Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz porty Aziýa hem-de Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga uly goşant goşýar. Bu deňiz portunyň milli ykdysadyýetimiziň, şeýle-de tutuş sebitiň ösüşinde eýeleýän orny möhüm ähmiýete eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe deňiz we derýa ulgamy hem düýpli ösüşleri başdan geçirýär. Şunda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde bitirilýän işler has-da buýsandyryjydyr. Häzir bu zawodyň hyzmatlaryna daşary ýurtlarda hem uly gyzyklanma bildirilýär.
Ulag pudagyny döwrebaplaşdyrmak hem-de oňa öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak ata Watanymyzy durmuş-ykdysady we ylmy-tehniki taýdan ösdürmekde derwaýys wezipeleriň biri hasaplanýar. Bu ugurda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň tabynlygyndaky edara-kärhanalarda, şeýle hem «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleriniň düzümlerinde alnyp barylýan işler özüniň giň gerimi bilen tapawutlanýar.
Gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody ýylda 10 müň tonna polady işläp, 4 — 6 gämini gurmaga niýetlenendir. Mundan başga-da, bu ýerde 2 müň tonna polady işlemek arkaly, ortaça, 20 — 30 sany kiçi we orta göwrümli gämileriň abatlaýyş we bejeriş işlerini ýerine ýetirmäge doly mümkinçilik bar. Döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan zawodda gämi dizaýny, taslama dolandyrylyşy, üpjünçilik, bejeriş, önümçilik, tehniki hyzmat ediş, hil we zähmet howpsuzlygy, bug gazanlary hem-de kompressorlar bilen bagly işler utgaşykly alnyp barylýar. Dürli görnüşli gämileri, nebit tankerlerini, deňiz platformalaryny, tirkeg gämilerini, katerleri, şeýle hem halk hojalygynyň senagat pudaklary üçin demirden dürli gurluşlary, taýýar önümleri, enjamlary, gurallary ýasamak, göwrümli demir listlerini işlemek, olary posdan arassalamak, ýylmamak we reňklemek, dürli senagat pudaklarynda, ýyladyşhanalarda giňden peýdalanylýan radiatorlary taýýarlamak hem-de ýurdumyzyň suw howdanlarynyň göwrümini giňeltmekde, iri akabalaryň suw geçirijiligini ýokarlandyrmakda ulanylýan dürli kysymly läbik sorujylar babatdaky işler berjaý edilýär. Munuň üçin bu ýerde zähmet çekýän hünärmenler ähli zerur şertler bilen üpjün edilipdir. Şeýle bolansoň ýerine ýetirilýän işler halkara hil ülňülerine hem laýyk gelýär.
Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gelýän konteýnerleri buýrujylaryň sargytlary esasynda abatlamak, kebşirlemek, reňklemek, deňiz giňişliginde ýük daşaýan, ýolagçy gatnadýan, beýleki işlerde ulanylýan gämileri we ýüzüji serişdeleri tehniki taýdan gözden geçirmek işleri-de üstünlikli alnyp barylýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň başyndan bäri «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň «Çarlak», «Almaz» ýolagçy gämilerinde, nebit önümlerini daşaýan «Kenar» gämisinde, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň «Aýdak» tirkeg gämisinde, «Nurly tolkun» hususy kärhanasynyň «Nurana» ýolagçy hem-de «Blue Marine» daşary ýurt kompaniýasynyň «Topaz Glory» tirkeg gämisinde ýeňil abatlaýyş işleri geçirilip, sargytlar öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirildi.
Degişli ugurlarda bilim alýan talyplaryň zawodyň abatlaýyş, bejeriş bölümlerinde okuw-önümçilik tejribeliklerini geçmegi hem oňat ýola goýlupdyr. Bu bolsa ýaş nesliň döwrebap bilim almagy we zähmet çekmegi babatda edilýän tagallalaryň guwandyryjy netijesidir.
Hojaberdi BAÝRAMOW