Täze tehnologiýalara daýanyp

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan sanly ulgama geçmek babatdaky strategik maksatnamalary bu ugurda kämil hünärmenleriň ýetişdirilmegini talap edýär. Şunda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde guralýan okuw-tejribelik, tälimçilik işi ýokary hilliligi bilen tapawutlanyp, baý many-mazmuna eýe bolýar.

Ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda hem alnyp barylýan okuw işleri hut şu möhüm özgertmeler bilen berk baglanyşygy emele getirip, sazlaşykly ösüşe ýardam edýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen kabul edilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» orny örän ýokarydyr. Çünki bu resminama Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, ylym-bilim, ösen tehnologiýalara erk edýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, sanly ulgama çekmek ýaly aýdyň maksatlary öňde goýýar.Şu nukdaýnazardan hem häzirki wagtda institutymyzyň binýadynda ornaşdyrylan sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň gerimi has-da giňeldilýär.

Okuw binasynyň döwrebap mümkinçiliklere eýe bolan okuw otaglarynda, amaly bilimleri nazaryýetde berkitmek maksady bilen döredilen tejribehanalarda, elektron maglumatlary, internet aragatnaşygy üpjün edilen kitaphanalarda, ýaş alymlar merkezinde hem-de «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen bilelikde institutymyzyň ýanynda döredilen «Sanly Çözgüt IT meýdança» Hojalyk Jemgyýetinde talyp ýaşlarymyz özleriniň bilim derejelerini artdyrýarlar.

Hukuk binýady we döwlet kadalaşdyrylyşy taýdan kepillendirilen sanlylaşdyrmagyň ähmiýetine, milli bilim ulgamyna ýetirýän oňyn täsirine başarnykly akyl ýetirýän, innowasiýalary işläp düzmegi we täze taslamalary durmuşa ornaşdyrmagy başarýan hünärmenleriň alyp barýan işlerinde aýdyň görmek bolýar. Munuň özi sanly ulgamyň ornaşdyrylyşyny düýpli derejede kämilleşdirmegiň çäklerinde bilim bilen önümçiligiň sazlaşygyny emele getirip, medeni aň-bilim edaralarynyň maddy-tenhiki taýdan enjamlaşdyrylyşynyň, kämil maglumat tehnologiýalarynyň üpjünçiliginiň ýokary derejededigini alamatlandyrýar.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýaşlarymyza internet tory arkaly dünýäde giňden ýaýran habarlar ulgamyna bada-bat aralaşmaga we ylym-bilim boýunça dünýäniň täzelikleri, tejribesi bilen ýakyndan tanyşmaga, gazananlaryny dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýär.

Belent maksatlar esasynda işlenip düzülen sanly bilim portalynyň düýpli ornaşdyrylmagynyň çäklerinde ýola goýlan onlaýn arkaly sapaklara, göni widoaragatnaşykda geçirilýän umumy we amaly okuwlara talyp ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy bolsa ýokary bilimli, döwrebap hünärmenleriň kemala gelmegine şert döredýär.

Ähli ulgamlar bilen bir hatarda, döwrebap bilimli, sagdyn ruhly, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly we işjeň, başarnykly nesilleri ýetişdirmek we döwletli döwrümize mynasyp hünärmenleri taýýarlamak üçin zerur bolan ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Meýlis GARADURDYÝEW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19523