Täze kärhana ösüş ýolunda

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, welaýatymyzyň çäklerinde dürli pudaklara, şol sanda saglygy goraýyş ulgamyna degişli önümçilik kärhanalarynyň birnäçesi guruldy we ulanylmaga berildi. Olaryň biri hem Daşoguz şäherinde ýerleşýän zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanadyr.

Belli bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýörite Kararyna laýyklykda, bu kärhananyň gurluşygyna 2012-nji ýylyň sentýabr aýynda girişildi hem-de ol 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Şeýlelikde, kärhana geçen döwrüň dowamynda amala aşyrylan guramaçylykly işleriň netijesinde öz öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde uly üstünliklere eýe boldy. Bu bolsa häzirki wagtda onuň welaýatymyzyň öňdebaryjy kärhanalarynyň hataryna goşulmagyna şert döretdi.

Adyndan görnüşi ýaly, bu kärhana ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralary üçin zerur bolan sargy serişdelerini, beýleki lukmançylyk önümlerini öndürmek boýunça iş alyp barýar. Onuň taslama kuwwaty ýylda şeýle önümleriň 13 million gabyny öndürip, olary bellenilen ýerlere ugratmakdan ybaratdyr. Elbetde, munuň özi ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynda we ilat arasynda olara bildirilýän islegiň doly derejede kanagatlandyrylmagyna uly goşant bolup durýar.

Häzirki döwürde kärhanada şeýle önümleriň 10-dan gowrak görnüşi öndürilýär. Olar, esasan, dürli ölçeglerdäki hasalar, gips sargy hasalary, goşarlyklar, tirseklikler, dyzlyklar, ýelimli we sanjym plastyrlary, maýyşgak sargy serişdeleri, bir gezek ulanylýan desmallar we beýlekilerdir. Ýaňy-ýakynda bolsa bu ýerde lukmançylyk hasasyndan taýýarlanylan bäş gatly örtükleri, dokalmadyk matadan edilen bir gezeklik gorag eşiklerini, şeýle-de bir gezeklik hirurgiýa halatlaryny öndürmek hem ýola goýuldy.

Kärhanada şeýle önümleri öndürmekde Germaniýada, Italiýada, ABŞ-da, Şweýsariýada, Ýaponiýada, Fransiýada, Türkiýede hereket edýän belli kompaniýalaryň ýokary tehnologiýaly enjamlarynyň güýjünden peýdalanylýar. Ýeri gelende aýtsak, olar örän öndürijililigi we takyk işleýşi bilen tapawutlanýar. Meselem, Italiýanyň «Stalam» kompaniýasynda öndürilen enjam ýüplükleri kelepden aýyrman guratmaga mümkinçilik berýär we onuň kuwwaty ýylda 3 million kelep sargy serişdesini guratmaga ýetýär. Germaniýada öndürilen enjam bolsa taýýarlanylan ýüplükleri agartmak üçin ulanylýar we onuň hem ýylda 3 million sargy serişdesini agartmaga mümkinçiligi bar.

Häzirki wagtda bu ýerde 4 sany, ýagny agardyjy, gips, dokmaçylyk, leýkoplastyr we bint bölümleri hereket etmek bilen, olarda 100-den gowrak adam zähmet çekýär. Olaryň aglabasynyň ýaşlardan ybaratdygyny bellemek hem ýerlikli bolar. Kärhananyň öz kärine ezber işçi-hünärmenleriniň hatarynda Şöhrat Sapalakowyň, Maýa Magtymgulyýewanyň, Nursoltan Rejebowanyň, Tylla Goşjanowanyň atlaryny agzaýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen şu ýylda kärhana boýunça jemi 2 million 177 362 sany sargy serişdesini, başgaça aýdylanda, 10 million 250 000 manatlyk önüm öndürmek wezipesi öňde goýlupdyr. Häzirki wagta çenli bu ýerde aýlyk we çärýeklik meýilnamalaryň yzygiderli ýerine ýetirilip gelinmegi bellenilen sepgitleriň eýelenilmeginiň doly üpjün ediljekdigini görkezýär.

Şu günler kärhananyň işçi-hünärmenleri artdyrylan gaýrat bilen zähmet çekýärler. Sebäbi olar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramyna çenli şu ýylyň dokuz aýlyk meýilnamasyny üstünlik bilen berjaý etmegi göz öňünde tutýarlar. Şeýlelikde, bu kärhananyň geljekde hem hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň saglygyny goramak baradaky çäksiz tagallalarynyň has-da oňat netijeleri bermegine, şonuň bilen birlikde-de, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna mynasyp goşant goşjakdygyna pugta ynam döreýär.

Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».
Surata düşüren Allanur SAPAROW.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/38681