Moskwa, 2-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň çäklerinde RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň umumy mejlisinde maksatnamalaýyn çykyş etdi hem-de Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynda duşuşyk geçirdi.
Habar berlişi ýaly, dostlukly ýurduň paýtagtynda düýn Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşygy boldy. Onda iki döwletiň ynsanperwer, jemgyýetçilik, medeni ulgamlarda gatnaşyklary ösdürmäge, ýurtlarymyzyň arasynda zenanlaryň we ýaşlaryň ugry boýunça gatnaşyklary ýola goýmaga mundan beýläk-de ýardam bermegi maksat edinýändikleri tassyklanyldy. Gazanylan ylalaşyklar soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykarylan we häzirki döwrüň maksatlaryna, wezipelerine laýyk gelýän türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygyny giňeltmekde şu gezekki saparyň möhüm ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Federasiýa Geňeşi bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça parlamentara toparyny döretmek hakynda gol çekilen Ylalaşyk iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga täze itergi bermäge gönükdirilendir.
...Şu gün ir bilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň awtomobil kerweni Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň binasyna tarap ugrady. Merkezi girelgäniň öňünde hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň ýolbaşçylary mähirli garşylaýarlar.
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy umumy mejlisi açyp, şu gün Federasiýa Geňeşinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň meşhur döwlet syýasy işgäri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň wekiliýetiniň saparda bolýandygyny aýtdy. Walentina Matwiýenkonyň belleýşi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow üç gezek ýurduň Prezidenti wezipesine saýlanyldy. 2021-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň parlamentiniň ýokarky palatasyna ýolbaşçylyk edýär, öz ýurdunda hem, onuň çäklerinden uzakda hem uly abraýdan peýdalanýar. Milletiň hemaýatkäri, öňbaşçysy diýen manyny özünde jemleýän Arkadag adyna resmi derejede eýe boldy. Arkadagyň parasatly baştutanlygynda beýleki halklar babatda türkmen milletine mahsus bolan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunda öz beýanyny tapýar diýip, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy sözüni dowam etdi.
Soňky ýyllarda biziň kärdeşimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen hem-de hut özüniň gatnaşmagynda köpugurly parlament gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça taslamalar örän ýokary derejä çykaryldy diýip, Walentina Matwiýenko aýtdy. Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň paýtagtynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň, şeýle hem “5+1” täze “Aşgabat görnüşinde” zenanlaryň dialogynyň uly üstünlik bilen geçirilendigine aýratyn üns çekildi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda-da bu başlangyçlar işjeň durmuşa geçirilýär hem-de täze many-mazmuna eýe bolýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň hakyky dostudyr hem-de rus-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugrunda köp tagalla edýär we gujur-gaýratyny gaýgyrmaýar. Köp sanly ähmiýetli taslamalar Arkadagyň ady bilen baglanyşyklydyr, olaryň durmuşa geçirilmegi biziň ýurtlarymyzyň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge mümkinçilik berdi diýip, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy aýtdy.
Bellenilişi ýaly, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hormatly Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary döwlet sylagy — IV derejeli “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordeni bilen sylaglamak hakyndaky çözgüdi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň strategik hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna goşýan uly goşandynyň ykrarnamasy boldy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň alyp barýan döwlet we jemgyýetçilik işiniň ýaş nesil üçin nusgalyk göreldedigini aýratyn belläp, Walentina Matwiýenko hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berdi.
Russiýa Federasiýasynyň kanun çykaryjy edarasynyň wekilleri Türkmenistanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyny uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.
Gahryman Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygyny hem-de Federasiýa Geňeşiniň agzalaryny mübärekläp, ilki bilen, Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenka Russiýa Federasiýasyna resmi sapar bilen gelmäge çakylygy hem-de RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň belent münberinde çykyş etmäge, ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alyşmaga, kanun çykaryjylyk işi boýunça özara tejribe alyşmaga, halkara giňişlikdäki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemäge döredilen mümkinçilik üçin aýratyn minnetdarlyk bildirdi.
