Täze tirkegler gelip gowuşdy

Şu gün ýurdumyza gymmatly çig mal bolan pagtany daşaýan täze tirkegleriň 255-si gelip gowuşdy. Olar welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň üpjünçilik kärhanasynda kabul edilip alyndy. Tirkegleriň 66-sy biziň welaýatymyza niýetlenilendir.  

  Hormatly Prezidentimiz oba hojalygynyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmaga uly üns berýär. Bu babatda goňşy Özbegistan Respublikasynyň oba hojalyk tehnikalaryny we iş gurallaryny öndürijileri bilen netijeli hyzmatdaşlyk edilýär. Täze tirkegler «Daşkent-Agro-traktor» jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiniň önümleridir. Baglaşylan şertnama laýyklykda ýurdumyza ýylyň aýagyna çenli şeýle tirkegleriň jemi 1 müňüsi getiriler. Ýokary ýük göterijiligi we ygtybarlylygy bilen tapawutlanýan tirkegler ýetişdirilen gowaça hasylyny bökdençsiz daşamakda pagtaçylara uly ýardam berer.    

                                                                                                           

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,

                       

ýörite habarçymyz.  Surata düşüren Merdan ORAZOW.