2023-nji ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

«Dialog — parahatçylygyň kepili» ýörelgesine eýerýän ata Watanymyz Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda «Açyk gapylar», Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Geçen aýyň dowamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklaryň giňeldilmegine gönükdirilip geçirilen duşuşyklar, syýasy geňeşmeler, işewürlik gepleşikleridir forumlar ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan köpugurly işleriň alnyp barlandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. 

                                                                   

1-nji sentýabrda Arkadag şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Kataryň Atçylyk federasiýasynyň Baş sekretary Şeýh Ahmad bin Nuh Al-Tani we Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň prezidenti M.Seçina bilen duşuşdy. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna sebitde atly sport boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda ähli mümkinçilikleri we amatlyklary bolan ilkinji halkara akademiýa hökmünde Aziýa atly sport federasiýasynyň we Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň Hormat şahadatnamalaryny gowşuran myhmanlar atçylyk hem-de atly sport pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. 

                                                                   

4-nji sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde Pariž şäherinde Fransiýanyň Prezidentiniň Kontinental Ýewropa, Türkiýe we Balkan ýurtlary boýunça diplomatik geňeşçisi Bertran Buhswalter bilen duşuşygy boldy. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giň ugurlar, şeýle hem halkara düzümleriň çäklerinde ösdürmek boýunça özara pikir alyşdylar. 

                                                                   

Şol gün türkmen wekiliýeti Fransiýanyň “MEDEF-International” halkara assosiasiýasynyň düzümine girýän fransuz kompaniýalarynyň işewürlik duşuşygyna gatnaşdy. Onda söwda, ykdysadyýet, elektroenergetika, oba hojalygy, ulag-kommunikasiýa, nebitgaz pudaklarynda, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine garaldy. 

                                                                   

5-nji sentýabrda Parižde Fransiýanyň Ýewropa we daşary işler ministri Katrin Kolonna bilen geçirilen resmi duşuşykda ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meselelerine garaldy. Duşuşyklaryň jemleri boýunça iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama; “Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Fransiýanyň Ýewropa we Daşary işler ministrliginiň arasynda 2024 — 2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna”; Arkadag we Mezon-Laffit şäherleriniň arasynda doganlaşmak barada dostlukly ylalaşygyň Jarnamasyna; Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň UBAF banky bilen hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga gol çekdiler. 

                                                                   

5-nji sentýabrda Parižde Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dimitri Kerkentzes bilen bolan duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady we daşary ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde sergi işiniň möhüm orny bellenildi. 

                                                                   

Şol gün ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň orunbasary Szin Sýuý bilen geçirilen gepleşiklerde türkmen halkynyň baý ruhy mirasyny wagyz etmäge, bilim, ylym, ekologiýa we tebigaty goramak ulgamlarynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen bilelikdäki işleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde hyzmatdaşlygyň wajyp wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de taraplar Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy we Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli birnäçe bilelikdäki çäreleri geçirmegiň meýilnamalaryny kesgitlediler. 

                                                                   

5-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda däp bolan türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

7-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň Owganystan boýunça ýörite wekili Tomas Niklasson bilen sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Owganystanyň häzirki durmuş-syýasy, ykdysady ýagdaýy barada, bu ýurtdaky ýagdaýy durnuklylaşdyrmak boýunça sebit we halkara düzümleriň çäklerinde geljekki hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar. 

                                                                   

8-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň we Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Gepleşikleriň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-wýetnam gatnaşyklaryny giňeltmegiň geljegi maslahatlaşylyp, halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyga üns çekildi. 

                                                                   

Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň wekilleri Katýa Şefer we Herman Piýenaar bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasyny” bilelikde işläp taýýarlamak barada ylalaşdylar. Türkmenistanda bu düzümiň wekilhanasyny açmagyň mümkinçiligine aýratyn üns çekildi. 

                                                                   

8-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BAE-niň Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynyň baş direktory Nikolaý Mladenow bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda akademiýa bilen özara gatnaşyklaryň ähmiýeti, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen bu diplomatik akademiýanyň arasynda hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasyny” işläp düzmegiň we soňra oňa gol çekmegiň mümkinçiligi, talyplary alyşmak tejribesini ornaşdyrmak, ýaş diplomatlar üçin diplomatik okuwlary guramak, şeýle hem bilelikdäki bilim taslamalaryna, maksatnamalaryna gatnaşmak barada pikir alşyldy. 

                                                                   

Şol gün ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Ilat ýagdaýy we ösüş boýunça halkara konferensiýasynyň Hereketler maksatnamasyny amala aşyrmakda Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen BMG-niň Ilat gaznasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Florens Bauer bilen gepleşikler geçirildi. Türkmenistan bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin ýurt boýunça hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň çäklerinde birnäçe ugurlara, şeýle hem ýaşlar syýasaty boýunça netijeli gepleşiklere üns çekildi. Gender deňligi, reproduktiw saglyk, maşgalany meýilleşdirmek ugurlarynda bilelikdäki üstünlikli işler barada durlup geçildi. 

                                                                   

11-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, şeýle hem ýurdumyzyň DIM-niň ýolbaşçysynyň Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglow bilen geçiren duşuşyklary strategik we köpugurly häsiýete eýe bolan türkmen-rus gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi. 

                                                                   

11-nji sentýabrda Daşary işler ministrliginde Hytaýyň Halkara ösüş we hyzmatdaşlyk agentliginiň başlygynyň orunbasary Den Bosin bilen geçirilen duşuşygyň barşynda köp ugurlarda, şol sanda nebitgaz, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda, halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň oňyn depgini nygtaldy. 

                                                                   

11 — 13-nji sentýabrda Daşary işler ministrliginde Hazar deňziniň meseleleri boýunça ýokary derejeli iş toparynyň altynjy mejlisi geçirildi. Mejlise bäş Hazarýaka döwletiň — Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetleri gatnaşdylar. Taraplar Hazar deňzi boýunça birnäçe möhüm meseleleri, şol sanda ylalaşyklaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Çäräniň jemleri boýunça Beýanat kabul edildi. 

                                                                   

13-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň we Singapur Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilen geňeşmelerde syýasy, diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklary, halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigi nygtaldy. Yzygiderli syýasy geňeşmeleri geçirmek, ýokary derejede, ugurdaş ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde saparlary, şol sanda işewürlik maslahatlaryny guramak barada ylalaşyk gazanyldy. 

                                                                   

13-nji sentýabrda Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň öňüsyrasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda Duşenbede geçiriljek ýokary derejeli duşuşyklaryň gün tertibiniň esasy meselelerine aýratyn üns berildi. 

                                                                   

Şol gün Duşenbe şäherinde guralan Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleriniň ilkinji duşuşygynda ulag we logistika pudagy boýunça sebit mümkinçiliklerini has-da ösdürmegiň zerurdygy bellenildi. Foruma gatnaşyjylaryň nygtaýyşlary ýaly, sebitiň döwletleriniň bu ugurdaky gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikler bar. Köptaraplaýyn duşuşygyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi we Merkezi Aziýada guryýer ulaglarynyň özara baglanyşygyny güýçlendirmek hakynda Ylalaşygyň taslamasy tassyklanyldy. Sebitiň ýurtlarynyň wekiliýetleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen ugurdaş çäreleriň maksatnamasy bilim, ylym, ýaşlar syýasaty, meýletinçiler hereketi, sport ýaly ugurlary öz içine aldy. 

                                                                   

Ýurdumyzyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň duşuşygyna hem gatnaşdy. Duşuşygyň esasy meselesi döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekde zenanlaryň orny bilen baglanyşykly boldy. 

                                                                   

14-nji sentýabrda Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça Täjigistan Respublikasyna iş sapary bilen baran türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa dabaraly ýagdaýda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany gowşuryldy. Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Lideriniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, şol sanda sebitde howpsuzlygyň, durnuklylygyň berkidilmegine ägirt uly goşant goşýandygyny we köp ýyllaryň dowamynda doganlyk Türkmenistanyň özygtyýarly, garaşsyz ösüşini üpjün edendigini belledi. 

                                                                   

Şol gün Täjigistanyň paýtagtynda “Sanly ykdysadyýet, elektron söwda we innowasiýalar” mowzugynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy açyldy. Forumyň işine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Onuň dowamynda sebit ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy. Türkmen wekiliýetiniň agzalary täjik kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri maslahatlaryň we pikir alyşmalaryň esasy ugry boldy. 

                                                                   

7 — 19-njy sentýabrda türkmen wekiliýeti Koreýa Respublikasynda geçirilen birinji Türkmen-koreý parlamentara geňeşmeleriniň işine gatnaşdy. Şeýle hem saparyň çäklerinde “Koreýa — Türkmenistan” parlamentara dostluk toparynyň başlygy Li Dal Gon bilen, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo bilen, Premýer-ministri Han Dok Sun bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilýändigi bellenildi. Koreý kompaniýalarynyň Arkadag şäherinde senagat taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. 

                                                                   

19-njy sentýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Seulda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň “Geljege gönükdirilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek” atly ilkinji maslahatyna gatnaşdy. Foruma gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň bu görnüşiniň döwletleriň arasynda energetika, infrastruktura, suw serişdelerini netijeli dolandyrmak, senagat diwersifikasiýasy, maliýe, bilim, saglygy goraýyş we syýahatçylyk ulgamlary boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin amatly guraldygyny nygtadylar. Forumyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi. Oňa laýyklykda, taraplar 2024-nji ýylda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji mejlisini geçirmek barada ylalaşyk gazandylar. 

                                                                   

20-nji sentýabrda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi» hem-de Türkmenistanyň Özbegistan we Gazagystan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalaryny, şol bir wagtyň özünde, ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça çözgüt biragyzdan kabul edildi. 

                                                                   

26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada sapar bilen gelen Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Baş sekretary Kunio Mikuriýa bilen gepleşikler geçirildi. Taraplar gümrük işini kämilleşdirmek, harytlaryň serhetara hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de sebitleýin we halkara söwdany ösdürmek nukdaýnazaryndan mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini, guralýan halkara, sebitleýin duşuşyklaryň, maslahatlaryň, geňeşmeleriň çäginde üstünlikli özara gatnaşyklary nygtadylar. 

                                                                   

Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen «John Deere» amerikan kompaniýasynyň oba hojalyk bölüminiň prezidenti Mark fon Pentsiň, GFR-iň “CLAAS” kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy Katrina Klaas-Mýulhoýzeriň, «Bouygues» kompaniýalar toparynyň baş direktory Marten Buigiň, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen duşuşyklaryň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigi nygtaldy, şeýle hem Türkmenistanyň Balkan welaýaty bilen Eýranyň Gülüstan welaýatynyň arasynda söwda-ykdysady, ulag, ýükleri üstaşyr geçirmek, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ilerletmek barada pikir alşyldy. 

                                                                   

29-njy sentýabrda Germaniýa Federatiw Respublikasynda iş sapary bilen bolan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň we GFR-iň wekiliýetleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy. Onuň dowamynda «Merkezi Aziýa — Germaniýa» görnüşinde hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm ähmiýeti bellenildi hem-de onuň mümkinçilikleriniň sebitleýin parahatçylygy, howpsuzlygy goldamakda, Merkezi Aziýanyň dünýäniň häzirki zaman işlerine üstünlikli goşulyşmagynda netijeli peýdalanylyp bilinjekdigi nygtaldy. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow GFR-e iş saparynyň çäklerinde Türkmen-german işewürlik maslahatyna gatnaşdy, şeýle hem GFR-iň Federal Kansleri Olaf Şols, Federal Kansleriň orunbasary, GFR-iň ykdysadyýet we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça federal ministri Robert Habek bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. 

                                                                   

Geçen aýda Daşary işler ministrliginde Täze Zelandiýanyň, Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň hem-de Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri kabul edildi. Duşuşyklaryň barşynda hyzmatdaşlygyň giň ugurlary, şol sanda ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meseleleri barada pikir alyşmalar boldy. 

                                                                   

Şeýlelikde, sentýabr aýyndaky wakalar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek, parahatçylygyň we ählumumy abadançylygyň bähbidine döredijilikli halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmek boýunça öňde goýan möhüm wezipeleriniň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi. 

                                                                                                           

(TDH)