Söwda toplumy ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde esasy pudaklaryň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, bu ugurda ýetilen sepgitler, ýurdumyzda azyk bolçulygyny we halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek köp babatda bu pudagyň netijeli ösdürilmegine hem baglydyr.
Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen bu möhüm toplumy ösdürmek üçin uly möçberdäki maýa serişdeleri goýberildi, onuň maddy-enjamlaýyn binýady has-da berkidildi, bu ulgamda halkara gatnaşyklary giňeldildi.
Şeýle hem azyk bolçulygyny üpjün etmek, eksport ugurly senagat hem-de gaýtadan işleýän önümçilikleri döretmek boýunça çäreler görülýär.
Bular barada hormatly Prezidentimiziň sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda golaýda geçiren iş maslahatynda giňişleýin gürrüň edildi. Onda geçen ýyl ýurdumyzyň söwda toplumyny ösdürmek ugrunda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy.
Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmak hem-de bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmek bilen baglylykda, söwda toplumynyň öňünde durýan wezipeleriň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz söwda toplumynyň her bir düzüminiň öňünde anyk wezipeleri goýdy.
Häzirki döwürde toplumda bar bolan önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmak, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda pudaga sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak, söwda toplumynyň önümçilik kärhanalarynda zähmeti guramagyň netijeli usullaryny ulanmak, önümçilige daşary ýurt maýa goýumlaryny has köp çekmek wajypdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlara baglylykda içerki bazaryň azyk we ilkinji nobatda zerur bolan beýleki harytlar bilen üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagyň, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileý ýylynda bazarlarda we dükanlarda haryt bolçulygyny döretmek boýunça zerur işleri geçirmegiň wajypdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlete dahylsyz ulgamyň öňünde durýan wezipelere geçip, häzirki wagtda döwlete dahylsyz pudagyň jemi içerki önümdäki paýynyň 70 göterime barabardygyny aýtdy. 2021-nji ýylda onuň paýyny 70,6 göterime ýetirmek göz öňünde tutulmalydyr.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamaga gönükdirilen çäreleriň dowam etdirilmelidigine, milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmäge, häzirki zaman telekeçilik ulgamyny döretmäge ýardam berilmelidigine, öndürilýän önümleriň eksport edilýän möçberini artdyrmakda usulyýet kömeginiň edilmelidigine, hususy taraplara harytlary ýerlemegiň täze bazarlaryny we görnüşlerini gözlemekde goldaw berilmelidigine ünsi çekdi.
Kiçi we orta kärhanalaryň mümkinçiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, işewürligi goldamagyň ýerli merkezleriniň işini giňeltmek, kärhanalary dolandyrmak, marketingi we telekeçiligi ösdürmek, maliýe serişdelerini çekmek boýunça hyzmatlary ýola goýmak zerurdyr.
2020 — 2021-nji ýyllar üçin çökgünlige garşy maksatnama laýyklykda, eksportyň möçberini artdyrmak we 2021 — 2025-nji ýyllarda import harytlarynyň ornuny tutýan önümleriň ýurdumyzda öndürilýän önümçiliklerini döretmek boýunça maksatnamanyň taslamasyny taýýarlamagy çaltlandyrmak wajypdyr.
Döwlet Baştutanymyz söwda toplumynyň ýolbaşçylaryna bu taslamany Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň birinji çärýeginiň jemlerine bagyşlanan mejlisinde seretmek üçin hödürlemegi tabşyrdy. Milli Liderimiz şu tabşyryklardan netije çykaryp, bellenilen wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek barada toplumyň ýolbaşçylaryna görkezme berdi.
«Aşgabat».