(Aşgabat, 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabry)
Mähriban talyplar!
Eziz okuwçylar!
Men şu gün siziň bilen duşuşyp, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň geçen taryhy ýoly, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ösüşi, häzirki ýaşlarymyzyň döwletiň, jemgyýetiň, ene-atanyň we maşgalanyň öňündäki wezipe borçlary hakynda umumy sapak geçmek barada karara geldim.
Ilki bilen, sizi ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm orny eýeleýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2021-2022-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Ýene-de sanlyja günlerden Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolanyna 30 ýyl dolýar. Bu örän möhüm senedir. Şoňa görä-de, halkymyz altyn sahypalar bilen taryha girjek «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylyň her gününi şanly wakalara, zähmet üstünliklerine besleýär.
Biz altyn güýzüň ilkinji gününde Bilimler we talyp ýaşlar gününi hem Garaşsyzlygymyzyň berkararlygyny, milli bilim ulgamynyň okgunly ösýändigini alamatlandyrýan wakalar bilen garşylaýarys. Bu gün baý many-mazmunly, ýokary döredijilik ruhuna ýugrulan çäreler eziz Diýarymyzyň ähli sebitlerini gurşap alýar. Şol çäreler döwlet Garaşsyzlygymyzy, bagtyýar durmuşymyzy dabaralandyrmak bilen, bilimler baýramynyň ägirt uly ähmiýetini açyp görkezýär.
Mähriban ýaşlar!
Men «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabymda: «Iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýip belläpdim. Biz toplanan ylym-bilim tejribämiziň esasynda XXI asyrda durnukly ösüşi üpjün edýäris.
Biz asylly däbimizi dowam edip, şu gün hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň, Mejlisiň deputatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda häzirki zaman multimedia enjamlarydyr sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap orta mekdepleriň birnäçesini dabaraly açyp ulanmaga berýäris.
Bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpelerimize ýadygärlik sowgat hökmünde «Bilimli» atly kompýuterleri gowşurýarys. Türkmen, iňlis, rus dillerindäki maglumatlary özünde jemleýän bu kompýuterleriň öz ýurdumyzda öndürilendigi aýratyn buýsançlydyr.
Şunuň bilen baglylykda, ýaşlara berjek öwüdim — hemişe ylym-bilime, pähim-paýhasa, akyl-danalyga teşne boluň! Ylym-bilim ynsany belende göterýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýäris. Uly höwes bilen okamak, öwrenmek, döretmek, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak bolsa bagtyýar ýaşlarymyzyň borjy diýip hasaplaýaryn.
Eziz ýaşlar!
Mukaddes Garaşsyzlyk biziň ähli ösüşlerimiziň, şöhratly üstünliklerimiziň binýadydyr. Üçünji müňýyllygyň öň ýanynda — 1991-nji ýylda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edildi. Netijede, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda düýpli özgertmelere badalga berildi.
Elbetde, 30 ýyl taryh üçin uzak möhlet däl. Muňa garamazdan, şu döwrüň içinde ýurdumyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň binýatlaryny yzygiderli berkitdik. Ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak, döwletimiziň dünýä bileleşigindäki ornuny ýokarlandyrmak boýunça ägirt uly işleri amala aşyrdyk. Türkmenistanyň iň täze taryhyna şöhratly sahypalary ýazdyk.
Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden ýurdumyz parahatçylygy, dost-doganlygy dabaralandyrýan oňyn Bitaraplyk ýoluny saýlap aldy. Dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýdy.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan taryhy Kararnamanyň kabul edilmegi bilen, Garaşsyz döwletimiz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Türkmenistan dünýäde Birleşen Milletler guramasy tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwletdir. 2015-nji ýylda bu guramanyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama täzeden makullandy. Şeýle hem biziň başlangyjymyz bilen 12-nji dekabr «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip ykrar edildi.
Eýsem, Bitaraplyk bize näme berdi? Bitaraplyk asuda, agzybir, parahatçylykly, abadan durmuşda ýaşamaga ýol açdy. Ähli dünýä ýurtlary bilen dostlukly, ynsanperwer, medeni, ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge giň mümkinçilik döretdi.
Bitaraplyk biziň parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy, ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty parahatçylygyň ýoludyr, dünýä halklaryny dost-doganlyga çagyrýan ýoldur. Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy hem Bitaraplygymyzyň parahatçylygy goldamakda uly ähmiýetiniň bardygyny aýdyň tassyklaýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Bu gün Bitarap Türkmenistan dünýäde parahatçylygy dörediji döwlet hökmünde tanalýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda 2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýip yglan etdik. Biziň oňyn Bitaraplyk syýasatymyz halkymyzyň şöhratly taryhyndan, asylly däplerinden gözbaş alýar.
Meniň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» kitabymda belleýşim ýaly, eger-de milletiň erkana we özerkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlarynyň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaýşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr!
Mähriban talyplar!
Eziz okuwçylar!
Bu gün Bitarap Türkmenistan sebit, yklym, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Durnukly ösüş maksatlary, öňüni alyş diplomatiýasy, derwaýys sebit meseleleri boýunça daşary syýasy we geoykdysady başlangyçlarymyz döwletimiziň dünýä jemgyýetçiliginiň umumadamzat ähmiýetli çözgüdine anyk goşant goşýandygyny görkezýär. Biziň halkara başlangyçlarymyz Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly düzümler tarapyndan yzygiderli goldanyp gelinýär.
Şeýdip, gönezliginde parahatçylygy döretmek sungaty duran Bitaraplyk syýasatymyzyň netijesinde, dünýäniň geosyýasy giňişliginde «Türkmenistan» atly parlak ýyldyz döredi.
Eziz ýaşlar, bu hakykaty siziň ähliňiz ata Watanymyza buýsanç duýgusyny oýarýan taglymat hökmünde kalbyňyzda götermelisiňiz! Bu taglymat pederlerimiziň arzuw-ynamyndan, yhlasyndan wysal bolan berkarar döwletimiziň geljegine jogapkär nesil, kalby hyjuwdan doly ýaşlar hökmünde sizi belent maksatlara ruhlandyrmalydyr.
Garaşsyzlyga eýe bolanymyzdan soňra, biz döwlet nyşanlarymyzy — Döwlet baýdagymyzy, Döwlet tugramyzy, Döwlet senamyzy döretdik. Gahrymançylykly we şöhratly taryhymyzy dikeltdik. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz hakyndaky iňňän beýik, mukaddes düşünjelerimizi Ýer ýüzüne aýan etdik.
Durmuşdaky ähli düşünjedir bilimler Watandan başlanýar. Äpet Ýer togalagynyň Ýewraziýa yklymynda ýerleşýän Türkmenistan biziň eziz Watanymyzdyr, ata-babalarymyzdan miras galan we soňky nesillere galjak bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Bu nurana topragy söýmek, goramak, gülletmek biziň her birimiz üçin parzdyr. Biziň at-abraýymyz, mertebämiz we derejämiz şu topragyň şöhratyny belende göterip bilşimize baglydyr. Ata Watanymyzyň her daban ýeri biziň iň beýik mukaddesligimizdir.
Gadyrly ýaşlar!
Men ýaşlygymdan halkymyzyň durmuşyny, dünýägaraýşyny, watançylygyny, ahlak kadalaryny, türkmen diliniň söz baýlygyny özünde jemleýän nakyllary depderlerime belläp almagy endik edindim. Meniň toplap, ulgamlara salan nakyllarymyň esasynda taýýarlanan «Paýhas çeşmesi» atly kitapda şeýle sözler bar: «Adam edebinden tanalar, ýurt — tugundan». Bu gün Garaşsyz ýurdumyz öz Döwlet baýdagy bilen dünýäde giňden tanalýar. Biziň ýaşyl baýdagymyz dostlugyň we parahatçylygyň baýdagydyr! Döwlet baýdagy galdyrylyp, Döwlet senasy ýaňlananda, biziň her birimiz buýsanç bilen ör turýarys. Munuň özi bütin durkuň bilen Watan mukaddesligine uýmakdyr!
Esasy Kanunymyz bolan Konstitusiýamyz bolsa şöhratly geçmişimiziň, häzirki günümiziň hem-de beýik geljegimiziň belentligini, agzybirligimiziň, jebisligimiziň, abraý-mertebämiziň synmazlygyny kepillendirýän milli gymmatlygymyzdyr.
Mähriban ýaşlar!
Ata-babalarymyzyň geçen gahrymançylykly ýoly, Watanymyzyň şöhratly taryhy görelde mekdebidir. Halkymyzyň taryhy örän gadymy bolup, ol müňýyllyklary öz içine alýar. Türkmenler şumer, hindi, hytaý, müsür, grek, latyn amerikasy halklary ýaly, dünýä gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklary bagyş eden gadymy halklaryň biridir.
Birinji müňýyllygyň başynda Beýik Hun şa döwleti, Rim we Hytaý imperiýalary bilen bäsleşen Parfiýa türkmenleriniň patyşalygy, ikinji müňýyllykda Hindistana çenli gol ýaýradan Gaznaly türkmenleriniň döwleti, Hytaýdan Ortaýer deňzine çenli öz täsirini ýetiren Seljuk türkmenleriniň döwleti, ylmyň, medeniýetdir sungatyň gaýtalanmajak nusgalaryny miras galdyran Köneürgenç, Garagoýunly we Akgoýunly türkmenleriniň döwletleri Türkmenistanyň hem-de türkmen halkynyň taryhy ýolunyň örän beýikdiginiň anyk delilleri bolup durýar.
Siz gadymy ýazuw çeşmelerine, meşhur taryhçylaryň işlerine nazar aýlap görüň! Olarda türkmen halkynyň adamzat taryhynyň dowamynda parahatçylyk, ynsanperwerlik däplerine ygrarly bolandygy, beýik taryhy we medeniýeti döredendigi ykrar edilýär.
Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar ýaly beýik şahsyýetlerimiziň döreden kuwwatly türkmen döwletleri dünýä taryhyna altyn sahypalary ýazdy. Görogly beg, Baýram han, Soltan Jelaleddin, Keýmir kör, Gowşut han ýaly merdana gahrymanlarymyz il-ýurt üçin ata çykypdyrlar. Watan goragy ugrunda janyny orta goýan milli gahrymanlarymyzyň ömür ýollary nesiller üçin mertligiň hem-de gaýduwsyzlygyň nusgalyk mekdebidir.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy:
Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy,
Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň.
Gül-gunçasy — gara gözüm garasy,
Gara dagdan iner sili türkmeniň —
diýip, ata Watana, mähriban halka bolan buýsanjyny örän şahyrana beýan edipdir.
Türkmen topragy gadymyýetden bäri şäher medeniýetiniň gülläp ösen mekanydyr. Bu toprakda Merw, Gürgenç, Nusaý, Abiwerd, Dehistan, Sarahs, Amul, Zemm, Şähryslam ýaly uly şäherler döräpdir. Ol şäherler durmuşyň gülläp ösen ýerleri, iri ylym-bilim merkezleri bolupdyr. Orta asyr türkmen şäherleri dünýä ylmynyň, medeniýetiniň, edebiýatynyň we sungatynyň öňe gitmeginde, baýlaşmagynda aýratyn hyzmatlary bitiripdir.
Umumadamzat medeni ösüşine täsirini ýetiren Margiana, Baktriýa, Horezm, Parfiýa, Seljuk türkmen medeniýetleri, Merwiň, Nusaýyň, Ürgenjiň, Abiwerdiň, Dehistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri bütin dünýäde bellidir.
Men «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Arşyň nepisligi», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmen medeniýeti», «Çaý — melhem hem ylham», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmen alabaýy» ýaly kitaplarymda halkymyzyň dünýä medeniýetine goşan nusgawy gymmatlyklaryndan söz açdym.
Kaşaň köşkleri, metjit-medreseleri, kerwensaraýlarydyr kitaphanalary bilen şöhratlanan mukaddes topragymyzyň üstünden geçen Beýik Ýüpek ýoly diňe geografik we ykdysady taýdan däl, eýsem, ylym-bilim, medeniýet babatda hem Gündogar bilen Günbatary birleşdiripdir.
Türkmen döwletlerinde ylym-bilimiň ösmegine elmydama uly üns berlipdir, munuň üçin tagalla we serişde gaýgyrylmandyr. Şeýlelikde, şol döwletlerde Muhammet Horezmi, Abu Reýhan Biruny, Ibn Sina, Fahreddin Razy, Abu Bekir Muhammet as-Suly, Abdyrahman Hazyny, Omar Haýýam ýaly beýik alymlar we akyldarlar döräpdir.
Biz taryhyň dowamynda toplanan tejribelerden, döwrümiziň ösüşinden we talaplaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýat merkezlerinde döwrebap kitaphanalary gurduk. Aşgabat şäherindäki «Asma ýolda», welaýat merkezlerindäki kitaphanalarda asman jisimlerini synlamaga, älem giňişligini öwrenmäge niýetlenen kuwwatly teleskoplary goýduk.
Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlarda, Tehnologiýalar merkezinde, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde düýpli, täzeçe ylmy-barlag işlerini alyp barmak üçin zerur şertleri döretdik. Bu işler Türkmenistanyň ylmyny dünýäde iň öňdebaryjy, abraýly orunlara çykarjak alymlaryň, inžener-tehnologlaryň täze nesliniň kemala gelmegine ýardam berýär.