Çykyşyň meselelerine geçmezden ozal, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Walentina Matwiýenko, Federasiýa Geňeşiniň ähli agzalaryna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň salamyny we üstünlikli işlemek baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda üstünlikli geçen “Merkezi Aziýa — Russiýa” Parlamentara forumynyň dowamynda Russiýanyň wekiliýeti bilen bolan duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýar, rus tarapynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine üýtgewsiz ygrarlydygyna ýokary baha berýär.
Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň kanun çykaryjy edaralarynyň ýakyn özara gatnaşyklary iki döwletiň arasyndaky toplumlaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm we aýrylmaz bölegidir. Soňky ýyllarda iki ýurduň parlamentleriniň bilelikdäki tagallalary netijesinde köp işler durmuşa geçirildi. Durnukly parlamentara dialog ýola goýuldy, hünär gatnaşyklarynyň gurallary işledildi, yzygiderli esasda wekiliýetler alşylýar diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady hem-de bu işi iki döwletiň halklarynyň arasyndaky özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm we netijeli bölegi hasaplaýandygyny aýdyp, oňa ýokary baha berdi.
Şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň iki ýurduň parlamentleriniň ýokarky palatalarynyň Başlyklarynyň orunbasarlarynyň derejesinde Hyzmatdaşlyk boýunça parlamentara toparyny döretmek baradaky teklibini Türkmenistanyň uly hormat bilen goldandygy hem-de ony iki tarapyň hem bähbidine laýyk hasaplaýandygy bellenildi. Türkmen-rus parlamentara gatnaşyklary sebit we ählumumy derejede parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar. Biziň parlamentarilerimiziň halkara forumlaryň işine gatnaşmagy syýasy, ykdysady, ynsanperwer hyzmatdaşlygyň üstünlikli alnyp barylmagy üçin amatly hukuk ýagdaýlaryny we şertlerini döretmäge gönükdirilendir, olaryň işi diplomatiýanyň ozaldan gelýän usullaryny baýlaşdyrýar. Parlament diplomatiýasy döwletara gatnaşyklaryň görnüşi bolup, dürli meseleleri syýasy-diplomatik usullar we serişdeler arkaly netijeli çözmäge mümkinçilik berýär.
Çykyşynyň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy parlament diplomatiýasynyň halkara giňişlikde parahatçylygy, ynanyşmagy we açyklygy pugtalandyrmak işine uly goşant goşmaga, dünýäniň syýasy gün tertibine oňyn itergi bermäge, ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň düzgünleriniň, esasy halkara ylalaşyklaryň we konwensiýalaryň ýoýulmagyna ýol bermezlige gönükdirilendigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, dürli ýurtlaryň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, dünýäde döredilen parlament birleşikleriniň, ilkinji nobatda, olaryň iň irisiniň we abraýlysynyň — Parlamentara Birleşigiň orny ýokarlanýar diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň wekilleri onuň işine işjeň gatnaşýarlar, häzirki döwrüň ösüşiniň möhüm meseleleri boýunça ylalaşykly çykyş edýärler diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy kanagatlanma bilen belledi we biziň ýurtlarymyzyň wekiliýetlerine bu düzümde şeýle hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegiň, halklarymyza taryhy taýdan mahsus binýatlaýyn gymmatlyklara we ýörelgelere laýyklykda, ileri tutulýan ugurlary kesgitlemegiň zerurdygyny nygtady.
Populizm, gysga wagtlyk syýasy bähbitlere kowalaşmak, oňa köre-körlük bilen eýermek hiç haçan uzak möhletleýin geljekde döwlete-de, jemgyýete-de, peýda getirmändi diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy we şunuň bilen birlikde, elbetde, biz halkara parlamentarizmiň hem-de kanun çykaryjylygyň, hakykatdan-da, peýdaly tejribelerinden ýüz öwürmeli däldiris, olardan durmuş tarapyndan tassyklanan iň oňadyny almalydyrys diýip belledi.
