Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz okgunly ösýär we ykdysady taýdan barha kuwwatlanýar. Diýarymyzyň sebitlerinde yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýän senagat maksatly desgalar, iri önümçilik toplumlary bu ugurda aýratyn uly ähmiýete eýedir.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda önümçiligi doly awtomatlaşdyrylan häzirki zaman senagat kärhanalaryň gurulmagy bilen, olarda ornaşdyrylan innowasion we döwrebap tehnologiýalar esasynda dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply dürli görnüşli önümleriň önümçiligi ýola goýuldy. Häzirki wagtda ýerli çig maldan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan bäsdeşlige ukyply gurluşyk önümlerini öndürýän şeýle kärhanalar milli senagatyň sazlaşykly ösüşine mynasyp goşant goşýarlar.
Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň ösüşinde Ahal welaýatynyň çäginde hereket edýän iri önümçilik toplumlarynyň uly orny bardyr. Welaýatyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşligiň çägindäki «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasy, gazbeton zawody, «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň mermer we granit işlenilýän zawody, «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy ýaly öňdebaryjy tehnologiýaly iri önümçilikler bu babatda aýratyn agzalmaga mynasypdyr. «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy Merkezi Aziýa sebiti boýunça alanyňda hem, aýna önümçiligi boýunça iň iri kärhanadyr. Agzalan kärhananyň önümleri daşarky bazarda uly islege eýe bolmagyny ýerli çig maldan taýýarlanýan önümleriň hiliniň örän ýokarydygy bilen düşündirmek bolar.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu gün ýurdumyzda gurluşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak, gurluşyk serişdelerini öndürmek boýunça daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutup bilýän önümçilik kuwwatlyklaryny we täze iş orunlaryny döretmek, eksport ugurly harytlaryň mukdaryny artdyrmak, önümçilige sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly wezipeler üstünlikli çözülýär.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda gurluşyk önümlerini öndürýän iri kärhanalaryň onlarçasy gurlar. Häzirki wagtda «Bäherden» sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň alnyp barylmagy hem bu ugurda bellenilmeli ýagdaýdyr. Döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda gurulýan sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň kuwwatlylygy ýylda 1 million tonna önüm öndürmäge niýetlenendir. Onuň gurluşygy «Beýik bina» hususy kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirilýär.
Kämil tehnologiýaly häzirki zaman kärhanalaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi bilen, raýatlar üçin täze iş orunlary emele gelip, ilatyň iş bilen üpjünçilik meselesine oňyn täsirini ýetirýär. Şonuň bilen baglanyşykly, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň işgärleri tarapyndan senagat kärhanalarynyň zähmet toparlarynyň arasynda yzygiderli geçirilýän wagyz-nesihat işleriniň barşynda işçi-hünärmenlere hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen gurulýan şeýle iri desgalaryň ähmiýeti barada täsirli gürrüň berilýär. Mundan başga-da, zähmetkeşlere tehniki howpsuzlygynyň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek boýunça degerli maslahatlar berilýär.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda eziz Diýarymyzy ösen senagat ýurduna öwürmekde taýsyz tagalla edýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys.
Yhlas ANNAÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Gurluşyk we senagat bölüminiň tehniki gözegçisi.