Täze nusgadaky şäher

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we taýsyz tagallalary bilen gurluşygy amala aşyrylýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösen ýaşaýyş keşbini kemala getirýän kuwwatly şähergurluşyk taslamasydyr. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döredijilikli dowam etdirilýär.  

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz ýurdumyza ýolbaşçylyk eden döwründe bu baradaky oý-pikirlerini yzygiderli beýan etdi we 2018-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Gökdepe etrabyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň bu ýerde gurulmagy göz öňünde tutulýan dolandyryş merkeziniň binagärlik-gurluşyk taslamalary bilen ýörite tanyşdy. Ýeri gelende bellesek, 2019-njy ýylyň 4-nji martynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmak hakynda» Karara gol çekildi. Şol ýylyň 10-njy aprelinde Gökdepe etrabynyň çäginde täze nusgadaky bu merkezi şäheriň düýbi tutuldy. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti 2019-njy ýylyň 23-nji awgustynda, şol ýylyň 8-nji hem 25-nji noýabrynda, 2020-nji ýylyň 15-nji maýynda, 2022-nji ýylyň 13-nji we 18-nji ýanwarynda we 9-njy aprelinde bu şähergurluşyk taslamasyny üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, ýene-de birnäçe Kararlara gol çekdi. 

                                                                   

Bu ýerde gurulýan her bir binadyr desga sanly serişdeler bilen üpjün edilýär. Taslama üçin döwlet tarapyndan 1,5 milliard amerikan dollaryna golaý möçberde maliýe serişdeleri goýberildi. Işleriň öz wagtynda sazlaşykly alnyp barylmagy üçin Döwlet komiteti we täze şäheriň häkimligi hem döredildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz bu ýere yzygiderli iş saparyny amala aşyryp, gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy bilen ýerinde tanyşýar. Binalaryň we desgalaryň ýerleşdirilişi, olaryň gurluşyk ylmynyň iň täze gazananlary bilen milli binagärlik ýörelgelerimiziň sazlaşykda utgaşdyrylyp bina edilişi hem-de bezelişi, ýerli çig mallardan öndürilýän gurluşyk serişdelerini ulanmak we bu ýeriň tebigy landşaftyny bozman, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça gymmatly maslahatlaryny berýär.  

                                                                   

Ýokarda agzalyp geçilen Kararlar bilen tassyklanan taslama laýyklykda, täze welaýat merkezinde 1002 gektara barabar ýerde Ahal welaýatynyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, maliýe we ykdysadyýet toplumlarynyň, «Türkmenistan», «Halkbank» we «Senagat» paýdarlar täjirçilik banklarynyň hem-de «Daýhanbank» Döwlet täjirçilik bankynyň welaýat şahamçalarynyň edara binalary gurlar. Welaýat boýunça oba hojalyk, gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy, ulag we kommunikasiýa, söwda toplumlarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, saglygy goraýyş, arhiw müdirlikleriniň iň häzirki zaman edara binalary-da göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Nusgalyk şäherde Ruhyýet köşgi, kitaphana, Bagt köşgi, drama teatry, muzeý, «Ahal» monumenti, myhmanhana, söwda we dynç alyş merkezi, Döwlet baýdagynyň sütüni, Saglyk öýi, köpugurly sport toplumy we merkezi, stadion, döwlet sirki ýaly medeni-durmuş düzümleri hem-de her biri 320 orunlyk 10 sany çagalar bagynyň köşgi-eýwan binalary, hersi 720 okuwça niýetlenen 19 sany orta mekdep, başlangyç we orta hünär mekdebi, iki sungat mekdebi, şeýle hem Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebi we Atçylyk ylmy-önümçilik müdirliginiň edara binasy ýaly ylym-bilim we köpçülik üçin ojaklar hem dörediler.  

                                                                   

Edara binasyny, açyk awtoduralgalaryň 2-sini, dynç alyş basdyrmalarynyň 8-sini, dynç alyş seýilgähleriniň 4-sini, çagalar oýun meýdançalarynyň 10-syny, çagalar sagaldyş merkezini, 150 we 100 orunlyk çagalar baglaryny, welosiped we ylgaw ýodalaryny, ýapyk awtoduralgany, tehniki binany we suw howdanlaryny özüne birleşdirýän çagalar merkezi şäheriň iň täsin künjekleriniň biri bolar. 

                                                                   

Ajaýyp şäheriň tarp ýerde döredilýändigi sebäpli agyz we lagym suwlaryny arassalaýjy desgalar, welaýat merkezine barýan hem-de içerki agyz suw, suwaryş, lagym we ýagyn suwlaryny geçiriji ulgamlar hem ilkinji gezek gurulýar.  

                                                                   

Welaýat merkezine barýan ýollar we bu ýeriň içerki ýollarynyň daşarky eltiji we içerki elektrik ulgamlarynyň, hususan-da, «PS 110/35/10 kwt» hem-de «PS 110/10 kwt» elektrik beketleriniň, şäheriň daşarky we içerki gaz ulgamlarynyň gurluşygy-da täzeçe amala aşyrylar. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň halypa mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda zehinli talyp ýaşlar agzalyp geçilen taslamalary işläp taýýarlamaga gatnaşdylar. Gurulýan binalaryň, desgalaryň gurluşygynda bolşy ýaly, bezeg işlerinde, şol sanda ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagynda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň hem-de ylmyň gazananlarynyň işjeň ulanylmagyna aýratyn üns berilýär. Welaýat häkimliginiň öňündäki meýdançada oturdylýan, beýikligi 40 metr bolan «Ahal» monumentiniň gurluşygy munuň aýdyň mysalydyr. Bu taslama institutymyzyň binagärlik kafedrasynyň mugallymlary tarapyndan işlenip düzüldi. Mundan başga-da, ýerasty geçelgelerde, yşyklandyryş ulgamlarynda we duralgalarda ornaşdyrmak üçin kiçi göwrümli binagärlik taslamalarynyň onlarça görnüşiniň şekil taslamalary taýýarlandy. 

                                                                   

Talyplar şäheriň gurluşygyna başlanan ilkinji günlerde bu ýerde geodeziýa-ýer işleri amala aşyrylýan wagty tejribelikleri hem geçip başladylar. Göçme sapaklarda gurluşyk-gurnama işleriniň tehnologiýasy, ulanylýan gurluşyk serişdeleri, agyz we lagym suwlaryny arassalaýjy desgalaryň, welaýat merkezine barýan hem-de içerki agyz suw, suwaryş, lagym we ýagyn suwlaryny geçiriji ulgamlaryň gurluşygy bilen yzygiderli tanyşýarlar. Göçme sapaklar, tanyşdyryş we okuw tejribelikleri bu ugurda bilim alýan talyplar üçin örän gyzykly hem netijeli bolýar. Ýaşlar toplan tejribeleri boýunça ylmy-amaly maslahatlarda, teleradioýaýlymlarda çykyş edýärler. Ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlan ýaşlaryň birnäçesi eýýäm bu ýerde alnyp barylýan gurluşyklarda mynasyp hünärmen derejesinde zähmet çekýär. 

                                                                   

Ahalyň edara ediş merkeziniň taslamasynda şäheri we bütin sebiti dolandyryş-çäk birligi bilen bilelikde ösdürmegiň ulgamyny emele getirýän innowasion düzüm böleginiň binýadynyň goýlandygy, ertiriň nurana şäherini gurmak üçin geljekde durmuşyň nähili boljakdygy baradaky meseleleriň hem anyk öwrenilendigi düýpli many-mazmuna eýedir. Häzirki wagtda bu ýerde Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi 5 gatly 30 we 40 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 45-siniň, 7 gatly 28 we 56 öýli jaýlaryň 22-siniň, Ahal welaýatynyň häkimligi 5 gatly 30 we 40 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 46-synyň, 7 gatly 42 öýli jaýlaryň 64-siniň, 9 gatly 54 öýli jaýlaryň hem 30-synyň gurluşygyny alyp barýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary 7 gatly 42 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 24-sini, 9 gatly 54 öýli jaýlaryň 24-sini, 2 gatly 2 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 84-sini, 5 gatly 30 öýli jaýlaryň 30-syny, 5 gatly 40 öýli jaýlaryň hem 15-sini gurýar. Bu ýerde jemi 12 müň 384 sany hojalyga niýetlenen jaýlaryň 384-si gurulýar. 

                                                                   

Şähere barýan esasy şaýola 10 metr aralygy çarpaýa galyp, pellehanadan 4,19 sekuntda geçmegi başaran we Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna giren meşhur Akhanyň adynyň dakylmagy, aýlawly ýerde onuň belent heýkeliniň dikilmegi halkymyzy diýseň buýsandyrýar. Bu desgalar golaýda ýerleşen Halkara atçylyk toplumy bilen bilelikde, tutuş ulgamy emele getirýär. Bu bolsa, öz gezeginde, pudagy täze, dünýä derejesine çykarmaga, ýurdumyzyň abraý-mertebesini has-da belende götermäge mümkinçilik berer. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň yhlasy bilen ýakyn geljekde halkyň hyzmatyna berilmegi meýilleşdirilýän täze nusgadaky şäher mähriban Watanymyzyň ak şäherleriniň üstüni ýetirip, bagtyýarlygyň, abadançylygyň, gülläp ösüşiň nyşanyna öwrüler.  

                                                                   

Garaşsyz Watanymyzda il-ýurt bähbitli binalardyr desgalary, obalardyr şäherleri gurduran mähriban Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun! Peder ýoluny mynasyp dowam etdirip, ýurdumyzy rowaçlandyrýan Arkadagly Serdarymyzyň tutumly işleri mydama rowaçlyklara beslensin! 

                                                                                                           

Parahat ORAZOW,

                       

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty.