Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasaty halkymyzyň abadançylyk derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün edýän milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Häzirki wagtda türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň öňünde halk hojalygynyň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeleri dowam etdirmek, döwrebap önümçilik düzümlerini giňeltmek boýunça möhüm wezipeler durýar.
29-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy. Bellenilişi ýaly, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, gowaça ekiljek meýdanlarda bolsa sürüm, tekizleýiş we geriş çekmek işleri dowam edýär. Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny hem-de gurallaryny taýýar etmek, pagtaçy daýhanlary sebitleriň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek boýunça çäreler görülýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekilmeli ýerlerini, tohumlaryny ýazky ekişe taýýarlamak babatda degişli işler alnyp barylýar. Ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleri geçirilýär.
Döwlet Baştutanymyz ekinleriň bol hasylyny ýetişdirmek babatda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mundan başga-da, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalarda şu ýyl üçin göz öňünde tutulan wezipeleriň durmuşa geçirilmegi, medeni-durmuş maksatly binalardaky ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi babatda birnäçe görkezmeler berildi.
2-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna hem-de döwlet durmuşyna degişli ileri tutulýan meselelere garaldy. Mejlisde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda hünär derejesini ýokarlandyrmak ugry boýunça okaýan diňleýjiler bilen önümçilik-tejribe okuwlaryny geçirmek, parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada aýdyldy. Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň ylmy-barlag institutlarynyň işleri, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak babatda görülýän çäreler, bu ulgamda amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlyk, söwda we telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
“Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň ýurt boýunça Maksatnamasynyň” çäklerinde ykdysady ulgamda geçirilen işler barada hasabat berildi. Häzirki wagtda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasy tarapyndan “Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň binýady, 3-nji tapgyr” atly taslamanyň gutarnykly görnüşine gol çekmek teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň birinji we ikinji tapgyrlarynda kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, 2019 — 2023-nji ýyllarda degişli işler alnyp baryldy. Geljek iki ýylyň dowamynda taslamanyň üçünji tapgyrynda Durnukly ösüş maksatlaryny ýurdumyzda durmuşa geçirmekde, hasabatlylygy alyp barmakda we gözegçilik etmekde, maliýe esaslaryny berkitmek ulgamynda halkara tejribäni öwrenmekde bilelikdäki işleri guramak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna girmegi meselesi boýunça milli mümkinçiligi ýokarlandyrmak babatda çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.
Mejlisiň dowamynda ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamagyň we olaryň baş sanyny köpeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Arkadag şäherinde bina edilen Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň barlaghanasynda ahalteke atlarynyň arassa ganlylygyny gorap saklamak maksady bilen, atlaryň genetiki seljerme işleri geçirilýär. Bedewleriň ösüşini we reňk aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek bilen bagly ylmy-barlag işleri amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň atçylyk hojalyklarynda şu ýylda doglan ýaş taýlary tohumçylyk hasabyna almak, olara ýörite şahadatnamalary bermek boýunça degişli işler dowam edýär.
Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn işler barada habar berildi. Şu ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň sanawy iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 49-syny öz içine alýar. Medeniýet, bilim ulgamlarynda geçirilmegi meýilleşdirilen çäreler barada-da habar berildi. Häzirki wagtda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň we beýik türkmen şahyrynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyna taýýarlyk işleri dowam edýär. Şeýle-de bu toplumyň çäginde daşary ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň, görnükli ýazyjy-şahyrlarynyň, söz ussatlarynyň heýkellerini oturtmak meýilleşdirilýär. Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy geçiriler.
Şeýle hem 2024-nji ýylyň mart-aprel aýlarynda Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda ilkinji halkara matematika olimpiadasy, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň arasynda IV Açyk halkara matematika olimpiadasy geçiriler. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde talyplaryň arasynda II Açyk halkara informatika olimpiadasy hem-de “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary” atly halkara ylmy-amaly maslahat we sergi guralar.