Häzirki günde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň görnüşindäki gatnaşyklar uly ähmiýete eýe bolýar. Biziň pikirimizçe, bu geljegi örän uly ugur diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň wekilleriniň bu meýdançada bilelikdäki başlangyçlary bilen, ilkinji nobatda bolsa, gatnaşyjy döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak, ynsanperwer, jemgyýetçilik, medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek, zenanlaryň we ýaşlaryň ugry boýunça gatnaşyklary ýola goýmak meselelerinde başlangyçlar bilen çykyş etmelidiklerini belledi.
Sebit we sebitara parlament forumlarynyň çäklerindäki bilelikdäki işimiz netijeli hyzmatdaşlygyň ýene-de bir görnüşidir. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanda üstünlikli geçen iki iri çäräniň — Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň ähmiýeti bellenildi. Şunuň bilen birlikde, geçirilen maslahatlaşmalara, duşuşyklara we gepleşiklere ähli gatnaşyjylar tarapyndan ýokary baha berlendigi nygtaldy. Çärelere Walentina Matwiýenkonyň ýolbaşçylygyndaky rus wekiliýetiniň işjeň gatnaşygyny aýratyn belleýäris diýip, Gahryman Arkadagymyz munuň üçin Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Söwda-ykdysady ulgam Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň strategik hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň oňyn ösüşini, eksport-import amallarynyň möçberiniň artýandygyny, türkmen we rus kompaniýalarynyň giň möçberli, uzak möhletleýin ykdysady taslamalary amala aşyrýandyklaryny belledi. Energetika, ulag, ýokary tehnologiýalar ulgamlary, senagat, söwda, oba hojalygy tagallalary birleşdirmegiň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Häzirki günde ykdysadyýetiň şu we beýleki ugurlarynda Türkmenistanda täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmäge, ýollary we düzümleri gurmaga, dürli pudaklara innowasiýalary, täze tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen uly işler amala aşyrylýar.
Biz hemişe Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy, olara täze hil-häsiýetiň berilmegi, bu gatnaşyklaryň köpugurly ykdysady hyzmatdaşlyk derejesine çykarylmagy we şunda esasy ornuň maýa goýum, maliýe, tehnologiýa ugurlaryna degişli bolmagy ugrunda çykyş edýäris diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Biziň pikirimizçe, ýokarda agzalan wezipeleriň çözülmegine iki ýurduň parlamentarileri öz goşandyny goşmalydyrlar. Häzirki döwrüň ykdysady gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän täze kanunlary kabul etmek, bu ugurda milli kanunçylyklarymyzy oýlanyşykly we deňagramly sazlaşdyrmak, ikitaraplaýyn ykdysady ylalaşyklary öz wagtynda tassyklamak, ykdysady taýdan kooperirleşmegiň meselelerine parlament derejesinde özara garamak türkmen-rus ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmek maksady bilen, biziň ýakyn wagtda garamaly meselelerimiziň diňe bir bölegidir diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady. Şunuň bilen baglylykda, parlamentarileriň bu ugurlardaky takyk we sazlaşykly işiniň türkmen hem-de rus taraplarynyň iki döwletiň arasyndaky däp bolan dostlugy, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalarynyň möhüm bölegi boljakdygyna ynam bildirildi.
