Arkadag şäheri, 28-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.
Myhman baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we gutlaglaryny ýetirdi. Tatarystanyň Raisi şu gezekki giň gerimli dabaralaryň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä siwilizasiýasynyň hem bahasyna ýetip bolmajak genji-hazynasy bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň barha artýandygynyň aýdyň güwäsidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Rais Rustam Minnihanowy gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, Russiýanyň Prezidentine mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň dowamynda milli ykdysadyýetleriň bähbitlerini we birnäçe iri taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerindäki köpýyllyk bilelikdäki işiň baý tejribesini nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm guraly hökmünde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-tatar iş toparynyň orny bellenildi.
Rustam Minnihanow Tatarystanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum gurşawynyň, Türkmenistanyň öz üstüne alan borçnamalaryna pugta eýerýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ýokary halkara abraýynyň munuň şeýle bolmagyna ýardam edýändigini nygtady. Netijeli medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk, şol sanda ylym-bilim ulgamyndaky işjeň özara gatnaşyklar aýratyn bellenildi.
Tatarystanyň Raisi türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň goldaw bermeginde Türkmenistanda milli ruhy we maddy medeniýetiň gadymy däplerini öwrenmek, gaýtadan dikeltmek, gorap saklamak, dünýä ýaýmak boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, däp bolan ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň mizemezdigini tassykladylar.