Täze gözýetimleri nazarlap

Düýn Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň binasynda dostlukly ýurduň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýan habar beriş maksatly çäre guraldy. Oňa Türkmenistanyň söwda-maýa goýum ulgamynda iş alyp barýan ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Abdul Aziz Abdulla Al-Haşemi çykyş edip, şu ýylyň 2-nji dekabrynda Garaşsyzlygynyň şanly 50 ýyllygyny belleýän Birleşen Arap Emirlikleriniň maýa goýum mümkinçilikleri, ýurdy geljek 50 ýylda ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulýan wezipeler, maýa goýum ulgamynda türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygy barada giňişleýin gürrüň berdi. Golaýda täze açylan invest.ae internet saýtynyň üsti bilen BAE-de telekeçilik işini alyp barmaga döredilen mümkinçilikler bilen tanyşlyk çykyşyň esasyny düzdi we diplomat türkmen hususyýetçilerini maýa goýum ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça taslamalara işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleri durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy şertleriniň biri hökmünde ýurda goýulýan maýa goýumlary höweslendirmek babatda hemmetaraplaýyn mümkinçilikleri döredýär. BAE-niň çäginde ýerleşýän erkin ykdysady zolaklaryň 40-synda dünýäniň çar künjeginden gelen telekeçiler 2 müňden gowrak ugur boýunça ykdysady iş alyp baryp bilýärler. Hususyýetçiler, maýadarlar hem-de zehinli şahslar üçin berilýän wiza ýeňillikleri, ýurduň çäginde hereket edýän howa menzilleriniň 100-e golaýy, deňiz portlarynyň 12-si we ulaglaryň beýleki görnüşleri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmaga amatly şertleri döretse, ýurduň açyklygy, çig mal gorlarydyr daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde eýeleýän mynasyp orny onuň özüne çekijiligini has-da artdyrýar.

Hususan-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistan bilen ähli ugurlarda, şol sanda maýa goýum ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigi aýratyn nygtaldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň şu ýylyň 27-nji awgusty — 2-nji sentýabry aralygynda Birleşen Arap Emirliklerine bolan iş sapary munuň aýdyň subutnamasydyr. Onuň çäklerinde «Mubadala», gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdelerini, tehnologiýalary öndürmäge ýöriteleşdirilen «Masdar» kompaniýalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri bilen Türkmenistandaky iri taslamalara maýa goýumlaryny çekmek boýunça netijeli gepleşikler geçirildi, degişli ylalaşyklaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi ýangyç-energetika, nebiti we gazy çykarmak, gaýtadan işlemek hem-de energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermek ulgamynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Maglumat beriş çäresiniň maýa goýum syýasatyna degişli bölümi tamamlanandan soňra, diplomat öňde boljak dünýä ähmiýetli möhüm waka — Bütindünýä «EKSPO — 2020» sergisiniň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen pikir alyşdy. Mälim bolşy ýaly, pandemiýa zerarly bir ýyl yza süýşürilen ählumumy gözden geçiriliş Dubaý şäherinde şu ýylyň 1-nji oktýabrynda açylyp, oňa dünýä döwletleriniň 190-sy öz milli pawilýony bilen gatnaşar. Şolaryň hatarynda milliligiň, döwrebaplygyň we täzeçil tehnologiýalaryň özboluşly sazlaşygyny emele getirýän Türkmenistanyň pawilýony hem bar.

«Akyllary birleşdirip, geljegi döredýäris» şygary astynda 6 aýlap dowam etjek «EKSPO — 2020» sergisiniň açylan ilkinji günlerinde — 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň milli gününiň guralmagy bolsa dünýä jemgyýetçiliginde Garaşsyz Diýarymyza bolan gyzyklanmalary has-da artdyrmaga, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmäge amatly şertleri döreder. Şunda bu iri gözden geçirilişiň ähmiýetini hemmetaraplaýyn açyp görkezmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň işjeňliginiň zerurdygyna aýratyn üns çekildi.

Aýgül RAHYMOWA.

«Türkmenistan».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/40815