Döwlet dolandyryş edaralarynyň işini ilerletmegiň ýörelgeleri barada söhbet
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň bolelin ýaşamagy ugrundaky ýadawsyz aladalary, bimöçber tagallalary bilen ynsanperwer ugurly türkmen ykdysadyýeti yzygiderli we durnukly ösüşlere eýe bolýar. Syýasy özbaşdaklygyna eýe bolan ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistan milli ykdysadyýeti netijeli ösdürmegiň döwrebap özgertmeler nusgasyny saýlap aldy hem-de netijeli durmuşa geçirýär. Köp ýyllaryň dowamynda amala aşyrylan düzümleýin, sebitleýin hem pudagara uzak möhletli özgertmeler özüniň ykdysady taýdan bähbitlidigini doly subut etdi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9-njy iýulynda geçirilen, ýarym ýylyň jemlerine bagyşlanylan giňişleýin mejlisiniň netijeleri bu aýdylanlary aňryýany bilen tassyklaýar. Mejlisiň barşynda berlen hasabatlardan görnüşi ýaly, ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň 6,1 göterim derejede artmagy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň 5,2 göterim, bölek-satuw haryt dolanyşygynyň 17,5 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň 3,5 göterim, ortaça aýlyk zähmet hakynyň 10,5 göterim ýokarlanandygy işleriň ilerleýändigine şaýatlyk edýär. Tutuş dünýäde howply ýokanjyň ýaýramagy zerarly aýry-aýry ýagdaýlar bilen baglanyşykly döräp biläýjek ykdysady töwekgelçilikler babatynda geçirilýän seljermelerde wehimiň öňüni almak maksady bilen girizilen çäklendirmeleriň dowam edýän döwründe dünýä ykdysadyýetiniň, esasan-da, Türkmenistanyň söwda-ykdysady hyzmatdaş ýurtlarynda emele gelen ýagdaýyň häzirki şertlerinden ugur alynýar.
Bilermenleriň baha bermegine görä, pandemiýanyň ýaýramagy bilen baglylykda girizilen çäklendirmeler zerarly, dünýä ykdysadyýeti her aýda ortaça hasap bilen 400 milliard amerikan dollaryna golaý zyýan çekýär, 500 milliondan gowrak iş orunlary ýitirilen hasaplanýar. Ýewraziýa ösüş bankynyň ykdysatçylary dünýä ykdysadyýetiniň sebitleýin işjeňligi netijesinde, pandemiýadan öňki 2019-njy ýylyň dördünji çärýegindäki depgine gaýdyp gelmek üçin ýangyç-energetika önümlerine islegiň, şol bir wagtda önümiň bahasynyň ýokarlanmagynyň, dünýä döwletlerinde çäklendirmeleriň gowşadylmagynyň, pul-karz syýasatynyň gowulanmagynyň zerur bolup durýandygyny nygtaýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 4-nji iýunynda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde ykdysady toplumyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda geljek ýyl üçin döwlet býujetiniň hem-de ykdysady çökgünlik ýagdaýlaryndan mümkin boldugyça çalt we netijeli çykmagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, pudaklaýyn düzüm birlikleriniň ýolbaşçylarynyň öňünde 2022-nji ýyl üçin ykdysady ösüş maksatnamasyny toplumlaýyn esasda işläp taýýarlamak wezipesi kesgitlenildi. Maksatnama bar bolan oňyn mümkinçiliklerden doly we dogry peýdalanyp, ýurdumyzy ösdürmek boýunça ozal kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň netijeli ýerine ýetirilmegini üpjün eder. Şol bir wagtyň özünde bütindünýä çökgünlikden öňki görkezijilere dolanmagyň tutanýerli çemeleşmelerini, ýokary jogapkärçiligi hem ýadawsyz zähmeti talap edýär. Dünýä bazarynyň tiz-tizden üýtgeýän ýagdaýlaryny, şeýle-de BMG-niň yglan eden Durnukly ösüş maksatlaryny nazara almak bilen, orta möhletli döwürde ýurdumyzyň çeýe eksport syýasatyny kemala getirmek, daşary ýurt sarp ediş bazarlarynyň ýagdaýyny düýpli we ulgamlaýyn esasda seljermek, içerki satyn alyşlyk nyrhlaryny gözegçilikde saklamak maksatnamanyň baş ýörelgeleriniň hatarynda görkezildi.
Kabul ediljek resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi banky sarp ediş bazarlaryny zerur manat göwrümi bilen üpjün etmek arkaly, «maliýe guramalarynyň çalt üýtgeýän bazar şertlerine uýgunlaşmagyny ýeňilleşdirýän» kadalaşdyryjy çäreleri kabul etmek boýunça iş alyp barar. Bu Konsepsiýanyň baş maksady öý hojalyklarynyň durnukly girdejilerini üpjün etmekden, iş orunlaryny saklap galmakdan, aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýa tölegleriniň öz wagtynda tölenilmegini üpjün etmekden ybaratdyr, munuň özi ykdysadyýeti orta möhletli ösdürmegiň faktorlary bolup çykyş edýär. Şeýle-de döwlet karzlaryny gurluş taýdan kämilleşdirmek, olaryň möhletini uzaltmagyň döwlet kepilliklerini döretmek, kiçi we orta telekeçiligi maliýe taýdan goldamak üçin berilýän ýumşak karzlaryň möçberini, görnüşlerini artdyrmak çäreleri göz öňünde tutular. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, döwlet karzlaryny gurluş taýdan üýtgedip gurmak meselesinde olary özleşdirýän pudaklara maliýe goldawyny bermek, pandemiýa bilen bagly çökgünlik zerarly ýüze çykýan likwidlilik (geçgellik) ýetmezçiligi sebäpli defolt töwekgelçiliginiň artmagynyň öňüni almak zerurlygy ýüze çykýar. Şunuň bilen baglylykda, karz ugurlarynyň howpsuzlygyny doly üpjün etmek esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.
Çökgünlige garşy alnyp barylýan çäreler milli ykdysadyýetiň ykdysady ösüş deňeçerligini üpjün etmäge, döredilen salgyt ýeňilliklerini netijeli peýdalanmaga, serhetüsti söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň göwrümini artdyrmaga gönükdirilendir hem-de 2022-nji ýyl üçin meýilleşdirilen býujet çykdajylaryny azaltmazdan, duýdansyz ýüze çykýan hajatlara goşmaça serişdeleriň bölünip berilmegini göz öňünde tutýar. Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetiň bütindünýä sarp ediş bazarlaryndaky, haryt önümçiligindäki hem pul dolanyşygyndaky bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň salgytdan gaýry serişdelerini artdyrmak, nagt däl hasaplaşyklara doly geçmek, nyrhlaryň emele gelşini ýönekeýleşdirmek, takyk ugra gönükdirilen serişdeleri kesgitli gaznalarda saklamak, ilatda bar bolan pul serişdelerini dolanyşyga çekmek, milli manadyň hümmetini erkin üýtgetmek ýaly ýörelgeler milli ykdysadyýeti oňaýsyz täsirlerden goramagyň netijeli çemeleşmesi hökmünde görkezilýär. Bu ugurda bellenen çärelere niýetlenen maliýe gorlaryny toplamak maksady bilen, daşyndan çekilen karzlaryň deňeçerligini saklamak, ätiýaçlyk gorlaryny emele getirmegiň çäklerinde eksportlyk harytlar boýunça tölegleriň daşary ýurt pulundaky hasabyny ýöretmek, eksporta iberilýän önümleriň ýerleniş nyrhlaryny kadalaşdyrmak, hususylaşdyrylýan desgalarda hakyky bazar bahalaryna geçmek, döwletiň karz edaralarynyň guramaçylyk-hukuk gurluşyny üýtgedip, olaryň binýadynda paýdarlar täjirçilik banklaryny döretmek, edara-kärhanalaryň işinde harajatlary tygşytlamak, täze salgyt töleýji taraplary ýüze çykarmak, jemagat hyzmat ugurly tölegleri bir hasapda ýöretmek arkaly býujet girdejileriniň möçberini artdyrmak meýilleşdirilýär.
