Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy

Awaza, 27-nji awgust (TDH). Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. 

                                                                   

Bu ýerde hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Awaza derýasynyň çekilmegi bilen ynsan saglygy üçin ýakymly howa gurşawy emele geldi. Munuň özi ýurdumyzda adamlaryň saglygy we ýokary derejeli dynç alşy ugrunda edilýän aladanyň döwlet syýasatynda möhüm orun eýeleýändigini görkezýär. 

                                                                   

Häzirki wagtda Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa kenarynda dynç alşyň we saglygyňy berkitmegiň aňrybaş şertlerini özünde jemleýän tebigy zolak kemala geldi. Bu künjekde wagtyňy peýdaly hem-de gyzykly geçirmek, saglygyňy berkitmek, şeýle-de maşgala bolup dynç almak üçin zerur şertler üpjün edildi. Şunda bu künjegiň ekologik ýagdaýyna möhüm ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimi D.Jumaýew Gahryman Arkadagymyza dynç alşyň ýokary derejesini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada gürrüň berdi. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bu künjekde degişli alymlar bilen bilelikde ýörite iş alnyp barylmagy esasynda Awaza derýasynyň çekilendigini, şonuň netijesinde ynsan saglygy üçin ýakymly howa gurşawynyň emele gelendigini aýtdy. Şeýlelikde, bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we tagallasy boýunça Awaza derýasy çekildi. Bu çäkde tokaý zolaklarynyň döredilmegi hem-de köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegi bilen, onuň ekologik derejesi has-da ýokarlandy. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde hereket edýän düzümleriň dolandyryş we hojalyk işlerine zerur üns berilmelidigini nygtady. Munuň özi häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Hormatly Arkadagymyz bu ýerde adamlaryň oňaýly dynç alşyny, wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmeklerini öz içine alýan mümkinçilikler toplumynyň döredilmelidigini, türkmenistanlylara hem-de Awazanyň myhmanlaryna hödürlenilýän hyzmatlarynyň görnüşleriniň artdyrylmalydygyny, olaryň hiliniň gowulandyrylmalydygyny belledi we bu babatda häkime degişli maslahatlary berdi. 

                                                                   

Şunda deňziň kenarynda dynç alýanlar üçin häzirki zaman yşyklandyryş ulgamynyň, sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini peýdalanyp, şüweleňli çykyşlar guralmalydyr. Munuň özi dürli ýaşdaky dynç alýan adamlaryň ýokary derejeli medeni hyzmatlara bolan isleglerini kanagatlandyrmakda zerurdyr. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz şu ýylky dynç alyş möwsüminde Awazada dynç alanlaryň sany bilen gyzyklandy. Häkim üç aýyň dowamynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alanlaryň sanynyň 150 müňden geçendigini habar berdi. Gahryman Arkadagymyz bu maglumatyň guwandyryjydygyny aýdyp, zolagyň dynç alyş düzümleriniň, myhmanhanalaryň arasynda degişli bäsleşigi guramagyň we onuň netijeleri boýunça ýeňijileri höweslendirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe maslahatlary berdi. 

                                                                   

Soňra hormatly Arkadagymyz Awaza derýasynyň gämi duralgasynda duran agaç gäminiň ýanyna geldi. Gahryman Arkadagymyz bu künjegiň gözelliklerini synlap, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlar üçin gämili-gaýykly gezelençleriň guralmagynyň has-da peýdaly boljakdygyny, olarda gezelenç edip, deňze çykýan adamlarda ýakymly ýatlamalaryň galjakdygyny belledi. Munuň özi uly adamlar, aýratyn-da, çagalar üçin has-da gyzykly bolar. Hazar deňzinde, şeýle-de uzynlygy 7 kilometrden gowrak bolan Awaza derýasynda gämili-gaýykly gezelençleri guramak üçin doly mümkinçilikler bar. Eger zerurlyk bolsa, olary ýene-de satyn almaly diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we bu meseläni içgin öwrenmegi häkime maslahat berdi. 

                                                                   

Bu ýerde häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyrylan döwrebap şypahanalar, sport we sagaldyş merkezleri, dürli attraksionlary özünde jemleýän toplumlar, akwaparklar dynç alýanlaryň hyzmatyndadyr. Aýratyn-da, bu ýerler “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýan çagalaryň söýgüli künjeklerine öwrüldi. 

