«Şa», «Emir», «Ýunus», «Tumar», «Dana», «Era»... «Şatumar» hususy kärhanasynyň bu önümleri öý bikelerine bireýýämden bäri tanyş bolsa gerek. Egin-eşikleri ýuwmak üçin niýetlenen ýuwujy, ýumşadyjy, agardyjy serişdeler, gap-gaçlary, aýnalary ýuwmak üçin niýetlenen ýuwujy we ys beriji erginler, şampunlaryň, sabynlaryň, diş pastalarynyň, el ýumşadyjy kremleriň, hoşboý ysly atyrlaryň dürli görnüşleri... Dogrusy, ýaşaýyş-durmuşymyzy bularsyz göz öňüne getirmegem mümkin däl. Bu serişdeleriň bar ýerinde tämizlik bar, arassaçylyk, saglyk bar. Olar biri-biri bilen berk baglanyşykly. Halk arasynda aýdylyşy ýaly, arassaçylyk — saglygyň girewi, saglyk bolsa ynsan üçin iň gymmatly baýlykdyr.
Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň J.Atajanow adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän, 10 ýyldan gowrak wagt bäri hereket edýän «Şatumar» hususy kärhanasynyň agzybir zähmet toparynyň öndürýän önümleriniň görnüşleri 150-den geçýär. Kärhana şu ýyl täze önümi — çygly el süpürgiçlerini öndürip, alyjylara hödürledi.
Owadan gaplara gaplanan «Şatumar» haryt nyşanly önümler diňe Mary welaýatynyň däl, eýsem, paýtagtymyzyň, ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynyň bazarlarynda, söwda dükanlarynda hem islegli harytlaryň biri. Olar ýokary hilliligi bilen birlikde, bahalarynyň elýeterliligi bilen hem müşderiniň ünsüni çekýär.
Hususy kärhananyň önümhanasyna iň kämil, häzirki zaman enjamlary ornaşdyrylyp, ol ýerde hünärmenleriň 100-den gowragy zähmet çekýär. Atlary agzalyp geçilen önümler bilen bir hatarda, turbalary hapadan arassalaýan erginler hem öndürilýär. Ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli, harytlyk görnüşi bada-bat gözüňe ilýän önümleriň aglaba böleginiň goňşy Gazagystan, Täjigistan, Owganystan, Özbegistan döwletlerine eksport edilmegi, olaryň daşarky bazarda hem uly islege eýedigini aňladýar.
— Önümleriň hersiniň özboluşly aýratynlygy bar. Edil şonuň ýaly-da, müşderileriň bu önümlere islegi hem birmeňzeş däl. Öý bikeleriniň käbiri ilki önümiň bir görnüşinden satyn alyp, ony synap görýär, göwnüne makul bolan halatynda, mydama şol görnüşini ulanmaga çalyşýar. Käbirleri bolsa birbada önümleriň ähli görnüşlerinden satyn alyp, soňra olaryň arasyndan özüne gereklisini yzygiderli ulanýar. Şonuň üçin-de biz müşderilerimiziň isleglerini kanagatlandyrmak üçin önümleriň hil derejesine aýratyn ähmiýet berýäris.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň öňünde bazarlarymyzy, dükanlary milli önümlerimiz bilen has-da baýlaşdyrmak baradaky wezipäni goýdy. Bu wezipäniň üstünlikli amal edilmegi üçin köp işlemeli, önümleriň täzeden-täze görnüşlerini döretmeli. Hususy kärhanamyzyň hünärmenleri mydama täzeligiň gözleginde bolup, täze tehnologiýalar esasynda iş alyp barmak bilen, önümlerimiziň görnüşlerini yzygiderli artdyryp durýarlar. Mundan iki ýyl öň, «OK» diýlip atlandyrylan atyrlaryň 40 görnüşini öndürip başladyk. Olaryň 24 görnüşi zenanlara, 13 görnüşi bolsa erkek kişilere niýetlenendir. Galan üç görnüşi — aralyk häsiýetde bolan parfýumlar. Özboluşly ýakymly ys berýän bu önümlerimiz alyjylar tarapyndan gowy garşylandy.
Saglygyň girewi bolan arassaçylygy saklamak — her birimiziň jana-jan borjumyz. Bu asylly ýörelgede hususy kärhanamyzyň hünärmenleriniň halkymyzyň hyzmatynda gaýym durandygyny bellemek buýsançly. Işgärlerimiziň şu ýyl halkymyza hödürlän täze önümleri, ýagny, «Şa», «Tet» diýlip atlandyrylan, 15 görnüşli çygly el süpürgiçleri hem her bir öýe, ildeşlerimiziň her birine arassaçylyk, tämizlik, saglyk getirer — diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Şatumar» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Sylapberdi Ylýasow gürrüň berýär.
Hawa, ynsan saglygy üçin esasy zerurlyklaryň biri bolan arassaçylygyň, tämizligiň päk şuglasyna öwrülen «Şatumar» ekologiýa taýdan arassa, eksport ugurly önümleri öndürmek bilen, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna mynasyp zähmet sowgatly barýar.
Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Şamyrat AMADOW.