Täze gözýetimler nazarlanýar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz gurýan, döredýän kuwwatly döwlet hökmünde iri taslamalary durmuşa geçirmäge, hususan-da, elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge aýratyn üns berýär. Ýurdumyz bu möhüm ugry ösdürmek arkaly, diňe bir ilatyň isleglerini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, birnäçe dostlukly döwletlere-de elektrik energiýasyny eksport edýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly türkmen elektroenergetikasyny has-da kuwwatlandyrmak bilen baglanyşykly birnäçe möhüm işlere, taryhy wakalara beslendi.

Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde täze goşmaça okuw binasynyň, umumy ýaşaýyş jaýynyň, ýapyk görnüşli sport desgasynyň we aýlawly ýolda monumentiň dabaraly ýagdaýda düýbüniň tutulmagy pudagyň ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjünçiligine berilýän möhüm ähmiýetiň ýene-de bir ýüze çykmasydyr. Ýakyn geljekde 2 müň talybyň bilim almagy üçin niýetlenen täze binalar toplumynyň we 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup ulanmaga berilmegi bu ugurda täze mümkinçilikleri açar.

3-nji noýabrda ulanylyşa girizilen Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisi hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki sany gaz turbina desgasy pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň üstüni ýetiren iri gurluşyk taslamalarydyr. Şolardan Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň taslamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy hereket edýän energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek boýunça işleriň nobatdaky tapgyrydyr. Şeýle hem «Balkan — Daşoguz» ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň gurluşygyny 2024-nji ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär. Şol gün düýbi tutulan gaz we bug dolanyşygynda işlejek, 4 sany gaz we 2 sany bug turbinalary boljak döwrebap elektrik stansiýasynyň jemi öndürijilik kuwwaty 1574 megawata deňdir. Bu iri desga ýurdumyzda gurulýan kuwwatly elektrik stansiýalarynyň ikinjisidir. Ol senagat taýdan barha ösýän Balkan welaýatynyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün eder. Onuň öndürýän elektrik energiýasynyň artykmaç bölegini ýurdumyzyň bitewi halkalaýyn energoulgamyna, şeýle hem goňşy ýurtlara ibermäge mümkinçilik dörär.

Halkara meýdançalarda hem türkmen elektrik energiýasyna gyzyklanma barha artýar. Bu babatdaky mümkinçiliklerimizi dünýä çykarmak, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Milli Liderimiziň we döwlet Baştutanymyzyň möhüm başlangyçlaryna, köpugurly tagallalaryna aýratyn orun degişlidir. Has anygy, 14-15-nji sentýabrda Täjigistanyň paýtagty Duşenbede geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çuňňur manyly çykyş etmek bilen, sebit ýurtlarynyň Energetika dialogyny döretmek başlangyjyny öňe sürdi. Bu dünýä ýurtlaryna, hususan-da, goňşy döwletlere elektrik energiýasyny eksport edýän Türkmenistanyň mümkinçiliklerini işjeň ulanmaga we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde goldaw bermäge gönükdirilen möhüm başlangyç hökmünde häsiýetlendirildi. 26-njy oktýabrda döwlet Baştutanymyz Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ankarada geçirilen Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyndaky çykyşynda Türkmenistanyň türkiýeli hyzmatdaşlar bilen energetika ulgamynda özara hereketlere açykdygyny, hususan-da, elektrik energiýasynyň bu ýurda iberilmegi boýunça işleri güýçlendirmegiň göz öňünde tutulýandygyny belledi. Noýabr aýynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisinde Mary (Türkmenistan) — Maşat (Eýran) elektrik geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň maliýeleşdirilmegini ýola goýmak hakynda «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň, «Tawanir» kompaniýasynyň we «Sanergy Pishro Export and Energy Promotion» kompaniýasynyň arasynda Çarçuwaly ylalaşyga gol çekilmegi özge döwletlere iberilýän elektroenergiýanyň mukdaryny yzygiderli artdyrmak boýunça ýene bir möhüm ädim boldy.

Noýabr aýynyň başynda Milli Liderimiz Türki Döwletleriň Guramasynyň Astanada geçirilen 10-njy sammitindäki çykyşynda bu guramanyň düzümine girýän ýurtlar tarapyndan energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça «Ýol kartasynyň» taýýarlanmagyny teklip etdi. Şonda häzirki wagtda Türkmenistanyň goňşy doganlyk ýurtlar bolan Özbegistana we Gyrgyzystana öz elektrik energiýasyny iberýändigi aýdyldy. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň elektrik energiýasyny geljekde Hazar deňziniň üsti bilen doganlyk Azerbaýjana we Türkiýä hem iberip boljakdygy baradaky başlangyjy hyzmatdaş ýurtlaryň wekiliýetleriniň goldawyny gazandy.

Gün we ýel elektrik stansiýalarynyň işini ýola goýmak boýunça çäreler hem amaly häsiýete eýe bolup, Diýarymyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa taýdan arassa «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen, kuwwatlylygy 10 megawata deň bolan Gün we ýel utgaşdyrylan elektrik stansiýasyny gurmak babatda işleriň-de ugrukýandygyny aýratyn bellemelidiris. Hususan-da, ilkinji taslamany durmuşa geçirmek üçin institutymyzyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde-de ylmy-barlag işleri ýokary depginde alnyp barylýar.

2023-nji ýylyň 8-nji dekabrynda geçirilen Hökümet mejlisinde ýylyň 11 aýynda Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň, işleri we hyzmatlary amala aşyrmagyň meýilnamasynyň 112,6 göterim ýerine ýetirilendigi, elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgininiň 102,7 göterime deň bolandygy aýdyldy. Munuň özi ösüş depgini yzygiderli ýokarlandyrylýan halkara hyzmatdaşlyk boýunça täze gözýetimlere eýe pudagyň işiniň barha ilerledilýändigini görkezýär.

Orazmyrat MÄMMETNUROW.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty.