“Açyk gapylar” syýasatyna eýerip

Aşgabat, 29-njy maý (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Daewoo Engineering & Сonstruсtion Сo., Ltd» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju bilen geçiren duşuşygynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Iri koreý kompaniýasynyň ýolbaşçysy duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanda bolýandygyna we ýurduň soňky ýyllarda ýeten derejesi bilen tanyşmaga şatdygyny nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alyp barýan işlerinde oňa üstünlikler arzuw etdi we bu gezekki saparyň özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berjekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Myhman Gahryman Arkadagymyza käbesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny beýan etdi we çagalaryň ene-atalaryna bolan söýgüsiniň, hormatynyň çuňňurlygynyň koreý hem-de türkmen halklaryna mahsus häsiýetlerdigini belledi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Prezidenti Ýun Sok Ýola iň gowy arzuwlaryny aýdyp, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen ýola goýulýan netijeli gatnaşyklara ýokary baha berýändigini aýtdy. Şunda hyzmatdaşlyk birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak, özara düşünişmek esasynda yzygiderli ösdürilýär. Ýurtlarymyz syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýär. 

                                                                   

Soňky ýyllarda parlamentara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Şu ýylyň 17-nji aprelinde «Türkmenistan — Koreýa» parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gonuň ýolbaşçylygynda Koreýa Respublikasynyň parlament wekiliýetiniň ýurdumyza bolan sapary munuň aýdyň beýanydyr. Onuň pikirine görä, iki halkyň ruhy-medeni mirasynyň we ahlak gymmatlyklarynyň umumylygy ýola goýlan oňyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň 2022-nji ýylyň 27 — 30-njy noýabry aralygynda Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň dowamynda Milli Assambleýanyň Başlygy Kim Jin-Pýo bilen bolan duşuşygyň çäklerinde parlament ulgamy boýunça gatnaşyklary giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şol sapary, onuň çäklerinde ýurduň ýolbaşçylary bilen geçiren gepleşiklerini we Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklaryň geçirilendigini, işewürlik maslahatynyň guralandygyny, olarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. 

                                                                   

Koreýa Respublikasynyň iri kompaniýalary türkmen bazarynyň ulag, gaz we himiýa senagaty ýaly möhüm ugurlarynda köp ýyllardan bäri üstünlikli işleýärler. Türkmenistana ýeňil ulaglar we belli “Hyundai” kysymly ýolagçy awtobuslary yzygiderli ugradylýar. Dürli ugurlarda bilelikdäki wajyp taslamalar durmuşa geçirilýär. Ulag-logistika ugry boýunça gatnaşyklar ösüşiň täze derejesine çykýar. Halkara ýük daşamalaryň iri üstaşyr geçelgesi hökmünde Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň işini öňdebaryjy tejribä laýyklykda guramaga aýratyn ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Häzirki döwürde Türkmenistanda milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak, ony diwersifikasiýalaşdyrmagyň we iri önümçilik taslamalaryny amala aşyrmagyň hasabyna ösdürmek maksatnamalary durmuşa geçirilýär. Hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de täze ugurlar boýunça ilerletmekde ägirt uly mümkinçilikler bar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi. Hususan-da, koreýaly öňdebaryjy hünärmenleriň täze şäherleriň gurluşygyny taslamalaşdyrmagyň we ony dolandyrmagyň oňyn tejribesini, işläp taýýarlamalaryny öwrenmegiň hem-de ornaşdyrmagyň geljegi bellenildi. Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde täze, döwrebap Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Onuň gurluşygy “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda amala aşyrylýar. Bu bolsa hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. 

                                                                   

Türkmen tarapynyň Koreýa Respublikasynyň daşky gurşawy goramak, ekologiýa, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, energiýany gaýtadan dikeltmegiň çeşmeleri babatda gazanan tejribesini öwrenmäge bolan gyzyklanmalary beýan edildi. Şeýle hem nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň mümkinçilikleri barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Koreýa Respublikasyny özüniň möhüm ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde görýär we uzak möhletleýin, strategik esasda hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Şunda koreý tarapynyň teklipleriniň öwrenilmegine zerur üns berilýär. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow netijeli gepleşikler üçin koreý kompaniýasynyň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen «Daewoo Engineering & Сonstruсtion Сo., Ltd» kompaniýasynyň arasynda özara bähbitli gatnaşyklaryň ýola goýuljakdygyna ynam bildirdi we Jong Won-juwa berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.