Täze mümkinçilikler açylýar

Baky Bitarap Watanymyz «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen dünýäniň ençeme ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýdy. Iri halkara maliýe edaralary hem-de uly tejribä, dürli ulgamlarda öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan iri daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin täze mümkinçiliklere eýe boldy.

Türkmenistan döwletimize Bütindünýä söwda guramasynda synçy derejesiniň berilmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň artýandygynyň we hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylan maksatnamalaýyn işleriň oňyn netijeleriniň aýdyň subutnamasydyr. Halkara söwdany ýönekeýleşdirmek we bu ulgamda agza döwletleriň gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek maksady bilen, 1995-nji ýylda döredilen Bütindünýä söwda guramasy (BSG) täze söwda ylalaşyklarynyň işlenip taýýarlanylmagyna hem-de ornaşdyrylmagyna jogap berýär. Şeýle hem bu gurama dünýäniň köp ýurtlary tarapyndan gol çekilen we olaryň parlamentleri tarapyndan tassyklanylan şertnamalaryň bu guramanyň agzalary tarapyndan berjaý edilişine gözegçilik edýär.

Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna girmegi bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek maksady bilen, 2019-njy ýylda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça ýörite hökümet topary döredildi. 2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherindäki Bütindünýä söwda guramasynyň ştab-kwartirasynda bu guramanyň Baş Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirilip, onuň dowamynda Türkmenistanyň BSG-ä synçy hökmünde goşulmagy hakynda ýüzlenmä seredildi. Geçirilen maslahatlaşmalaryň netijesinde BSG-niň Baş Geňeşine gatnaşyjy döwletler Türkmenistana Bütindünýä söwda guramasynyň synçysy derejesini bermek baradaky çözgüdini biragyzdan kabul etdiler. Türkmenistan bu abraýly halkara guramasynda synçy derejesindäki 25-nji döwlet boldy.

Türkmenistanyň daşary ykdysady işini üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» möhüm resminama bolup durýandygyny bellemek gerek.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda: «Daşary ykdysady işi güýçlendirmek üçin döwletde ykdysady, söwda, maýa goýumlar, ylym we tehnika, bilim, medeniýet ugurlaryny öz içine alýan hyzmatdaşlyk boýunça ýöriteleşdirilen hökümetara toparlar döredilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda netijeli ykdysady, işewür we medeni-ynsanperwer aragatnaşyklary ýola goýmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça hemişelik iş alyp barýan döwletara toparlaryň 40-a golaýy döredildi» diýip belläp geçýär.

Ýurdumyza Bütindünýä söwda guramasynyň synçysy derejesiniň berilmegi milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösdürilmegine, daşary söwdada ýurdumyzyň ornunyň pugtalandyrylmagyna, Türkmenistanda öndürilen harytlaryň dünýä bazaryna üstünlikli çykarylmagyna, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine, bazar özgertmeleriniň dowam etdirilmegine tarap saýlap alan ýolunyň durnukly ýagdaýynyň üpjün edilmegine ýardam berer.

Eneş ROZYÝEWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19253