Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Diýarymyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Şu jähetden, ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ýetilýän sepgitlerdir gazanylýan üstünlikler örän guwandyryjydyr. Munuň özi ata Watanymyz Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetine çalt depginler bilen goşulyşmagyna hem-de dünýä hojalygyndaky ornuny has-da pugtalandyrmagyna mümkinçilik berer.
Türkmenistanyň ykdysady strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda kabul edilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» möhüm orun degişlidir. Bu resminamalar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda täze ösüşlere badalga bolan belent maksatlardyr anyk wezipeleri özünde jemleýär. Bu bolsa ýurdumyzyň halk hojalygyny köpugurly ösdürmekden başlap, döwrebaplaşdyrmak we sanlylaşdyrmak bilen bagly iň soňky innowasion çözgütleri özünde jemleýär.
Milli ykdysadyýetimizi ösdürmek diwersifikasiýa ýoly bilen amala aşyrylýar. Bu ugurda öňde goýlan wezipeler ýurdumyzyň halk hojalygynyň mümkinçiliklerini artdyrmakdan, senagat pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekden, täze önümçilikleri ýola goýmakdan, telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmekden we dünýä döwletleri bilen söwda gatnaşyklaryny giňeltmekden ybaratdyr. Olaryň hatarynda elektron senagatyny döretmegi dowam etdirmek hem-de elektron, kompýuter önümleriniň önümçiligini kämilleşdirmek we artdyrmak, dokma senagatynyň kuwwatyny has-da ýokarlandyrmak ýaly ugurlar hem bar.
Ata Watanymyzy ykdysady taýdan ösen kuwwatly döwlete öwürmek babatda öňde duran strategik wezipeler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem öz beýanyny tapýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Bu maksatnama biziň geljegimiziň kepilidir. Döredip, gurup bilýän millet hökmünde bütin dünýäde halkymyzyň mertebesini has beýgeltjek ösüş ýoludyr» diýip nygtaýar. Munuň özi Türkmenistan döwletimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kuwwatly senagat ýurdy hökmünde ykrar edilmeginde uly ähmiýeti bolan strategik maksatnamadygynyň subutnamasydyr.
Maýsa ANNAMYRADOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň öwreniji mugallymy.