«Täsin älem» täzeçilligiň gözleginde

Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda mebel önümçiligi boýunça kärhanalaryň birnäçesi hereket edip, olar bu ugurda guwandyryjy işleri alyp barýarlar. Öndürýän önümleri bilen ilat arasynda uly meşhurlyk gazanan şeýle kärhanalaryň biri-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Perhat Babaýewe degişli bolan «Täsin älem» söwda nyşanly önümleri bilen adygan önümçilik toplumydyr.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat hem-de Ak bugdaý etrap birleşmeleriniň başlangyjy esasynda agzalan öňdebaryjy kärhanada bolup, önümçilik işleriniň ýola goýluşy bilen tanyşmagy makul bildik. Bu ýerde bizi kärhananyň ýolbaşçysy Perhat Babaýew garşylap, önümçilik bölümlerinde işleriň ýola goýluşy we öndürilýän önümleriň aýratynlygy hakda gürrüň berdi.

Kärhananyň önümçilik bölümleri dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň häzirki zaman tehnologiýalary we enjamlary bilen üpjün edilendir. Şeýle kämil enjamlar arkaly bu ýerde ýatylýan otaglaryň krowatlaryna niýetlenen dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply dürli görnüşdäki we ölçegdäki düşekdir ýassyklar öndürilýär. Bu harytlaryň hiliniň ösen talaplara laýyk gelmegine önümçilik işiniň her bir basgançagynda hil derejesine ýörite gözegçilik tehnologiýalary bilen gözegçilik edilmegi, şeýle-de önümçilik işinde ulanylýan önümleriň hili bilen baglanyşyklydyr.

Kärhananyň önümçilik bölümindäki enjamlar bir iş çalşygynda ýatylýan otaglar üçin düşegiň 300-sini öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu düşekler ýumşaklygy, ýatmaga ýakymlylygy we rahatlygy bilen tapawutlanýar. Önümçilik işinde buýrujylaryň ösen islegleriniň göz öňüne tutulmagy bolsa, önümleriň görnüşleriniň artmagyna itergi berýär. Ildeşlerimiziň sargytlary esasynda öndürilýän düşekdir ýassyklar diňe bir biçüw aýratynlygy bilen tapawutlanman, bezegindäki reňk öwüşginleri we owadan şekilleri bilen hem ünsi çekýär.

Kärhanada geljekde mebelleriňdir gurnamalaryň täze görnüşleriniň, şeýle-de ýumşak oturgyçlaryň önümçiligini ýola goýmak göz öňüne tutulýar. Munuň üçin kärhananyň hünärmenleri degişli işleri alyp barmak bilen, bu ugurda gazanylan tejribeleri öwrenýärler hem-de hususy pudagyň wekillerine berýän goldaw-hemaýatlary üçin hormatly Prezidentimize alkyşly sözlerini aýdýarlar.

Ýörite habarçymyz.

SURATLARDA: kärhananyň işinden pursatlar.