Men «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabymda döwletimiziň dünýädäki şan-şöhratyny, at-abraýyny has-da beýgeltmäge goşant goşjak ýaşlarymyz barada arzuwlarymy beýan edipdim. Siziň bilen duşuşyga gaýtmazymdan öň şol setirlere gaýtadan nazar aýladym. Şol arzuwlarymy şu okuw sapagyna hem goşmagy makul bildim. Häzir şony okap bereýin, siz depderleriňize belläp alyň-da, olary okuwda, işde, durmuşda özüňize kada ediniň:
«Biziň topragymyzda ýene-de dünýä ylmynda iňňän wajyp ähmiýetli açyşlary edip, şamçyrag — ýolgörkeziji boljak eserleri döretjek birunylaryň, lukman hekimleriň, mäne babalaryň, horezmileriň, farabylaryň, merwezileriň, amulylaryň, zamahşarylaryň, kubralaryň, nesewileriň, massonlaryň we sarianidileriň, jykyýewleriň hem-de atanyýazowlaryň dörejekdigine men berk ynanýaryn».
Eziz ýaşlar!
Biziň üçin Watandan beýik gymmatlyk, halkymyzdan eziz düşünje ýokdur. Ata-babalarymyzyň «Towşana — dogduk depe», «Müsürde şa bolandan, öz iliňde geda bol», «Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn», «Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan ölinçä aglar» ýaly dürdäne sözlerinde Watanyň gadyr-gymmaty, mukaddesligi ör-boýuna galýar.
Sebäbi Watanyň her daban ýeri, her gysym topragy biziň üçin mukaddesdir. «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabymda merdana, batyr, gaýratly hem-de edenli türkmen serkerdesi Soltan Jelaleddin bilen bagly bir rowaýaty getiripdim. Şol rowaýatda şeýle gürrüň berilýär:
Bir gezek söweşde serkerde agyr ýaralanypdyr. Tebipler näçe em etseler-de, sagalmandyr. Şonda serkerde:
— Maňa Watanymyň bir gysym topragyny getirseňiz, sagalýan — diýipdir.
Tizden-tiz gadymy Wasa adam ýollapdyrlar. Atlynyň giden yzyna garap, Jelaleddin umytly garaşyp ýatypdyr. Umytda hem uly güýç bar! Ahyrda atly bir düwünçekde Wasyň topragyny we Amyderýanyň bir jürdek suwuny alyp gelipdir. Serkerdäniň şähdi açylypdyr we tizden sagalyp, aýak üstüne galypdyr.
Bu rowaýata ünsi çekmek bilen, biziň her birimiziň, şol sanda ýaşlarymyzyň ýürekleriniň eziz Watanymyz, mähriban halkymyz bilen birdigini nygtamak isleýärin.
Ýüregi «Mähriban halkym, eziz Watanym, jan Türkmenistanym!» diýip urýan, ilimiziň baky bagtyýarlygy, ýurdumyzyň beýik geljegi üçin okaýan, zähmet çekýän ýaşlar biziň buýsanjymyzdyr. Halk hem Watan baradaky mukaddes düşünjeler ýigitlerimiziň we gyzlarymyzyň köňülleriniň owazy, dilleriniň senasy bolmalydyr. Ýaşlarymyz ähli güýçlerini, bilimlerini hem-de başarnyklaryny Watanymyzyň ösüşlerine, dünýädäki abraý-mertebesiniň has-da belende galmagyna bagyş etmelidir.
Men maslahat bolan ýerde söweşe ornuň ýokdugyny zynharlan Oguz hana, ýigidiň abraýyny onuň gahrymançylygyna, pähimine garap kesgitlän Gorkut ata, dostlaryny dogan eýlän Görogly bege ady ebedilige öwrülen gahrymanlar hökmünde belent sarpa goýýaryn. Siz şol edermen ata-babalarymyzyň dowamatydygyňyzy hiç haçan unutmaly dälsiňiz!
Berkarar döwletimiziň bagtyýar ýaşlary!
Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň ösüşiniň her bir tapgyrynda durmuş-ykdysady özgertmeler amala aşyryldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem biz durmuş taýdan ösüşi, ykdysady özgertmeleri üpjün edýän maksatnamalary üstünlikli amala aşyrýarys. Düýpli özgertmeler ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Täze obalary, şäherdir etraplary, ýaşaýyş jaý toplumlaryny, mekdepdir çagalar baglaryny, ýollary hem köprüleri gurýarys, döwlet dolandyryşyny kämilleşdirýäris.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrýarys. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gadymyýetden gözbaş alýan milli döwletlilik däplerimizden ugur almak bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny geçirip, iki palataly parlament ulgamyny döretdik. Şeýdip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna demokratik kadalary tapgyrlaýyn ornaşdyrýarys. Medeniýet, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda düýpli özgertmeleri üstünlikli dowam edýäris. Gurluşykda, senagatda, oba hojalygynda, nebitgaz pudagynda ýokary ösüş depginlerini gazanýarys. Bu işleriň ählisi irginsiz ynsan zähmeti bilen hasyl bolýar.
Şu ýerde bagtyýar ýaşlarymyzyň-da döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda, önümçilik kärhanalarynda yhlasly zähmet çekýändiklerini, eziz Watanymyzy ösdürmäge mynasyp goşant goşýandyklaryny buýsanç bilen bellemek isleýärin.
Halal zähmet ynsanyň abraý-mertebesini, ömrüniň manysyny artdyrýar. Şoňa görä-de, ýaşlara şeýle sargyt edesim gelýär: beýik maksatlara ýetmek üçin zähmeti hemişe özüňize hemra ediniň! Siziň çekýän zähmetiňiz hemişe halal, ile-ýurda bähbitli bolsun!
Bagtyýar ýaşlar!
Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary, mekdep okuwçylary ýürek joşgunyny beýan edýän eserleri döretdiler. Olarda güneşli ülkämiziň gözelliklerine söýgi, berkarar döwletimize buýsanç ýaňlanýar.
Menem häzir «Ak şäherim Aşgabat» goşgymdan bir bendi size okap bereýin:
Galkyp ganat gerdigim,
Sap söýgüden gurdugym,
Ýüregi sen ýurdumyň,
Ak şäherim Aşgabat!
Mähriban ýaşlar, siz mydama ýurdumyzyň daglaryndan güýç, baglaryndan joş alyp, bagtyýar döwrümizden ruhlanyp ýaşaň! Okaň, guruň, dörediň! Eziz Watanymyzy, ak şäherimiz Aşgabady, merdana halkymyzy ajaýyp şygyrlaryňyz, kyssalaryňyz, sazlaryňyz, sungat eserleriňiz bilen belentden wasp ediň!
