 1 million 250 müň manada deň boldy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/33127