Türkmenistan bilen Ýewropanyň Maýa goýum bankynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, hususan-da, Çarçuwaly ylalaşygyň taslamasyna degişli gepleşikleri geçirmek, şeýle-de beýleki dahylly meseleler boýunça teklipler beýan edildi. Munuň özi Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam berer, Ýewropa Bileleşiginiň we Ýewropa döwletleriniň maýa goýumlaryny ýurdumyzda amala aşyrylýan möhüm ykdysady taslamalara çekmegiň goşmaça guraly bolup hyzmat eder. “Türkmendemirýollary” agentligi tarapyndan demir ýol ulaglary arkaly halkara we içerki ýük daşamalaryň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmak we giňeltmek, ulaglaryň kuwwatyndan has doly peýdalanmak üçin amatly şertleri döretmek ugrunda alnyp barylýan işler hakynda aýdyldy. Hususan-da, daşky gurşawy goramak babatda ähli şertleri nazara almak bilen, demir ýol stansiýalarynda hereket edýän infrastruktura desgalarynyň durkuny täzelemek, täzelerini gurmak meýilleşdirilýär.
Mejlisde hormatly Prezidentimiz «Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnamany tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi.
Geçen hepdede döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Gyrgyz Respublikasynyň energetika ulgamynda ýüze çykan ýagdaýlar nazara alnyp, gyrgyz halkyna ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, 2 müň tonna möçberdäki suwuklandyrylan tebigy gaz dost-doganlyk kömegi hökmünde goňşy ýurda muzdsuz iberildi.
Hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda Mejlisde öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana iş sapary bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygynyň orunbasary Hao Minszin bilen geçirilen duşuşygy bellemek bolar. Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara bähbitli dialogy pugtalandyrmak boýunça pikir alyşmalar boldy. Myhmanlar milli parlamentiň gurluşy we kanun çykaryjylyk ulgamynda alyp barýan işi bilen tanyşdyryldy.
Daşary işler ministrliginde Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýeti bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki döwletiň Baştutanlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň, şeýle hem “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň” çäklerindäki hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýeti nygtaldy. Dostlukly ýurduň wekilleri Arkadag şäherine baryp gördüler. Myhmanlar “akylly” şäherde ulanylýan sanly we “ýaşyl” tehnologiýalar, täze şäheriň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygy bilen tanyşdylar.
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmen-german deňeşdirme-hukuk öwreniş maglumat merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) “Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam bermek” atly sebitleýin maksatnamasynyň, şeýle hem ýurdumyzyň degişli edaralarynyň wekilleri, agzalan institutyň ylmy işgärleri gatnaşdylar. Maglumat merkezi Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň arasynda hukuk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň esasynda döredildi. Merkeziň işiniň esasy ugry iki ýurduň ylym-bilim edaralarynyň arasynda özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilendir.
Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlisde agzalan düzümleriň täze agzasy kabul edildi, şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, ruhubelent ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde halkymyz üçin gymmatly gollanma öwrülen “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabyny wagyz etmek işleri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygarynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini, çuňňur many-mazmunyny halkyň arasynda wagyz etmek boýunça ýaşulularyň alyp barýan işleri bilen baglanyşykly möhüm meselelere garaldy.
Mejlisiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň işine aýratyn üns çekildi we öňde goýlan ähli wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygy nygtaldy.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň (TGÝMJ) merkezi edarasynyň mejlisler zalynda utgaşykly görnüşde “Watansöýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgeleri” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa TGÝMJ-niň, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça wekilhanasynyň, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň halkara federasiýasynyň, Halkara Gyzyl Haç komitetiniň Türkmenistandaky wekilleri gatnaşdylar. Çärede iri halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG-niň düzümleri bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň giň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň, iş maslahatlaryny, okuw çärelerini guramagyň, “Türkmenistanda halkara ynsanperwer hukugyny ornaşdyrmak boýunça 2024 — 2026-njy ýyllar üçin çäreleriň Meýilnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde göz öňünde tutulan işler barada hem durlup geçildi. Çykyş edenler 2024-nji ýylda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde giňden bellemek bilen baglanyşykly meselelere-de ünsi çekdiler.
Geçen hepdede Russiýa Federasiýasynyň “Rossiýskiýe železnyýe dorogi” (RŽD) açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktorynyň orunbasary S.Pawlowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyzda saparda boldy. Onuň çäklerinde demir ýol ulaglary pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri we ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Arkadag şäheriniň häkimliginde geçirilen duşuşyk hem netijeli häsiýete eýe boldy. Onuň dowamynda täze şäherde demir ýol gatnawlaryny ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň çäginde ýerleşýän “Sarahs” stansiýasynyň ýolbaşçylary bilen bolan duşuşykda Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda halkara ähmiýetli ulag geçelgeleriniň işini ösdürmek, Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini artdyrmak häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi. Bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda giň möçberli milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky güwäsidir. Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak esasynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bu ugurda esasy maksat bolup durýar.
(TDH)