Hormatly Prezidentimiziň goldaw bermegi we uly ynam bildirmegi netijesinde ýurdumyzyň telekeçilik ulgamy barha ösýär. Hususy pudak bazarlarymyzda haryt bolçulygyny döredip, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynda öz mynasyp ornuny berkidýär. Türkmen işewürleri täze tehnologiýalara daýanyp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerini birkemsiz tutup bilýän önümçiligi döredýärler. Ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň daşary döwletlere çykarylmagynda-da işewürlerimiz yhlaslylyk görkezýärler. Olar ýurdumyzyň ähli pudagynda zähmet çekip, harytlaryň dürli görnüşini, şol sanda durmuş himiýasyna degişli önümleri hem öndürýärler. Durmuş himiýasyna degişli önümleri öndürmekde «Täç hil» hususy kärhanasynyň ýeterlik tejribesi bar. Golaýda bu hususy kärhananyň hünärmeni Haknazar Haljanow bilen söhbetdeş bolduk. Şonda ol şeýle gürrüň berdi:
— Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 17 — 23-nji martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli senagatçylaryň hem-de telekeçileriň sergisi geçirildi. 18-nji martda hormatly Prezidentimiziň hut özi sergä baryp, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz telekeçileriň işine gowy baha berip, olaryň milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşinde möhüm orun eýeleýändigini belledi hem-de ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda zerur tagallalaryň ediljekdigini aýtdy. Bu sözler biz — telekeçileri täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy.
Hususy kärhanamyz 2009-njy ýyldan bäri işläp gelýär. Önümçilige Germaniýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň tehnologiýalary ornaşdyryldy. Önüm öndürmek awtomatlaşdyrylan usulda amala aşyrylýar. Kärhanamyzda 100-den gowrak hünärmen zähmet çekýär. Olaryň aglabasynyň ýaşlardygyny aýratyn belläsim gelýär.
Kärhanamyz elmydama täzeligiň gözleginde. Her ýyl diýen ýaly, önümlerimiziň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýýarys. Mysal üçin, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň başlarynda täze önümi — «Titi» aýna ýuwujy serişdäni çykaryp başladyk. Ol limon we deňiz yslydyr. Serişdäni 750 millilitrlik gaplarda müşderilere hödürleýäris. Kärhanamyzyň kuwwatlylygy, beýleki önümleri almanymyzda-da, diňe aýna ýuwujy serişdäniň 5 müňe golaýyny çykarmaga mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda saç ýuwujy, egin-eşik ýuwujy, ýumşadyjy, agardyjy, gap-gaç ýuwujy, suwuklandyrylan sabyn ýaly tämizlik, arassaçylyk serişdelerini öndürýäris. Köpürjikleýän sabynlaryň öndürilişini hem ýola goýduk. «Anbar» haryt nyşanly bu sabyn ýakymly atyr ysy, gowy hilliligi bilen tapawutlanýar. Sabynyň bu görnüşini 400 millilitrlik gaplara gaplaýarys. Her gün onuň 16 müňe golaýyny öndürýäris. Ýaşyl, gyzyl, mawy reňkli sabynlaryň hersiniň özüne mahsus atyr ysy bar. Bu hem alyjylary özüne çekýär. Erkek adamlar we zenanlar üçin atyrlaryň 30-a golaý görnüşini öndürýäris. Tämizlik, arassaçylyk — saglygyň girewi. Egin-eşiklerimiz, bedenimiz arassa, öýlerimiz tämiz bolanda özümizi duýşumyz hem gowy bolýar. Şonuň üçinem kärhanamyz arassaçylyk serişdelerini öndürmäge ýöriteleşdirilendir.
Bu serişdeler diňe ýurdumyzda geçginli harytlar bolman, eýsem, daşary ýurtlarda-da olara bolan isleg barha artýar. Mysal getirsek, önümlerimizi Gazagystan, Gyrgyz, Özbegistan Respublikalaryna eksport edýäris. Geljekde beýleki ýurtlar bilen hem hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maksat edinýäris.
Kärhanamyz ýurdumyzda ilkinji bolup, zir-zibil üçin niýetlenilen polietilen torbalaryň ýüpli we ýüpsüz görnüşlerini öndürip başlady. Bu önümçilik geçen ýylyň noýabr aýynda ýola goýuldy. Torbalar 30, 60, 70 litrlik ölçegdäki görnüşlerde çykarylýar. Olar götermäge, ulanmaga örän amatly. Şonuň üçin olar alyjylaryň ünsüni özüne çekýär. Şeýle-de kärhanamyz önümleriň täze görnüşini — awtoulag şampunlaryny, awtoulaglara ys beriji, awtoulaglaryň tekerlerini garaldyjy serişdeleriň hem önümçiligini ýola goýdy.
Türkmen işewürlerine amatly şertlerde işlemäge, önümçiligi döwrebap usullar bilen baýlaşdyrmaga giň ýol açýan hormatly Prezidentimize köp sag bolsun aýdýarys. Ýurt Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işlerinde rowaçlyklar arzuw edýäris!
Ýazga geçiren Akmyrat NURALYÝEW.
«Türkmenistan».