Biziň şu günki duşuşygymyz Türkmenistanyň we Russiýanyň halklarynyň medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryna gysgaça üns çekmäge oňyn mümkinçilik döretdi. Halklarymyzyň gadymy taryhy, medeni kökleriniň we dünýägaraýyşlarynyň umumylygy, parahatçylyk, hoşniýetlilik, adalatlylyk taglymlaryna esaslanýan däp-dessurlary köpugurly ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin berk binýatdyr. Medeniýetiň, sungatyň, ylmyň, bilimiň üsti bilen biz hyzmatdaşlygymyzyň strategiýasyny we mazmunyny baýlaşdyryp bileris diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de häzirki pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanda rus diline, edebiýatyna, rus halkynyň medeni we ruhy gymmatlyklaryna uly hormat goýulýandygyny aýratyn bellemek isleýärin diýip, sözüni dowam etdi.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda rus dilinde bilim berýän onlarça mekdebiň bardygy, A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän türkmen-rus mekdebiniň hereket edýändigi, rus diliniň ähli orta we ýokary okuw mekdeplerinde okadylýandygy kanagatlanma bilen bellenildi. Häzirki wagtda Aşgabatda Rus drama teatrynyň taslamasynyň we gurluşygynyň üstünde işlenilýär, Türkmen-rus uniwersitetini döretmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Şunuň bilen birlikde, şu belent münberden Russiýanyň çäklerindäki ýadygärliklerde, heýkel kompozisiýalarynda, edaralaryň atlarynda türkmen halkynyň beýik ogly, filosof, şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň keşbiniň ebedileşdirilendigi üçin minnetdarlygymy beýan etmek isleýärin. 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy belleniler diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.
Aýdylanlary nazara alyp, hormatly Arkadagymyz medeni-ynsanperwer ulgamda parlamentara gatnaşyklaryň mümkinçiligine garalmagyny maksadalaýyk hasaplaýandygyny, bu gatnaşyklaryň mazmunyny degişli orta möhletleýin toplumlaýyn maksatnamada beýan edip boljakdygyny belledi. Bu resminamany işläp taýýarlamak, iki ýurduň parlamentleriniň ýokarky palatalarynyň ugurdaş komitetlerine tabşyrmak teklip edildi. Şeýle hem Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň we Russiýanyň parlamentarileriniň öz belent jogapkärçiliklerine düşünýän, hemme işlerini adamlaryň bähbidine gönükdirýän pikirdeşdiklerine ynam bildirdi.
Parahatçylyk we ösüş, raýatlarymyzyň abadançylygy, adam kuwwatyny doly derejede açmak üçin şertleri döretmek, elbetde, Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň halklarynyň hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak biziň umumy maksatlarymyzdyr. Şunuň bilen bir hatarda, ýurtlarymyzyň arasyndaky ýakyn parlamentara dialogy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldamaga, özara düşünişmäge, kanun çykaryjylyk işi boýunça giňden tejribe alyşmaga ýardam bermäge ähli netijeli pikirleri we başlangyçlary höweslendirmäge taýýarlyk tassyklanyldy. Munuň özi Türkmenistanyň we Russiýanyň halklarynyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýär, döwletara hyzmatdaşlygyň strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýar.
Çykyşynyň ahyrynda hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenka, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň ýokarky palatasynyň ähli agzalaryna bu döredijilikli işe işjeň gatnaşandyklary we saldamly goşantlary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Soňra hormatly Arkadagymyzyň awtomobil kerweni Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň binasyna tarap ugrady. Esasy girelgäniň öňünde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyny Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin mähirli garşylaýar. Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygynyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Wýaçeslaw Wolodin hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalaryny mübärekläp we olary Moskwada görmäge şatdygyny ýene bir gezek belläp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň şu gezekki resmi saparynyň Döwlet Dumasynyň we Türkmenistanyň parlamentiniň arasynda özara gatnaşyklaryň parlament ugruny açýandygyny kanagatlanma bilen belledi.
Nygtalyşy ýaly, milli parlamentiň ýolbaşçysynyň Döwlet Dumasynda taryhda ilkinji gezek geçirýän duşuşygy iki ýurduň parlamentara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer. Düýn Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen geçirilen gepleşikleriň hem-de kabul edilen çözgütleriň iki döwletiň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, gatnaşyklaryň täze görnüşlerinden peýdalanmak üçin goşmaça mümkinçilikleri açar hem-de Russiýanyň we Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam berer. Şunuň bilen birlikde, Wýaçeslaw Wolodin hormatly Arkadagymyzyň döwletara strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, parlamentara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine, iki halkyň dostlugynyň we özara düşünişmeginiň pugtalandyrylmagyna goşýan ägirt uly goşandyny belledi.
Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna söz berilýär.
Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodini hem-de wekiliýetiň agzalaryny mübärekläp, iki ýurduň parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alyşmaga, kanun çykaryjylyk işinde özara tejribe alyşmaga oňat esas bolýan mümkinçilige şatdygyny belledi. Federasiýa Geňeşinde düýn geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýeti, Federasiýa Geňeşiniň we Halk Maslahatynyň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça parlamentara toparyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekilmeginiň taryhy ähmiýeti nygtaldy.
Bu baradaky gürrüňiň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça we RF-niň howandarlygynda şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen «Merkezi Aziýa — Russiýa» birinji Parlamentara forumynyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň möhüm ähmiýetine aýratyn üns çekildi.
Bellenilişi ýaly, kanun çykaryjylyk meselelerinde köp sanly çözgütleriň kabul edilmegi şu günki döwrüň talabydyr, munuň özi hukuk ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilikleri açýar. Ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine hem-de taraplaryň her biriniň bähbitlerini hasaba almak bilen, dürli ugurlarda bar bolan mümkinçiliklere aýratyn üns çekildi. Şunda halklarymyzyň bähbidine bilelikdäki uly işleriň öňde durýandygy bellenildi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ylym-bilim ulgamyny döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdepleri tamamlanylýança rus diliniň öwrenilmegine uly üns berilýändigi aýdyldy. Arkalaşygyň döwlet Baştutanlarynyň şu ýylyň 14-nji oktýabrynda geçirilen sammitinde 2023-nji ýylyň GDA ýurtlarynda milletara gepleşik dili hökmünde “Rus diliniň ýyly” diýlip yglan edilendigini ýatladýarys. Şeýle-de hormatly Arkadagymyz Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Wladimir Putiniň çözgütlerine laýyklykda, geljek ýyl Türkmenistanda Türkmen-rus uniwersitetiniň düýbüniň tutuljakdygyny belledi.
Sport ulgamy türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda iri sport ýaryşlaryny geçirmek üçin häzirki zaman düzümlerini öz içine alýan uly mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy. Mundan başga-da, ýaşlar syýasaty we gender deňligi ulgamyndaky mümkinçiliklere üns çekildi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy syýasy meseleler barada aýdyp, Türkmenistanyň Bitarap döwletdigini, onuň bu babatdaky hukuk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek, 1995-nji ýylda hem-de 2015-nji ýylda ykrar edilendigini we saýlap alan ýoluna berk eýerýändigini nygtady. Biziň ýurdumyzyň strategik hyzmatdaşy bolan Russiýanyň ilkinjileriň hatarynda Milletler Bileleşiginiň bu çözgüdini goldandygyny aýdyp, hormatly Arkadagymyz munuň üçin rus tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Çykyşynyň ahyrynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy şu günki duşuşygyň jemleriniň Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna, biziň halklarymyzyň arasyndaky dostluga, özara düşünişmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmansöýerlik hem-de mähirli kabul edilendigi üçin rus tarapyna minnetdarlyk bildirip, bilelikdäki netijeli işi dowam etdirmäge pugta ygrarlydygyny tassyklady we Döwlet Dumasynyň ýolbaşçysyny özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Duşuşygyň dowamynda netijeli türkmen-rus gatnaşyklaryny okgunly ösdürmekde parlament diplomatiýasynyň eýeleýän möhüm orny nygtaldy. Iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek, şeýle-de bilelikdäki çäreleri guramak arkaly tejribe alyşmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna aýratyn üns çekildi. Taraplaryň pikirine görä, hukuk ulgamynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi deňhukuklylyk, ynanyşmak, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam bermelidir.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň sebitara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna garamak üçin geçiriljek Hazarýaka döwletleriň parlament ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşmak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň birnäçesi boýunça taraplaryň garaýyşlary beýan edildi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin hoşlaşanlarynda, netijeli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy giňeltmäge, iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine dostluk, ynanyşmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga iki tarapyň hem ygrarlydygyny tassykladylar.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasyna resmi sapary dowam edýär.