2022-nji ýylyň oktýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Geçen aýda geçirilen köp sanly syýasy we işewürlik duşuşyklary, gepleşikler, halkara forumlardyr maslahatlar, sergiler hem-de beýleki möhüm wakalar ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli amala aşyrýan «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça alyp baran işlerini aýdyňlygy bilen açyp görkezdi. 

                                                                   

3 — 5-nji oktýabrda türkmen wekiliýeti Kamboja Patyşalygynyň Pnompen şäherinde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň mejlisine gatnaşdy. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň hem-de tomusky we gyşky Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk işleri boýunça komitetleriniň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Aziýa sebitinde sport hyzmatdaşlygyny ösdürmek, türgenleri taýýarlamagyň iň gowy tejribelerini alyşmak, geljek ýyllarda Türkmenistanda iri halkara sport çärelerini geçirmegiň mümkinçilikleri mejlisiň gün tertibiniň esasy meseleleri boldy. 

                                                                   

4-nji oktýabrda Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda sanly ulgam arkaly geňeşmeler geçirildi. Olaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, şol sanda halkara düzümleriň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy. 

                                                                   

Şol gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hiroýuki Ýamamoto bilen geçirilen duşuşykda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-ýapon komitetiniň işiniň ähmiýeti hem-de öňdebaryjy ýapon banklary we kompaniýalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlykda maýa goýum işini işjeňleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna gabatlap, birnäçe medeni çäreleri guramak meselesine üns berildi. 

                                                                   

5-nji oktýabrda DIM-niň binasynda ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň ýaraglara gözegçilik, barlag we berjaý etmek boýunça kömekçisiniň birinji orunbasary Pol Din bilen gepleşikler geçirildi. Onuň dowamynda häzirki döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna garşy durmagyň, dürli halkara we sebit guramalarynyň ugry boýunça özara gatnaşyklary giňeltmegiň, howpsuzlyk ulgamynda ynanyşmak çärelerini pugtalandyrmagyň zerurdygy nygtaldy. Şol gün “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli ulgamlaryna köp ýyllaryň dowamynda oňyn goşant goşan amerikan kompaniýalary bilen ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň çäklerinde türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň maýa goýum, maliýe-bank, oba hojalyk, nebitgaz, ulag-logistika we tehnologiýalar ugurlary boýunça sanly ulgam arkaly pudaklaýyn duşuşyklar geçirildi. 

                                                                   

6-njy oktýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Moskwa şäherinde geçirilen ikinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşdy. Forumyň plenar mejlisinde söwda-ykdysady, durmuş-ynsanperwer, ekologiýa, energetika, syýahatçylyk, ulag-logistika, telekeçilik işi ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň gerimi ara alnyp maslahatlaşyldy. Forumyň çäklerinde Hazarýaka ýurtlaryň ugurdaş edaralarynyň möhüm meselelerini, şol sanda sebitde hukuk esaslaryny, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça “tegelek stol” maslahatlary guraldy. 

                                                                   

7-nji oktýabrda DIM-niň binasynda Katar Döwletiniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işler wagtlaýyn ynanylan wekili Muhammed Meshel Al-Otaibi bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygy nygtaldy. 

                                                                   

Oktýabr aýynyň ikinji ongünlüginde Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda ýurdumyzda giňden bellenilen Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilen “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara serginiň we onuň çäklerindäki ylmy maslahatyň dabaraly açylyşy boldy. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüş depginini, Türkmenistanyň lukmançylyk ylmynda we senagatynda, ilatyň saglygyny goramakda ýeten sepgitlerini, ägirt uly kuwwatyny, sanly bilimiň, innowasiýalaryň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň ilerledilmegini, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň bu ulgamdaky işjeň gatnaşyklara barha artýan gyzyklanmalaryny beýan etmek çäräniň esasy maksady boldy. 

                                                                   

11-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynda Aşgabat şäherini “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek boýunça amala aşyrylýan işleriň çäklerinde “Dizaýn — 2022” atly Aşgabat forumynyň we “Araçäksiz dizaýn” atly halkara serginiň açylyş dabarasy boldy. Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda Türkmenistanyň ylmy we bilimi ösdürmek, medeniýet hem-de milli mirasy aýawly saklamak ulgamynda ÝUNESKO bilen köpugurly gatnaşyklaryny beýan edýän ekspozisiýalar, şol sanda çaphana önümleri, dokma we mebel önümleri, amaly-haşam sungatynyň önümleri, senetçileriň işleri, milli lybaslar, şaý-sepler, saz gurallary we köp sanly beýleki önümler görkezildi. 

                                                                   

11-nji oktýabrda DIM-niň binasynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň bu gurama bilen türki dilli halklaryň, şol sanda türkmen halkynyň baý medeni mirasyny gorap saklamaga, öwrenmäge we dünýäde giňden wagyz etmäge gönükdirilen netijeli özara gatnaşyklary bellenildi. Dürli taslamalar, hususan-da, türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleri guramagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

12-nji oktýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň Astana şäherinde geçirilen nobatdaky mejlisiniň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Singapuryň kanselýariýa ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen duşuşygy boldy. Taraplar energetika, nebithimiýa, ulag, maýa goýumlar, oba hojalygy, bilim, täze tehnologiýalar ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini, şeýle hem halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygy nygtaldy. 

                                                                   

12 — 14-nji oktýabrda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde “Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwal geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen guralan bu giň gerimli döredijilik çäresi milli medeniýetimiziň özboluşlylygyny, onuň döwlet ösüşindäki ornuny hem-de ägirt uly kuwwatyny açyp görkezdi. 

                                                                   

13-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň Golestan welaýatynyň häkiminiň orunbasary Mohammad Dahnawi bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda iki goňşy ýurduň sebitleriniň — Balkan hem-de Golestan welaýatlarynyň arasynda gatnaşyklary ösdürmek boýunça pikir alşyldy. Söwda-ykdysady, ulag-logistika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine aýratyn üns berildi. Türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň baýram edilmegine bagyşlanan bilelikdäki medeni çäreleri geçirmegiň wajypdygy bellenildi. 

                                                                   

13-nji oktýabrda Astana şäherinde geçirilen Aziýada özara gatnaşyklar we ynanyşmak çäreleri boýunça Maslahatyň VI sammitiniň işine türkmen wekiliýeti synçy derejesinde gatnaşdy, şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheil Al Mazrui bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda ulag-logistika, söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

14-nji oktýabrda Astanada Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary gazagystanly kärdeşleri bilen birnäçe duşuşyklary we gepleşikleri geçirdiler. Olaryň gün tertibine iki döwletiň dürli ulgamlardaky, şol sanda energetika, nebitgaz we oba hojalygy ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri girizildi. 

                                                                   

16-17-nji oktýabrda türkmen wekiliýetiniň Katar Döwletine iş saparynyň çäklerinde Katar Döwletiniň daşary işler boýunça döwlet ministri, Daşary işler ministrliginiň Baş sekretary, ýurduň Milli Olimpiýa komitetiniň prezidenti, Energetika ministrliginiň, Milli bankyň, Ösüş bankynyň, şeýle-de Ösüş gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda, hususan-da, energetika, ulag, maýa goýum, maliýe-bank, sport ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. 

                                                                   

17 — 19-njy oktýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçirilen “Terrorçylyga garşy göreşmek we terrorçylyk hereketiniň öňüni almak üçin serhetleriň howpsuzlygy we serhet barlagy babatda halkara we sebit hyzmatdaşlygy” atly ýokary derejeli halkara maslahata gatnaşdy. Maslahatyň çäklerinde BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Terrorçylyga garşy göreşmek müdirliginiň başlygy Wladimir Woronkow hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Teri Hakala bilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Olaryň barşynda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerine garaldy. 

                                                                   

18-nji oktýabrda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň başlyklarynyň sanly ulgam arkaly duşuşygy boldy. Duşuşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen anyk teklipler we innowasion taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, komitetleriň işi iki ýurduň arasyndaky durnukly we uzak möhletleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm guraly bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar infrastruktura ulgamynda hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasyny” täzelemegiň, ony täze pikirler we möhüm taslamalar bilen baýlaşdyrmagyň meselelerine garadylar. 

                                                                   

20-nji oktýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Astana şäherinde ýapon tarapynyň başlangyjy boýunça “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň çäklerinde utgaşykly görnüşde geçirilen maslahata gatnaşdy. Onda özara gatnaşyklaryň, şol sanda sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

23 — 27-nji oktýabr aralygynda ýurdumyzyň wekiliýeti “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň 15-nji mejlisine gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Onuň çäklerinde Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy, daşary işler ministri, Pusan şäheriniň häkimi bilen duşuşyklar geçirildi. Şeýle hem foruma gatnaşyjy ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Han Doksu bilen duşuşygy boldy. Gepleşikleriň dowamynda, şeýle-de 25-nji oktýabrda geçirilen forumda dürli ulgamlarda, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, parlamentara ugur boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki özara gatnaşyklaryň oňyn ösüşi bellenildi. 

