Söwda toplumy: döwrebap özgertmeler, anyk netijeler

Hormatly Prezidentimiz söwda toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

5-nji fewralda milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda geçen ýyl ýurdumyzyň söwda toplumyny ösdürmek ugrunda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz söwda toplumynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde esasy pudaklaryň biridigini nygtady. Şoňa görä-de, bu ugurda ýetilen sepgitler, ýurdumyzda azyk bolçulygyny we halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek köp babatda bu pudagyň netijeli ösdürilmegine hem baglydyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki wagtda söwda, dokma we telekeçilik pudaklaryny ösdürmäge köp möçberde maýa goýumlaryny goýýandygymyza garamazdan, heniz bu ugurda kemçilikler we ulanylmaýan mümkinçilikler örän köp. Şulardan ugur alnyp, iş maslahatynyň dowamynda häzirki ýagdaýda söwda toplumynyň işini guramagyň, onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, şu ýyl ähli döwlet maksatnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek üçin toplumda amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini çaltlandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şoňa görä, milli Liderimiz söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, dokma senagaty ministrleriniň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlyklarynyň degişli ugurlarda geçen ýyl ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabatlaryny diňledi. Döwlet Baştutanymyz degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň öňünde durýan wezipeleriň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer hormatly Prezidentimize dürli görnüşli oba hojalyk ekinlerini, miweli baglary, üzümi ösdürip ýetişdirmek hem-de beýleki önümçilik işlerini alyp barmak maksady bilen, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna uzakmöhletleýin peýdalanmak üçin ýer bölekleriniň yzygiderli bölünip berilýändigi barada hasabat berdi. Milli Liderimiz bu ugurdaky işleri mundan beýläk-de dowam etmegiň zerurdygy barada aýdyp, degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Iş maslahatynda ykdysadyýet we maliýe ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, durnukly ösüş depginini saklap galmak maksady bilen, söwda toplumynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny yzygiderli seljermek boýunça öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz söwda toplumyna degişli düzümleriň hemişe üns merkezinde bolmalydygyny, şol sanda hususy telekeçilik üçin oňaýly şertleriň döredilmelidigini belledi.

Söwda toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer 2020-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, şu ýyl geçiriljek işleriň meýilnamasy barada hasabat berdi. Şeýle hem azyk bolçulygyny üpjün etmek, eksport ugurly senagat hem-de gaýtadan işleýän önümçilikleri döretmek boýunça çäreler görülýär. Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Döwlet tarapyndan ykdysadyýetiň hususy ulgamyny goldamagy güýçlendirmek, şol sanda kiçi we orta telekeçilige maliýe hem-de maddy-enjamlaýyn kömegini bermek zerurdyr. Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly söwdany guramagyň döwrebap düzümini kemala getirmek boýunça işler döwrüň talabyna gabat gelmelidir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Maslahaty jemlemek bilen, hormatly Prezidentimiz toplumyň işini gowulandyrmak üçin şu ýyl hemmeleriň örän köp işlemelidigini aýtdy. Häzirki döwürde toplumda bar bolan önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmak, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda pudaga sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak, söwda toplumynyň önümçilik kärhanalarynda zähmeti guramagyň netijeli usullaryny ulanmak, önümçilige daşary ýurt maýa goýumlaryny has köp çekmek wajypdyr. Milli Liderimiz bellenen gaýragoýulmasyz wezipeleri ýerine ýetirmek üçin maslahata gatnaşyjylara anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

"Nesil".



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20323