Täze binada nepis halylar dokalýar

Belent durky, gül görki bilen dumly-duşa ýaraşyk berýän täze bina Gün nuruna öwşün atýar. Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag etrabyndaky haly önümhanasynyň döwrebap binasy ezelden gelýän inçe sungatyň, deňsiz-taýsyz nepisligiň täze nusgalarynyň döredilýän ýerine öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramy mynasybetli toý dabaralary bilen nurlanýan häzirki günlerde önümhananyň giň hem ýagty eýwany täze güýç bilen batly kakylýan daraklaryň owazyna dolýar, işiň başky güni täze ýüwürdilen halylaryň gölleri bitip, eýýäm boýy ýetip barýar.

Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň iýul aýynda ýurdumyzyň demirgazyk welaýatyna sahawatly saparyna gabatlanyp ulanylmaga berlen bu bina etrabyň ellerinden dür dökülýän gelin-gyzlaryna ajaýyp toý sowgady boldy. Ýarym gektara barabar umumy meýdanyň esasy bölegini haly kärhanasynyň iki gatly binasy eýeleýär. Onuň degresini giň howly, goşmaça gulluk jaýlary gurşap alýar. Binanyň birinji gatynda giňligi 860 inedördül metre barabar bolan eýwan ýerleşýär. Giň hem ýagty eýwanda haly ýüwürdilýän, dokalýan sütün-enjamlaryň 40 sanysy, ölçeg möçberine laýyklykda, degişli tertibi bilen oturdyldy. Sowadyjy hem gyzgyn berýän ýörite enjamlar halyçylaryň 150-siniň esasy işlejek ýeri bolan giň eýwanda ýylyň ähli paslynda howanyň amatly derejesiniň saklanmagyny üpjün edýär.

Kärhananyň edara işleri ýöredilýän iş otaglary, haly we haly önümleriniň muzeýi, taýýar önümleri saklamak üçin iki sany ammar, ussahana hem gulluk jaýy binanyň ikinji gatynda ýerleşýär. Muzeý üçin niýetlenen giň otagda dürli ululykdaky halylaryň birnäçesini rejeläp goýmak üçin enjamlar bar. Bu ýörite otaglaryň hatarynda dabaraly maslahatlary, dürli medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen uly eýwan, şeýle-de garbanyşhana bar. Mahlasy, täze döwrümiziň ruhunda gurlan, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edilen haly önümhanasynyň täze jaýynda çeper elli halyçy gelin-gyzlaryň döredijilikli zähmet çekmegi, arakesme wagtynda oňat dynç almagy üçin ähli amatlyklar döredildi.

Welaýatda has irki döwürlerden bäri hereket edýän etrabyň haly kärhanasynyň ussat halyçylarynyň dokaýan dürli ölçegli haly we haly önümleri ýurt derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde ýylyň-ýylyna öňdäki orunlary eýeleýär. Etrabyň halyçy gelin-gyzlarynyň köp ýyllyk zähmetine, çeper sungatyna ýokary baha berilýär. Önümhanada hormatly ada mynasyp bolan, döwlet sylaglary bilen sylaglanan halyçylaryň 15-si zähmet çekýär. Haly kärhanasynda her aýda 130 — 150 inedördül metr haly we haly önümleri dokalýar. Olaryň aglabasy ýörite buýurmalar boýunça täze gurulýan jaýlar, durmuş maksatly binalar üçin dokalýan uly göwrümli halylardyr. Haly önümhanasynyň gözegçi-hünärmeni Roza Baýramowa şeýle halylaryň köne nagyşlar salnyp, owadan göller bilen görklenýändigini aýdýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlup ulanylmaga berlen «Türkmeniň ak öýi» binalary üçin dürli ölçegli halylar dokaldy. Ylaýta-da, «derweze» gölli halylar owadanlygy bilen haýran galdyrýar. Ini iki, boýy üç metrlik halyda bu gölleriň dördüsi simmetrik ýerleşýär, olar gadymy galalaryň gapylaryna, derwezesine oýulyp çekilen nagyşlara çalym edýär. Bu halyny synlanyňda, şol gadymy galanyň bosagasynda duran ýaly duýgy döreýär. Kärhananyň ussat halyçylarynyň «Togrul göl» (ony başgaça «Gumly göl» diýip hem atlandyrýarlar), «Akmaýanyň ýoly», «Çapman göl» atly göller salnan halylary bäsleşiklere hödürlenildi.

Döwrebap binada täze haly ýüwürdip, gaýtalanmajak gölleri nurlandyrýan çeper elli halyçy gelin-gyzlar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna mynasyp zähmet sowgadyny taýýarlaýarlar. Halypa halyçylar Maral Otuzowa, Hurma Töräýewa, Täzegül Pürenowa öz şägirtlerine bu nepis sungatyň inçe syrlaryny öwredýärler. Ýaş halyçylar Mährijemal Ataýewa, Oguljemal Gaýlyýewa, Gülnabat Saryýewa netijeli zähmet çekmegiň asylly göreldesini görkezýärler.

Çeper elli halyçylar şeýle ajaýyp binany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

Amanmyrat SAPAROW.

«Türkmenistan». Surata düşüren Allanur SAPAROW.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/39735