Aşgabat, 27-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýakynda geçiriljek Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty açyp, möhüm wakanyň — Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň ýakynlaşyp gelýändigine ünsi çekdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biziň Garaşsyz döwletimizi 2022 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň örän möhüm ugurlaryny kesgitlemek onuň esasy meseleleriniň biridir.
Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa hem-de Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada maglumatlary berdiler. Milli Geňeşiň Halk Maslahaty, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we degişli ministrlikler, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyryldy.
Hormatly Prezidentimiz geljek 30 ýyl üçin ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň çözgütlerini kabul etmegiň zerurdygyny nygtap, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, beýleki degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde utgaşykly işleriň alnyp barylmalydygyny belledi.
Biz Garaşsyz döwletimiziň ykbaly, nesillerimiziň geljegi üçin uly jogapkärçilik çekýäris. Şoňa görä-de, häzir biziň öňümizde şeýle uly wezipeler durýar: biz döwletimizi we onuň institutlaryny geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemelidiris we düzmelidiris diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz biz halkyň wekilleriniň çykyşlaryny we tekliplerini diňlemegi göz öňünde tutýarys diýip belledi.
Milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmek üçin ähli serişdeleridir mümkinçilikleri peýdalanmagy örän möhüm wezipe hökmünde öňe sürýäris. Döwlete dahylsyz pudagy ösdürmek üçin ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna geçirmegi, telekeçiligi döwlet tarapyndan giňden goldamagy göz öňünde tutýarys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz halkara we sebitara ähmiýeti bolan maýa goýum taslamalaryny, giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga gönükdirilen işleriň yzygiderli dowam etdiriljekdigini nygtady. Şeýle hem önümçilik pudaklarynda barlaglary geçirmegi, ylmyň gazananlaryny we innowasiýalary ornaşdyrmagy goldamalydyrys.
Bazaryň ösüşini mundan beýläk-de işjeňleşdirmek maksady bilen, ony durnuklylaşdyrmak we özgertmeler hem-de açyklyk syýasatyny giňeltmek boýunça tagallalary artdyrmalydyrys diýip, milli Liderimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu meselede ileri tutulýan ugruň adamlaryň durmuş şertlerini gowulandyrmagy, şeýle hem makroykdysady ýagdaýy durnuklylaşdyrmagy gazanmakdan ybaratdygyny belledi. Döwrüň talabyna görä, kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek hem-de geljekde Konstitusiýamyza hem üýtgetmeleri girizmek zerurdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistany geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemek boýunça Maliýe we ykdysadyýet ministrligi we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde işleri alyp barmagyň zerurdygyny belledi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň gün tertibi bilen bagly meseleler boýunça ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen bilelikde işleri alyp barmaly, olara guramaçylyk-usulyýet kömegini bermeli.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda tutýan orny, ýurdumyzyň milli demokratik ösüş ýoly barada wagyz-nesihat işleri alnyp barylmalydyr.
Milli Geňeşiň Mejlisi ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Şu soragda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň oňyn tejribesinden, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur almaly.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, şu ýyl Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilenine 30 ýyl dolýandygyna ünsi çekdi. Şoňa görä-de, Esasy Kanunymyzyň many-mazmunyny we kadalaryny, esasan hem, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda alnyp barylýan uly işleri halk köpçüligine giňden wagyz etmek boýunça çäreler toplumynyň geçirilmelidigini tabşyrdy.
Daşary işler ministrligi bilen bilelikde şu ýylyň maý aýynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna, onuň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyna gowy taýýarlyk görmeli. Parlamentara forumyň gün tertibiniň taslamasyny düzüp, bu ugurda ýurdumyzyň Hökümeti bilen bilelikde işleri alyp barmaly diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Dürli ýurtlaryň parlamentleri, şeýle hem abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak we ösdürmek boýunça netijeli işleri dowam etmeli. Parlamentara toparlaryň, dostluk toparlarynyň işine Halk Maslahatynyň agzalarynyň hem gatnaşmagy üçin degişli işleri alyp barmaly.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça Hökümet, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ylmy edaralar, jemgyýetçilik birleşikleri, ýokary okuw mekdepleri bilen ýakyndan aragatnaşyk etmelidigini aýdyp, bu edaralaryň wekilleriniň iş toparlarynyň işine gatnaşmagyny ýola goýmagy tabşyrdy.
Syýasy partiýalar hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini wagyz etmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylmalydyr.
«Döwlet adam üçindir!» diýen syýasaty alyp barýan berkarar döwletimizde raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak, durmuş goraglylygyny pugtalandyrmak boýunça yzygiderli alada edilýär. Ekologiýa babatda amala aşyrylýan işlerde hem uly öňegidişlikler gazanylýar. Şunuň ýaly üstünlikli gadamlar “Açyk gapylar” syýasatyny, Bitaraplyk ýörelgelerini durmuşa geçirmekde hem aýdyň ýüze çykýar.
Ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy, nou-haulary ornaşdyrmak, şular bilen baglylykda, ýaşlaryň häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarmaklaryny gazanmak ugrunda birnäçe ähmiýetli işler amala aşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz bular barada aýtmak bilen, ýaşlar syýasatynyň meseleleriniň üstünde aýratyn durup geçdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, geljegimiz bolan ýaşlar sagdyn durmuş ýörelgelerine pugta eýerip, sport we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmalydyrlar, olar zähmetiň gadyryny bilmelidirler. Şunda parasatly ýaşulularymyzyň, ak sakgally gojalarymyzyň pähimlerini ýerlikli ulanmak gerek. Ýaşlaryň mukaddes Watanymyzyň geljegidigine düşünmeklerini gazanmaly diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy ösdürmegiň täze maksatnamalarynyň jemi içerki önümiň möçberini düýpli artdyrmak, ahyrky netijede, adamlaryň hal-ýagdaýyny we ýaşaýyş-durmuşynyň hilini ýokarlandyrmagy gazanmak ýaly wezipeleri çözmäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.