Ykdysady taýdan hemmetaraplaýyn bähbitli hem-de geljegi nazarlaýan bu oňyn özgertmeleri netijeli durmuşa geçirmekde 2022-2023-nji ýyllara meýilleşdirilen maliýe resminamasyna ykdysady ösüşi tijendiriji güýç hökmünde aýratyn orun berilýär. Onuň çäklerinde amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan işler halkara gatnaşyklarda ýurdumyzyň bähbitlerini mäkäm goramaga, sarp ediş isleglerini doly kanagatlandyrmaga, dürli töwekgelçiliklerden sowa geçmäge ýardam berer. Türkmenistanyň ykdysady toplumynyň düzümlerinde zähmet çekýän hünärmenleriň gatnaşmagynda gündelik amaly işler pudagara derejede utgaşdyrylýar. Statistiki maglumatlara, okuw gollanmalaryna, daşary ýurt tejribesine esaslanýan köpugurly çäreler pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işiniň usulyýet binýadynyň has-da kämilleşdirilmegine alyp barýar. Iri möçberli pudak düzümleriniň we olaryň garamagyndaky edaralaryň işiniň bir maksada gönükdirilmegi, döwlet dolandyryşynyň hiliniň ýokarlanmagy Maksatnamanyň yzygiderli, netijeli, durnukly amal edilmegini üpjün eder. Baş maksat öndüriji güýçleri ösdürmegiň netijeli döwlet mehanizmini kemala getirmekden, ykdysady ösüşi hemmetaraplaýyn goldamakdan ybarat.
Maliýe meýilnamasynyň çäklerinde jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly derejede saklamak, maýa goýum maksatnamasyna gaýtadan seretmek, şanly seneler mynasybetli açylyp, ulanyşa berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilde gurulmagyny üpjün etmek, ilatyň, aýratyn-da, welaýatlarda ýaşaýan adamlaryň ýaşaýyş-durmuş hajatlarynyň maliýeleşdirilişini has-da gowulandyrmak, edara-kärhanalaryň pudagara algy-bergilerini düýpli seljermek, aýlyk zähmet haklaryny ýokarlandyrmak, ýerli önümçilikleri ýola goýmagyň hasabyna täze iş orunlaryny döretmek, döwlet emlägini hususylaşdyrmak bilen bagly önümçilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, tebigy, çig mal we zähmet gorlaryndan, maliýe mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmak ýaly ugurlarda netijeli işler alnyp barylýar. Häzirki döwrüň ykdysady taýdan çylşyrymlydygyna garamazdan, ýurdumyzda umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan 2,5 müňe golaý senagat hem-de durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Diňe Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde şu ýylyň 6 aýynda 1,1 milliarda golaý, jemi 43,6 milliard manatdan gowrak maýa goýumlar özleşdirildi. Il bähbitli gurluşyklaryň sanawynda Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň binalar toplumy, «şäher içindäki şäher» ýörelgeli «Aşgabat-siti» döwrebap şähergurluşyk taslamasy görnükli orunda durýar.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzy ösdürmekde söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ulgamyna, däp bolşy ýaly, möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurdaky iri möçberli taslamalaryň amala aşyrylmagynda maliýe we maslahat beriş goldawyny has-da güýçlendirmek üçin abraýly halkara maliýe guramalary bilen oňyn hyzmatdaşlygyň gerimi giňeldilýär. Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly, Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý transmilli gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan elektrik, optiki-süýümli geçirijiler, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty, deňiz söwda flotuny döretmek, Aşgabat, Türkmenbaşy, Lebap, Kerki şäherlerinde halkara howa menzillerini, täze serhetýaka gümrük beketlerini, gazy suwuklandyryjy terminallary, awtomobil, demir ýol köprülerini, ýollary gurmak, kuwwatly ýolagçy-ýük uçarlaryny, döwrebap otly, gämi we beýleki ulag serişdelerini satyn almak boýunça durmuşa geçirilýän işler söwda-ykdysady gatnaşyklarda Türkmenistanyň ornuny düýpli pugtalandyrýar. Aslynda, Türkmenistan köp sanly sebitara, halkara ylalaşyklary baglaşmak bilen, strategik hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ösdürýär. Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasy bilen bilelikde Hazar deňzindäki «Dostluk» känini Russiýa Federasiýasynyň kompaniýasynyň gatnaşmagynda özleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn ylalaşygyň gazanylmagy, Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisiniň karzlaşdyryş ugrunyň doly gaýtarylmagy, Türkmenistanyň öňdebaryjy kärhanalarynyň dostlukly Gyrgyzystan döwletiniň içerki bazaryna netijeli aralaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, bilelikdäki gyrgyz-türkmen logistika kompaniýasyny döretmek baradaky teklibiň öňe sürülmegi bu aýdylanlary doly tassyklaýar. Türkmenistan dünýäniň dürli sebitleri, hatda Afrika döwletleri bilen senagat, ulag, oba hojalygy, medeniýet, saglyk, howpsuzlyk ýaly möhüm ugurlar boýunça geljegi nazarlaýan hyzmatdaşlygy giňeldýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik, optiki süýümli geçirijileriň taslamalary hem bu aýdylanlara aýdyň mysaldyr.