                                                                   

Hususan-da, energetika, ulag, aragatnaşyk, gämigurluşyk, suw we tokaý hojalygy, maglumat we sanly tehnologiýalar, ykdysady howpsuzlyk, syýahatçylyk, saglygy goraýyş, binagärlik, şähergurluşyk ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň jemleri boýunça daşary işler ministrleriniň Bilelikdäki Beýannamasy hem-de “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň 2023-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy kabul edildi. Şeýle hem 2023-nji ýylda Türkmenistanyň bu formatda başlyklyk etmegi we indiki 16-njy forumy Aşgabatda geçirmek baradaky çözgüt kabul edildi. 

                                                                   

24 — 31-nji oktýabrda paýtagtymyzda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Medeniýet hepdeligine bagyşlanan “Bitewülik köpdürlülikde” atly çäreler geçirildi. Ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň goldaw bermeginde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň we Rumyniýanyň ilçihanalary bilen bilelikde guran döredijilik çäresi bu iri döwletara birleşik bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygynyň subutnamasy boldy. 

                                                                   

25-nji oktýabrda Daşary işler ministrliginde “COP26-nyň” Ýewropa, Merkezi Aziýa, Türkiýe we Eýran boýunça sebitleýin ilçisi Dawid Moran bilen duşuşyk boldy. Ol howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Aşgabada geldi. Taraplar Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtap, daşky gurşawy goramak, ekologik howpsuzlyk we howanyň üýtgemegi boýunça sebit merkezlerini, bilelikdäki uzak möhletleýin maksatnamalary we taslamalary döretmek meselesine garadylar. Şeýle hem ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleriniň we britan hünärmenleriniň gatnaşmagynda ýöriteleşdirilen okuw maslahatlaryny, sapaklary geçirmek teklip edildi. 

                                                                   

26 — 28-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly XXVII halkara maslahat we sergi geçirildi. Çäre «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy (NaPeCo), Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda «Gaffney Cline» britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guraldy. 

                                                                   

Utgaşykly görnüşde geçirilen forum ýüzlerçe adamy, şol sanda 45-e golaý daşary ýurtdan wekilleri bir ýere jemledi. Olar ýangyç-energetika toplumynda halkara, sebit we ýurt derejesinde senagatyň geljekki strategiýasyny kemala getirmäge bagyşlanan prezentasiýalar, şeýle hem dünýäniň nebit bazaryndaky işleriň ýagdaýy, bu ulgamda marketing strategiýalary baradaky seljeriş-syn maglumatlary bilen tanyşdyryldy. 

                                                                   

27-28-nji oktýabrda Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Samarkant şäherinde geçirilen 54-nji mejlisine gatnaşdy. GDA ýurtlarynda saýlawlary we sala salşyklary kanunçylyk taýdan üpjün etmek we olara syn etmek mejlisde garalan esasy mesele boldy. 

                                                                   

27-nji oktýabrda ýurdumyzyň wekiliýeti Astana şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” dialogynyň Liderleriniň birinji duşuşygyna gatnaşdy. Onuň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi. Resminama laýyklykda, taraplar parahatçylygyň, howpsuzlygyň, demokratiýanyň we kanunyň hökmürowanlygynyň hatyrasyna bilelikdäki işe ygrarlydyklaryny tassykladylar. 

                                                                   

28-nji oktýabrda Astana şäherinde GDA ýurtlarynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi boldy. Onuň dowamynda taraplar Hyzmatlar bilen erkin söwda etmek, maýa goýum işini döretmek we amala aşyrmak hakynda Ylalaşygyň taslamasyny taýýarlamak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Geňeşiň mejlisinde GDA edaralarynyň işiniň dürli ugurlary boýunça meseleleriň giň gerimine garaldy we 20-den gowrak resminama tassyklanyldy hem-de kabul edildi. 

                                                                   

Şeýlelikde, oktýabr aýynyň wakalary ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň möhüm halkara başlangyçlary bilen baglylykda, öňde goýlan wezipeleri çözmek boýunça alyp baran yzygiderli işleriniň aýdyň beýany boldy. Şol başlangyçlar diňe bir biziň döwletimiziň däl, tutuş dünýäniň abadançylygynyň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. 

                                                                                                           

(TDH)