                                                                   

Halkara deňiz şypahanasy derejesine eýe bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny abadanlaşdyrmak, onuň ýokary ekologik ýagdaýyny saklamak, Hazaryň kenarynyň ösümlik dünýäsini baýlaşdyrmak ugrunda edilýän tagallalar özüniň oňyn netijesini berýär. Deňziň biologik dürlüligini gorap saklamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu bolsa Hazaryň ekologik taýdan ýokary halkara görkezijilere we häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegini üpjün edýär. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ulular üçin bolşy ýaly, ösüp gelýän ýaş nesiller üçin hem ähmiýetli bolan çäreleriň guralmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunda ýaşlarda mähriban Watanymyza, gözel tebigatymyza bolan söýgini pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berilmelidir. Munuň özi syýahatçylyk zolagynda arassaçylygyň, abadançylygyň üpjün edilmeginde öz beýanyny tapmalydyr. 

                                                                   

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň keşbi soňky ýyllarda tanalmaz derejede özgerdi. Bu ýerde gurlan kaşaň myhmanhanalar, saglygy goraýyş ulgamyna degişli binalar we beýleki ugurdaş desgalar bir bitewi sazlaşygy emele getirip, Awazanyň keşbini has-da gözel görkezýär. Ekilen bag nahallaryndan dörän tokaý zolaklary bu künjegiň ekologik derejesiniň ýokary bolmagyny, ýakymly howa gurşawynyň kemala gelmegini şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, Hazaryň kenaryndaky dynç alyş zolagy halkara ähmiýetli çäreleriň, iri işewürlik, medeni we sport çäreleriniň geçirilýän merkezine öwrüldi. Munuň özi Awazanyň binagärlik maksatnamasynyň amala aşyrylmagyna hem jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşilýändigini görkezýär. 

                                                                   

Gojaman Hazaryň kenary boýunça gezelenjiň dowamynda Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow deňziň kenarynda kemala gelen behişdi mekanyň mümkinçilikleriniň adamlaryň ýokary derejeli dynç alşyna, saglyklarynyň berkidilmegine gönükdirilendigini nygtady. Awazanyň merkezinde pasyrdap duran ýaşyl tugumyz ata Watanymyza, Diýarymyzda berkarar bolan bagtyýar durmuşymyza buýsanjymyzy artdyrýar. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde guralýan dynç alşy bedenterbiýe we sport bilen utgaşdyrmagyň saglyk üçin ähmiýetlidigini belläp, bu babatda birnäçe öwüt-ündewlerini aýtdy. Bedenterbiýe, sport bilen yzygiderli meşgullanmak adamyň diňe bir beden taýdan sagdynlygyna däl, eýsem, onuň özüni duýşuna, intellektual we döredijilik işine oňyn täsirini ýetirýär.  

                                                                   

 Soňra hormatly Arkadagymyz Awazanyň çägi boýunça guran gezelenjini welosipedde dowam etdi. 

                                                                   

Hazaryň kenarynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we tagallalary netijesinde kemala gelen dünýä derejeli şypahana zolagynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak, şol sanda welosiped sürmek üçin ähli amatly şertler üpjün edildi. Munuň özi ynsan saglygy döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda adamlaryň saglygynyň goralmagy, amatly dynç alşy we saglyklaryny berkitmekleri ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigini görkezýär. 

                                                                   

Aýratyn-da, sportuň ekologik taýdan arassa görnüşi hasaplanýan welosiped sporty ýurdumyzda işjeň ösdürilýär. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň tarapdary bolan Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu bolsa welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň sanynyň artmagyna ýardam edýär. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli gezelenjiň dowamynda Awazanyň baglaryna, Awaza derýasynyň kenarynda döredilen tokaý zolaklaryna we dürli güllere ýokary derejede ideg etmegiň möhümdigini belläp, bu babatda degerli maslahatlaryny berdi. 

                                                                   

Häkim Awaza gelip, bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanşandygy hem-de gymmatly maslahatlaryny berendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle-de ol öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalary gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ekologik ýagdaýyň gowulandyrylmagynyň, bagy-bossanlygyň döredilmeginiň bu ýerde alnyp barylýan işleriň möhüm ugry bolmalydygyny nygtap, häkime üstünlikleri arzuw etdi.