Halkara derejede söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde sergilere, ýarmarkalara, forumlara aýratyn orun berilýär. Türkmenistan Halkara sergiler býurosyna işjeň agza bolmak bilen, daşary ykdysady syýasatyň çäklerinde iri möçberli sergileri geçirmäge, olara gatnaşmaga möhüm ähmiýet berýär. Bu forumlar milli ykdysadyýetiň kuwwatyny has-da artdyrmagyň, dünýäniň köp döwletleri bilen täze ugurlar boýunça söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmagyň, dünýäniň ösen iş tejribesi bilen ýakyndan tanyşmagyň, innowasion tehnologiýalary netijeli özleşdirmegiň işjeň serişdesi bolup çykyş edýär. Arap dünýäsiniň ýurtlary bilen özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy we maýa goýum taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, şu ýylyň 9 — 11-nji iýuny aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Dubaý şäherinde halkara derejede geçiriljek Bütindünýä «EKSPO» sergisine gatnaşmak barada ylalaşyk gazanyldy. Şeýle sergi Garaşsyz Watanymyzyň uly üstünliklerini halkara giňişlige ýaýmakda ajaýyp mümkinçilikleri açar.
Içerki söwda hem işjeň häsiýetde ösýär. Aşgabat şäherinde, welaýatlarda söwda-hyzmatlar ugurly döwrebap merkezler, iri söwda toplumlary gurlup ulanylmaga berilýär. Bazar bolçulygynyň artmagy ilatyň sarp ediş isleglerini doly kanagatlandyrmaga, elektron täjirçiligiň gerimini giňeltmäge giň ýol açýar. Ilatyň satyn alyjylyk ukyby ýokary derejede bolmagynda galýar. Sanly söwdanyň depginli ösmegi iş bilen meşgullyk derejesiniň ýokarlanmagyna-da oňyn täsir edýär.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda gazanylýan ýokary ösüş görkezijileri jemi içerki önümde önümçilik pudaklarynyň paýyny durnukly artdyrmak, kiçi we orta telekeçiligi goldamak, dünýä bazarynda milli önümlere islegi ýokarlandyrmak, netijeli ulag-logistika ugurlaryny kemala getirmek ýaly wajyp ykdysady binýatlara daýanýar. Döwletiň ykdysady ösüşini durnukly saklamakda dünýäniň, şol sanda sebitara we goňşy ýurtlaryň ykdysady ýagdaýlarynyň düýpli seljerilmegine, öňdebaryjy dünýä tejribesiniň işjeň özleşdirilmegine uly ähmiýet berilýär. Bütindünýä we halkara derejelerde ählumumy bähbitleri nazarlaýan gatnaşyklaryň çarçuwasynda oýlanyşykly eksport-import syýasatyny ýöretmek, bazaryň isleg-teklip deňagramlylygyny has-da pugtalandyrmak, ilatyň ykdysady işjeňligini höweslendirmek, netijeli ulag-aragatnaşyk infrastrukturasyny kemala getirmek arkaly söwda-ykdysady arabaglylygy has-da pugtalandyrmak ýaly binýatlaýyn ýörelgeler milli Liderimiziň ykdysady strategiýasynyň baş ugruny düzýär.
Hangeldi GURBANGELDIÝEW.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/35618