Berkarar döwletimiziň ruhubelent ýaşlary!
Biz dünýädäki çylşyrymly maliýe-ykdysady ýagdaýlara garamazdan, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürýäris.
Bäsdeşlige ukyply, ösüşiň ýokary depginlerini gazanmagyň möhüm şerti hökmünde önümçilige sanly tehnologiýalary ornaşdyrýarys. Bu ugurdan ýaş hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berýäris. Sebäbi innowasiýalar, häzirki zaman ylymlary, nanotehnologiýalar, sanly ulgam adamzat jemgyýetini öňe alyp barýar.
Sanly tehnologiýalaryň çalt ösmegi bilen, bütin dünýäni öz içine alýan aragatnaşyk ulgamy döredilýär, täze pudaklardyr düşünjeler peýda bolýar. Döwrüň bu täzelikleri biziň jemgyýetimize hem giňden ornaşýar. Bu bolsa dünýäniň sanly giňişligine ýurdumyzyň işjeň goşulyşmagyny, halkara bazarda bäsdeşlige ukyply bolmagyny üpjün edýär.
Ylmyň durmuşdaky ornunyň ýokarlanmagy bilen, ösen tehnologiýalardan habarly täze nesil hem kemala gelýär. Bilşimiz ýaly, taryhyň bütin dowamynda ata-babalarymyz ylymdan üzňe ýaşamandyr. Biziň ýaşlarymyz bu gün pederlerimiziň ylym dünýäsindäki beýik açyşlaryna buýsanmaga haklydyr. Şonuň bilen birlikde, olar adamzadyň ylymda hem-de tehnologiýada gazanan üstünliklerini barha düýpli özleşdirýärler.
Dördünji senagat rewolýusiýasy eýýamynda ýaşlarymyz innowasion barlaglara işjeň gatnaşmalydyr, täze tehnologiýalary döretmelidir. Dünýäniň ählumumy tehnologik ösüşinden yza galmaly däldir. Siz täze ylmy işleriňiz, düýpli açyşlaryňyz bilen özüňizi öňdebaryjy nesiller hökmünde dünýä tanatmalysyňyz.
Bagtyýar ýaşlar!
«Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyz esasynda biz halkymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny yzygiderli berkidýäris, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrýarys. Bu syýasat, ilkinji nobatda, goldawa we goraga mätäç raýatlara gönükdirilendir. Şoňa görä-de, zähmete ukypsyz raýatlara, maýyplara, köp çagaly maşgalalara maddy taýdan üpjünçilik we durmuş hyzmatlary edilýär. Bu iş olara pensiýalar, döwlet kömek pullary, durmuş ýeňilliklerini bermek görnüşinde, tölegler arkaly amala aşyrylýar. Döwlet serişdeleriniň hasabyna köp çagaly maşgalalara, howandarlyga mätäç çagalara, weteranlara, döwlet ýa-da jemgyýetçilik bähbitlerini goramakda saglygyny ýitirenlere goşmaça goldaw berilýär.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Entäni goldara hemaýat ýagşy» diýipdir. Şundan ugur alyp, biz Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretdik. Şeýle-de Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezini gurýarys.
Meniň ýaşlara berjek ýene-de bir pendim: siz ynsanperwerligiň we adalatyň tarapdary bolan halkyň neslisiňiz. Agzybirlik, dostlukly gatnaşyklar halkymyzyň hoşniýetli häsiýetleridir.
Atalarymyzyň döreden «Agzybire Taňry biýr, agzalany gaňrybiýr», «Kömekleşen ýow basar», «Söýenişen ýykylmaz», «El eli ýuwar, iki el birigip — ýüzi», «Dostlukda menzil bolmaz», «Dostsuz başym, duzsuz aşym», «Dost — dostuň aýnasy» ýaly pähim-paýhaslarynda agzybirlik hem-de dostluk gatnaşyklarynyň many-mazmuny nygtalýar.
Birek-birege hemaýat etmek, hormat goýmak, ejize ganym bolmazlyk halkymyzda müdimilik gelýän kadadyr. Bu öwütler ynsanperwerligiň, ýokary ahlaklylygyň şygarlary bolup ýaňlanýar. Görnüşi ýaly, halkymyz ýaşaýyş-durmuşyny akyl-parasat, ylym we tejribe esasynda gurupdyr.
Ynsanperwerligi, päkligi, ruhubelentligi, kiçigöwünliligi, mertligi, dogry sözlüligi, arassa ahlaklylygy durmuş kadasyna öwrüpdir. Şu esasda hem milli edep-terbiýe mekdebini döredipdir. Şoňa görä-de, ýaşlar ata-babalarymyzyň asylly däplerini durmuş şygaryna öwürmelidir. Bu gün türkmen paýhasy dünýä nur saçýar, türkmen topragynda ägirt uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şu şöhratly zamanada okamak, öwrenmek, ata-babalarymyzyň döreden mukaddesliklerine wepaly bolmak, eziz Watana jan-u-tenden hyzmat etmek ýaşlarymyzyň baş maksady bolmalydyr.
Eziz ýaşlar, okuwçylar, talyplar! Ine, biz beýanymyzyň birinji sagadyny geçirip gutarýarys. Häzir arakesme edeliň. Arakesmeden soň beýanymyzy dowam ederis.
Mähriban ýaşlar!
Biz duşuşygymyzy dowam edýäris. Häzirki döwürde biz senagat taýdan ösen döwleti döretmegiň ýolunda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny we sebitleri sazlaşykly ösdürmäge uly üns berýäris. Oba hojalygynyň paýyny artdyrýarys.
Pudagyň dolandyryş usullaryny düýpli kämilleşdirip, oba adamlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrýarys. Obalarymyzy sazlaşykly ösdürýäris. Ylmyň we tehnikanyň üstünliklerini, iň oňat dünýä tejribelerini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly sebitlerimizde gaýtadan işleýän kärhanalary, döwrebap enjamlar ornaşdyrylan önümçilikleri, ýyladyşhanalary we maldarçylyk toplumlaryny döredýäris.
Daýhanlarymyz üçin dünýäniň has kämil oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny satyn alýarys. Oba hojalyk ylymlaryny ösdürmek, pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça hem köp işler edilýär. Bu bolsa daýhanyň zähmetini ýeňilleşdirmäge, ýerden alynýan hasyly ýokarlandyrmaga, ekologik taýdan arassa önümleri öndürmäge ýardam berýär.
Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça-da uly işler amala aşyrylýar. Siz soňky ýyllarda tokaý meýdanlarynyň çalt depginler bilen giňelýändigini görýänsiňiz. Awtomobil we demir ýollarynyň ýakalarynda tokaý zolaklary barha köpelýär. Seýilgähler ýylyň bütin dowamynda gök öwüsýär. Bularyň ählisi ýurdumyzda amatly ekologik gurşawy emele getirýär. Garagum sährasynda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi bolsa suw serişdelerini aýawly saklamaga, daşky gurşawy goramaga we gowulandyrmaga ýardam edýär.
Eziz ýaşlar!
Ata-babalarymyz «Bagym bar, barym bar» diýipdirler. Biziň ýurdumyz gülli sähralary, durnagöz suwly çeşmeleri, tereň derýalarydyr kölleri, beýikli-pesli daglary, arça-çynarly, kerkawly, injir-enarly jülgeleri, begres geýnen dereleri, çemenlikli ýaýlalary, çogly güneşi bilen tanalýar. Bereketli türkmen topragy ähli döwürlerde ýadawsyz zähmet hem-de Gün çogunyň bollugy bilen ösdürilip ýetişdirilen datly miweleri, gök-bakja önümleri bilen şöhratlanyp gelipdir.
Irki ekerançylygyň we maldarçylygyň mekany bolan ýurdumyzda baryp, biziň eýýamymyzdan öňki VI-VII müňýyllyklarda ilkinji bugdaý çöregi bişirilipdir.
1904-nji ýylda R.Pampelliniň ýolbaşçylygynda amerikan ekspedisiýasy tarapyndan Änew düzlüginde bäş müň ýyl mundan ozal ýetişdirilen bugdaý tohumy tapyldy. Munuň özi biziň ülkämiziň ak bugdaýyň mekanydygyny aýdyň subut edýär.
Ata-babalarymyz: «Biriň müň bolsun!» diýen ýagşy niýet bilen topraga bugdaý sepipdirler. Bugdaý oragyna hem gojalaryň ak pata bermegi esasynda sähetli gün girişipdirler. «Çäjiňe bereket!», «Harmanyňa bereket!» diýip, rysgal-bereket arzuw edipdirler.
1941 — 1945-nji ýyllaryň gazaply uruş döwründe taplanan kakam Mälikguly Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, atam Berdimuhamet Annaýew bilimli adam bolupdyr. Ol nusgawy edebiýatymyzy, halk döredijiligimizi gowy bilipdir. Magtymgulynyň, Mollanepesiň, Mätäjiniň goşgularyny ýatdan aýdar eken. Atamyň birnäçe depderden ybarat goşgularynyň hem bolandygy, şahyrlar Şaly Kekilowdyr Çary Aşyrow bilen saçakly gatnaşandygy, goşgy okaşandygy barada kakamyň beren gürrüňleri hemişelik ýadymda galdy.
Kakamyň uruş döwründe ýazan, gallany köp ekmäge çagyran hem-de halky zähmet çekmäge ruhlandyran goşgusynda şeýle setirler bar:
Bugdaýdan bol hasyl almagy üçin,
Açlyk belasyndan dynmagy üçin,
Duşman depesinden inmegi üçin,
Gaýrat edip, köp ekeliň dänäni!
Çörek — gudratly önüm. Halkymyz bugdaýy ekinleriň soltany saýyp, çöregi hormatlap, maňlaýyna sylmagy, onuň owuntygyny hem ýere gaçyrmazlygy, tamdyry mukaddes görmegi adata öwrüpdir. «Paýhas çeşmesi» kitabyna girizilen «Nan — öwlüýä» diýen pähim hem halkymyzda çöregiň gadyr-gymmatynyň örän ýokarydygynyň güwäsidir.
«Türkmen medeniýeti» kitabymda mele-myssyk çöregiň mukaddesligi bilen bagly şeýle rowaýat getirilýär: «Meşhur şahyr we serkerde Baýram han günleriň birinde serkerdeleri bilen sapara rowana bolupdyr. Baýram hanyň gözi ýoluň ýakasynda ýatan çörek bölejigine düşýär. Ol derrew atyndan düşýär-de, çöregi alyp, goltugyna salýar. Serkerdeleriniň biri: «Belent Serkerdämiz! Näme üçin bize buýurman, özüňiz atdan düşdüňiz?» diýip, ondan soraýar. Baýram han: «Çöregi ilki men gördüm, ony ýerden almagy başga birine buýurmak çörege hormat goýmadygym bolardy» diýip, jogap beripdir».
Ata-babalarymyz uzak ýola gidende, tamdyrdan lowurdap çykan çöregi ýanlaryndan goýmandyr. Elmydama-da türkmen çörege şeýle sarpa goýup, ony özüne ýoldaş edinipdir. Şoňa görä-de, bugdaý sümmülleri Döwlet tugramyzda ýerleşdirildi. Indi ýurdumyz gallany diňe bol öndürýän däl, eýsem, gerek bolsa eksport edýän döwlete hem öwrüldi.
Mähriban ýaşlar!
Ata Watanymyz beýleki datly ir-iýmişleriň hem mekany. Müňýyllyklaryň dowamynda daýhan ata-babalarymyz şaly, jöwen, nohut, noýba, mäş, kädi, gawun-garpyz ýaly tagamly gök-bakja önümlerini, erik, şetdaly, armyt, hozdur pisse, badamdyr nar, üzüm ýaly miweleri öndüripdir.
Türkmen gawunlaryna hem-de kaklaryna bolsa Ýewropa we Gündogar ýurtlary uly isleg bildiripdir. Taryhy çeşmelerde türkmen gawunlarynyň Bagdada, Hytaýa, Hindistana iberilendigi aýdylýar. Häzir ýurdumyzda gawunlaryň ýüzlerçe görnüşi ýetişdirilýär. Waharman, gülaby, garrygyz ýaly gawunlarymyz halkara sergilerde altyn we kümüş medallara mynasyp boldy.
Güneşli Diýarymyzyň bereketli meýdanlarynda gant şugundyryndan, şalydan hem bol hasyl alynýar. Maldarlarymyz et we süýt önümleriniň mukdaryny artdyrmak boýunça täze sepgitlere ýetýärler. Bu bolsa ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynyň wezipelerini çözmekde, azyk bolçulygyny üpjün etmekde ägirt uly ähmiýete eýedir.
Mähriban talyplar we okuwçylar!
Gowaça biziň üçin örän ähmiýetli ekinleriň biridir. Eziz Watanymyz dünýäde gowaçanyň iň gadymy mekanlarynyň biri hökmünde tanalýar. Mahmyt Gaýybynyň «Otuz iki tohum kyssasy» eserinde pagta päkligiň, akýürekliligiň, gowulygyň alamaty hökmünde ähli ekinlerden ýokarda goýulýar.
Siz:
Gür çybyg-a, gür çybyk,
Gür çybykda bir çybyk,
Bir çybykda höwürtge,
Höwürtgede ýumurtga —
diýen türkmen halk matalynyň gowaça, goza hem-de pagta bilen bagly döredilendigini bilýänsiňiz.
Biziň baýlygymyz, şöhrat-şanymyz bolan pagtanyň süýüminden ýüplük egrilip, ekologik taýdan örän arassa hem-de adam bedenine ýakymly nah matalar dokalýar. Bu gymmatly ösümligiň çigidinden ýag, mal üçin künjara alynýar. Gowaça çöpi gaýtadan işlenip, mebel önümçiliginde we gurluşykda ulanylýan serişdeler öndürilýär. Biz pagtany gaýtadan işläp, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän önümleri öndürýäris. Ýurdumyzda gowaçanyň tohumçylygyna aýratyn üns berip, bol hasylly, ýokary hilli orta we inçe süýümli pagtanyň täze görnüşlerini döredýäris.
Soňky ýyllarda dünýäniň ösen döwletleriniň täze tehnologiýalary, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary ornaşdyrylan dokma kärhanalaryny gurup ulanmaga berýäris, ýaşlarymyz üçin müňlerçe täze iş orunlaryny döredýäris. Bu kärhanalarda pagta süýüminden öndürilýän ekologik taýdan arassa önümlere dünýä bazarynda uly isleg bildirilýär.
Eziz ýaşlar!
Energetika senagaty hem möhüm pudaklaryň biridir. Soňky döwürde ýurdumyzda täze, kuwwatly elektrik stansiýalary gurlup ulanmaga berilýär. Milli maksatnamalarymyza laýyklykda, müňlerçe kilometre uzaýan elektrik geçirijiler täzelenýär. Biz Mary welaýatynda Merkezi Aziýada iň iri, ýokary tehnologiýaly utgaşykly elektrik stansiýasyny gurduk. Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijini işe girizdik.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna gabatlap bolsa Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan täze gazturbinaly elektrik stansiýasyny dabaraly açyp ulanmaga bereris. Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda sanly tehnologiýalar arkaly dolandyryljak Günden we ýelden energiýa öndürýän stansiýany hem gurýarys.
Ýurdumyzyň nebitgaz toplumy ykdysady garaşsyzlygymyzy berkitmegiň, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmagyň, kuwwatly, köpugurly önümçilik pudaklaryny döretmegiň esasy binýady bolup durýar. Ata Watanymyz ýerasty tebigy serişdelere baý ýurtlaryň biri bolup, «mawy ýangyjyň» gory boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär.
Pudagyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, sanly tehnologiýalaryň, şol sanda 3D modelirleme usullarynyň ulanylmagy nebit we gaz ýataklarynda gözleg işleriniň netijeli bolmagyny üpjün edýär.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen hem-de uly isleg bildirilýän nebit önümleri dünýäniň onlarça ýurduna eksport edilýär. Asyryň iri taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy dowam edýär. Bu işleriň ählisi ata Watanymyzyň kuwwatly energetika döwleti hökmünde dünýädäki ornuny has-da berkidýär.
Ykdysadyýetimiziň pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda, bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleri öndürmekde, azyk howpsuzlygyny berkitmekde hususyýetçilere uly orun degişlidir. Häzirki döwürde telekeçiler dürli pudaklarda milli maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Senagatda, oba hojalygynda, gurluşykda, syýahatçylykda, söwdada we durmuş hyzmatynda, halk senetçiliginde, beýleki ugurlarda üstünlik gazanýarlar.
Şeýlelikde, ozal agrar ýurt bolan Türkmenistan bu gün senagat taýdan ýokary depginler bilen ösýär. Biz ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen, serişde we energiýa tygşytlaýjy, ekologik taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply elektron senagatyny döredýäris.
«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti tarapyndan smart telewizorlar, awtomatik enjamlar, yşyklandyryş gurallarydyr LED çyralar, elektroenergiýany ölçeýän gurallar, «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasy tarapyndan interaktiw paneller, elektron tor enjamlary, kompýuterler öndürilýär. Ýurdumyzda şeýle önümçilikleriň giňelýändigine, bu işde ýaşlaryň ornunyň artýandygyna guwanýarys.
Häzirki döwürde ylmyň iň täze gazananlary, häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan iri senagat toplumlaryny-da gurýarys. Gyýanlydaky Polimer zawodynyň önümleri dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýar. Tebigy gazdan sintetik ýangyjy öndürmekde dünýäde ilkinji uly möçberli taslamany durmuşa geçirdik. Ahal welaýatyndaky bu zawodda ekologik taýdan arassa, Euro-5 standartyna laýyk gelýän EKO-93 benzini öndürilýär. Bularyň ählisi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrýar, köp möçberde girdeji getirýär.
Mähriban talyplar!
Eziz okuwçylar!
Gurluşyk pudagy hem depginli ösýär. Ýaňy aýdyşym ýaly, milli maksatnamalarymyza laýyklykda, obadyr şäherlerimizde ýaşaýyş-durmuş we medeni maksatly desgalar yzygiderli gurulýar. Bu gurluşyklaryň ählisi öňdebaryjy inženerçilik-tehniki çözgütler, milli binagärligiň gadymy däpleri hem-de häzirki zaman şähergurluşyk tejribesi esasynda amala aşyrylýar.
Aşgabat şäherinde ýaşyl begrese bürenen seýilgähler, ýaşaýyş jaýlary, saglygy goraýyş, medeni, sport we söwda merkezleri, ýokary hem-de orta okuw mekdepleri, myhmanhanalar, önümçilik kärhanalary, halkara derejeli awtoulag geçelgeleri guruldy we gurulýar. Bu desgalar halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezi hökmünde paýtagtymyzyň gözelligini has-da artdyrýar.
Ýakynda bolsa Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasyny, Maslahatlar we Kabul ediş merkezlerini, «Türkmenbaşy» hem-de Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik banklarynyň binalaryny, Halkara ahalteke atçylyk we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýalarynyň merkezlerini, kaşaň «Arkadag» myhmanhanasyny ulanmaga berdik. 25-nji maýda baş şäherimiziň 140 ýyllygy mynasybetli «Aşgabat-siti» gurluşyk toplumynyň düýbüni tutduk.
Biziň Aşgabady ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimiz halkara derejede ykrar edildi. Şäherdäki binalaryň ençemesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Geçirýän giň gerimli işlerimiziň netijesinde paýtagtymyz geljekde has-da gözelleşer, dünýäniň iň nurana şäherleriniň birine öwrüler. Men ýaşlary paýtagtymyzyň XXI asyryň nusgalyk şäheri hökmünde ykrar edilmegine mynasyp goşantlaryny goşmaga çagyrýaryn.
Eziz ýaşlar!
Biziň durmuşa geçirýän ulag-logistika strategiýamyz many-mazmuny we ähmiýeti taýdan gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Ir döwürlerde hem Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegi ýurdumyzyň çäginden geçipdir. Ol halklary we yklymlary birleşdiripdir.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan häzirki zaman ulag geçelgelerini döretmek we kämilleşdirmek arkaly, Ýewraziýa giňişliginiň ulag-logistika ulgamyna işjeň goşulýar. Günbatar — Gündogar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr geçelgeleriň taslamalaryny amala aşyrýar. Hususan-da, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lapis Lazuli) we TRASEKA ýaly halkara ulag geçelgelerini döretmäge ýakyndan gatnaşýar.
Biz Türkmenbaşy şäherinde döwrebap Halkara deňiz portuny gurduk. Akina — Andhoý, Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy ugurlary boýunça demir ýollary we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny ulanmaga berdik. Bu işler ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmäge işjeň gatnaşýandygyny ýene-de bir gezek äşgär edýär.
Diýarymyzyň demir ýol, awtomobil, howa, deňiz we derýa ulaglarynyň düzümini-de düýpli döwrebap ýagdaýa getirýäris. Dünýä meşhur kompaniýalaryň awtobuslaryny, ýeňil we ýük awtoulaglaryny yzygiderli satyn alýarys.
Alyp barýan ulag syýasatymyzy dünýä jemgyýetçiligi giňden goldaýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy durnukly ulag ulgamyny döretmek boýunça taryhy Kararnamalaryň dördüsini kabul etdi.
Biz 2015-nji ýylda «TürkmenÄlem 52oE» emeli hemrasyny uçurdyk. Häzirki wagtda ikinji milli emeli hemrany döretmek we älem giňişligine çykarmak boýunça hem zerur işleri alyp barýarys. Ýurdumyzda mobil hyzmatlary, telefon, poçta, internet we IP telewideniýe ulgamlaryny hem ösdürýäris.
Mähriban talyplar!
Eziz okuwçylar!
Adamzat jemgyýetiniň taryhyna nazar aýlanyňda, ylym-bilimiň ösüşiň möhüm şerti bolandygyny görmek bolýar. Şoňa görä-de, ylym ulgamynyň binýadyny berkitmek, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti döretmek boýunça toplumlaýyn işleri alyp barýarys.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň akademiki ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki, ylmy-taslama merkezlerinde, tejribe-önümçilik barlaghanalarynda, pudaklaýyn we pudagara ylmy guramalarda ylma, döredijilige höwesli ýaşlaryň täze nesli zähmet çekýär. Zehinli ýaşlarymyz ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gymmatly ylmy barlaglary alyp barýarlar.
Bilim ulgamyny dünýä derejesinde döwrebaplaşdyrmaga, ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly nesli ýetişdirmäge uly ähmiýet berýäris. Munuň üçin ýurdumyzyň ähli ýerlerinde häzirki zaman orta we ýokary okuw mekdepleridir çagalar baglary, Köpetdagyň sapaly jülgesinde, Awazada çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri guruldy hem-de gurulýar. Bilim edaralary döwrebap okuw kitaplarydyr gollanmalar bilen yzygiderli üpjün edilýär.
Bilim bermek işine ylmyň soňky gazananlaryny, okatmagyň innowasion usullaryny, ýokary hilli elektron bilim maglumatlaryny giňden ornaşdyrýarys. Sanly bilim ulgamyny ösdürýäris. Biz mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň halkara bäsleşiklerde gazanýan üstünliklerine guwanýarys. Ýaşlarymyzyň geljekde-de halkara ders bäsleşiklerinde, olimpiadalarda baýrakly orunlara mynasyp bolup, ýurdumyzyň abraýyny has belende göterjekdiklerine berk ynanýaryn.
Ynsan hemişe kämillige ymtylýar. Kämillik bolsa mertebe we derejedir. Ýaşlarymyz bu hakykata göz ýetirmelidirler. Ýadawsyz zähmet, bilimleri we hünärleri yhlasly ele almak, tejribe toplamak kämillige eltýän ýoldur. Ýaş nesillerimizde halkymyzyň iň oňat, iň gözel, iň belent ahlagy jemlenmelidir. Ynsanyň edebi altyndan gymmatdyr, gymmatbaha daşlardan owadandyr.
Ýaşlar, siz pederlerimiziň ýoluny mynasyp dowam edip, ýagşy gylyk-häsiýetleriňiz, adamkärçiligiňiz, başarnygyňyz bilen tanalyp, hakyky türkmen bolup dünýä çykmalysyňyz!
Türkmen ýigitleriniň we gyzlarynyň akyly jöwher dek ýiti bolmalydyr. Çünki siz özüni taýsyz zehini bilen dünýä tanadan halkyň neslisiňiz. Türkmen ýigitleriniň we gyzlarynyň ýüzi nurana bolmalydyr. Çünki siz ynsanperwerligiň belent däplerini dünýä ýaýan ynsanlaryň neslisiňiz. Türkmen ýigitleriniň we gyzlarynyň süňňi sap bolmalydyr. Çünki siz beden hem-de ruhy taýdan päkligiň belent kadalary bilen dünýäni haýrana goýan milletiň neslisiňiz.
Mähriban talyplar!
Eziz okuwçylar!
Döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň gymmatly baýlygy bolan adamyň saglygyny goramak, milli saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmek babatda hem giň gerimli işleri alyp barýarys. «Saglyk» Döwlet maksatnamamyza laýyklykda, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde dünýä belli öňdebaryjy kompaniýalaryň lukmançylyk enjamlary ornaşdyrylan saglygy goraýyş-anyklaýyş, «Ene mähri», Gaýragoýulmasyz tiz kömek, kliniki we ylmy-kliniki merkezleri, köpugurly hassahanalarydyr şypahanalary bina etdik. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe keselleriň öňüni almak, anyklamak, täze, döwrebap bejergileri geçirmek babatda ylmy usullaryň, innowasion tejribeleriň, takyk tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy milli lukmançylygyň ösüşine täze badalga berdi.
Biz şypahana edaralarynyň durkuny hem täzeledik. Dünýä meşhur «Arçman», «Ýyly suw», «Mollagara», «Awaza», «Daşoguz», «Farap», «Baýramaly», «Bagabat», «Berzeňňi» şypahanalarynda ynsan derdine melhem bolýan tebigy baýlyklarymyzy giňden peýdalanmaga mümkinçilik döretdik. Türkmen topragynyň müň bir derde melhem ösümliklerinden derman serişdelerini öndürýän kärhanalary gurmakda baý tejribe topladyk.
Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň: «Saglygyň gadyryn bilgil, hasta bolmasdan burun» diýşi ýaly, biz sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmaga aýratyn üns berýäris. Eneleriň we çagalaryň, ýetginjekleriň, uly ýaşly hem-de gartaşan adamlaryň saglygyny goramak üçin döwlet goldawyny berýäris.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäginde keselleriň öňüni almak hem-de olara garşy göreşmek boýunça gowy tejribe topladyk. Birnäçe howply ýokanç keselleriň ýok edilendigi, käbirleriniň hasaba alynmandygy barada Garaşsyz döwletimize halkara güwänamalar berildi. Şeýdip, berkarar döwletimiziň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösüşleriň täze belentliklerine çykarýarys. Bu beýik maksatlarymyzyň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýaşlaryň işjeň gatnaşjakdygyna berk ynanýaryn.
Eziz ýaşlar!
Sport ynsany beden we ruhy taýdan taplaýan, dünýägaraýşyny kämilleşdirýän gymmatlykdyr. Bedenterbiýä we sporta biz jemgyýetimizi jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan güýç hökmünde garaýarys. Şundan ugur alyp, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürýäris. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, şol sanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän sport desgalaryny, stadionlary, atçylyk-sport toplumlaryny, ýöriteleşdirilen sport mekdeplerini gurduk. Gözel paýtagtymyzda bolsa özboluşly Olimpiýa şäherçesini döretdik.
Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz Olimpiýa hereketini ösdürmäge mynasyp goşant goşýar. Şu ýylyň iýul-awgust aýlarynda türgenlerimiz sportuň birnäçe görnüşi boýunça Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna işjeň gatnaşdylar. Biziň agyr atletikaçy türgenimiz Polina Gurýewa bolsa bu Oýunlarda üstünlikli çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy we ýurdumyza uly abraý getirdi.
Meniň geljegimiz bolan ýaşlara berjek nesihatym: sporty söýüň!
Sport güýç-gaýratdyr, gözellikdir, sagdynlyk we ruhubelentlikdir.
Türkmen sportunyň beýik geljegi merdana ýaşlarymyzyň ynamly ellerindedir. Biz muňa çäksiz buýsanýarys.
Eziz ýaşlar!
Döwletimiz medeniýet ulgamyny ösdürmek ugrunda uly tagalla edýär, oňa köp möçberde serişdeleri gönükdirýär. Milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň has-da kämilleşmegi üçin ähli şertleri döredýär. Ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, zehinli hünärmenleri taýýarlamak boýunça uly işler alnyp barylýar. Paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda gurlan täze teatrlar, kitaphanalar, muzeýler, medeniýet öýleridir beýleki medeni maksatly binalar aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär.
Ak öý halkymyzyň durmuş medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir. Türkmeniň ak öýlerinde döwletli maslahatlar edilipdir. Şu däpden ugur alyp, ähli welaýatlarymyzda milli binagärlik aýratynlyklaryny özünde jemleýän «Türkmeniň ak öýi» binalaryny gurduk. Sebäbi ak öý halkymyzyň gadymdan gelýän myhmansöýerliginiň hem-de medeniýetiň özboluşly nyşanydyr.
Eziz Diýarymyzda bellenýän şanly senelerdir baýramlar, halkara çäreler medeniýet ulgamynyň uly rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. Şu ýyl Lebap welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeligi türkmen medeniýetiniň we sungatynyň gazananlaryny, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda täze mümkinçilik açdy.
Eziz ýaşlar!
Dünýäde medeni diplomatiýa döwlet syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde hiç wagt ünsden düşürilmän gelýär. Biz bu işde ÝUNESKO-ny iň ýakyn hyzmatdaşymyz hasaplaýarys. Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň, Nusaýyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi, «Görogly» dessançylyk sungatynyň, «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy biziň alyp barýan giň gerimli medeni, ylmy diplomatiýamyzyň dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Nesip bolsa, ýakyn ýyllarda Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik toruna birikdireris. Dutar ýasamak senetçiligini, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny, türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek we keçe sungatyny, demirçilik senedini, türkmen tazysyny we elguş sungatyny, türkmen milli göreşini hem bu sanawa girizeris.
ÝUNESKO-nyň derejesinde bellenilýän şanly seneleriň sanawyna Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny-da goşarys. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralaryny döredip, orta mekdeplerimiziň birnäçesini bu guramanyň Mekdepler bileleşiginiň düzümine girizeris.
Gadyrly talyplar we okuwçylar!
Biziň merdana halkymyz gadymy döwürlerden bäri nesilleriň sazlaşykly ösüşine we terbiýesine aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Şoňa görä-de, geçmişde ýaşap geçen beýik şahsyýetlerimiz bahasyna ýetip bolmajak akyl-paýhas mirasyny döredipdir. Olaryň eserleri nesilleri terbiýelemegiň gymmatly çeşmeleri bolup durýar.
Adamyň iň gözel häsiýetleriniň biri-de ene-ata, jemgyýete we durmuşa bolan söýgüdir. Ata-enä söýgi halkymyzyň «Altyn-kümşüň könesi bolmaz, ata-enäniň — bahasy», «Ata-enäniň garrysy bolmaz, asyl parçanyň — könesi», «Ata razy — Hudaý razy, ene razy — pygamber razy», «Ata gören ýol keser, ene gören don keser» ýaly nakyllarynda hem öz beýanyny tapýar.
Ene-ata bilen perzent gatnaşyklary baradaky milli garaýyşlar Döwletmämmet Azadynyň döredijiliginiň özenine öwrülipdir. Onuň «Wagzy-azat» eserindäki perzendiň ene-atanyň öňündäki kyrk borjy hakyndaky pikirleri, mähre hem-de söýgä ýugrulan şygyrlary asyrlar geçse-de ähmiýetini ýitirmän gelýär. Bu garaýyşlar ynsan aňyna, ahlagyna güýçli täsir edýän arassa öwüt-ündewler hökmünde kabul edilýär. Halkymyzyň watançylyk hem-de adamkärçilik däpleri durmuş ýoluna gadam basýan nesillerimiz üçin geçmişi, şu güni we geljegi birleşdirýän nusgawy mekdepdir.
Mähriban ýaşlar!
Watana bolan söýgi ýürekde orun alan iň näzik we päkize duýgydyr. Onuň gymmatyny hiç zat bilen ölçäp bolmaz. Ýürekden çykan sözüň ýürege barşy ýaly, yhlas bilen başyna barlan iş hem bitmän galmaýar. Her bir işe ýürekden ýapyşyp, merdana halkymyzyň adyny has-da belende götermek, başymyzyň täjine deňeýän eziz Watanymyzyň şöhratyna şöhrat goşmak, Siziň esasy borjuňyzdyr.
Men şu günki beýanymy tamamlamak bilen, size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, okuwda uly üstünlikleri arzuw edýärin.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/39275