Sebitleýin ösüş: giň mümkinçilikler we möhüm wezipeler

Balkan welaýaty: 

                                                                   

 8. Dokma pudagynda täze gözýetimler 

                                                                   

Türkmenistan soňky ýyllarda gaýtadan işleýän senagatyň berk binýadyny tutmak bilen, halkara bazarda bäsdeşlige ukyply harytlary öndürýän ynamdar hyzmatdaş hökmünde öz abraýyny barha pugtalandyrýar. Milli ykdysadyýetiň binýatlaýyn pudaklarynyň bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrmak, türkmen haryt öndürijileriniň öndürýän önümleriniň dünýä bazarlarynda mynasyp ornuny üpjün etmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden bereketli topragymyzda inçe süýümli pagtadyr ak bugdaýy bol öndürmegi, azyk senagaty, ýüpekçilikdir dokmaçylyk pudaklaryny ösdürmegi maksat edindi. Şeýlelikde, könelişen ýeňil senagat kärhanalarynyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak, täze kärhanalary gurmak we bar bolanlarynyň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli özgertmelere badalga berildi.  

                                                                   

Balkan welaýatynda dokma senagatyny ösdürmek boýunça başy başlanan taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýän işleriň hatarynda mynasyp orun aldy. Ugurdaş önümçiliklere uly möçberde maýa goýumlar gönükdirildi. Türkmenbaşy şäherinde, Serdar, Bereket, Esenguly, Magtymguly etraplarynda daşary ýurtly maýadarlaryň gatnaşmagynda döwrebap tehnikalar bilen enjamlaşdyrylan dokma toplumlary, egin-eşik, aýakgap, haly fabrikleri, ýüplük kärhanalary işe girizildi. Ekerançylyk güýçli ösüşe eýe boldy. Köp mukdarda ýokary hilli pagta süýümi, ýüpek öndürilip başlandy. Maldarçylyk pudagynyň geriminiň artmagy bilen, welaýatda ýüňüň, deriniň, bagananyň, mişiniň, çöpüriň, guş ýeleginiň önümçilik möçberleri artyp, olar sebitde dokma senagatynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň ýokarlanmagyna oňyn täsir etdi.  

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz sebitiň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmekde dokma pudagynyň ornunyň uludygyny, onuň daşary ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de eksport mümkinçiliklerimizi pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn belleýär. Sebitleri ösdürmekde ýeňil senagatyň dokma pudagyna uly orun berilýändigi kabul edilýän ösüş maksatnamalarynda aýdyň görünýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» geljek 30 ýylyň dowamynda Balkan welaýatynda birnäçe dokma toplumlaryny, pagta egriji, ýüpek, ýüplük, jorap, aýakgap, egin-eşik, başgap tikinçilik fabriklerini, gön eýleýän, ýüň ýuwýan kärhanalary, el haly, keçe öndürýän kärhanalary gurmak, şeýle-de ozal hereket edýän egirme-dokma fabrikleriniň önümçilik kuwwatyny has-da artdyrmak, durkuny döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Maksatnamada döwlete dahylsyz bolan kiçi we orta möçberli dokma senagat kärhanalarynyň onlarçasyny gurmak meýilleşdirilýär.  

                                                                   

Dürli görnüşli sütükli, örülen matalary öndürýän täze dokma toplumlarynyň işe girizilmegi importyň öwezini özümizde öndürilýän matadyr taýýar önümler bilen dolmaga mümkinçilik berer. Üstesine, ilat üçin täze iş orunlarynyň müňlerçesi dörediler. Ýola goýuljak önümçilikler ilat arasynda hyrydarly keteni, ýüpek, nah, gyraw, mahmal, pamazy, biz, kendir, atlaz, jinsi, welwet, welýur, setin, kapron, poplin, ştapel ýaly başga-da birnäçe matalaryň köp görnüşini, dürli ýaşdaky adamlara niýetlenen möwsümleýin egin-eşikleri, şeýle hem goýun, düýe ýüňünden žaketleri, ýeňsizleri öndürmäge mümkinçilik berer. Täze kärhanalaryň agramly bölegi daşary ýurt maýasynyň gatnaşmagynda gurlar we ýokary paýly bilelikdäki kärhanalaryň sany artdyrylar. Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda ýörite senagat ykdysady zolagyny döretmek, welaýatda hereket edýän döwlet eýeçiligindäki kiçi senagat kärhanalaryny mundan beýläk-de hususylaşdyrmak, hususy taraplaryň gatnaşmagynda paýdarlar jemgyýetlerini döretmek babatda işler alnyp barlar. Welaýatyň dokma kärhanalaryny gutarnykly bazar gatnaşyklaryna geçirmek üçin zerur özgertmeler amala aşyrylar. Durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän tutumly işleriň netijesinde, welaýatyň jemi içerki önüminiň düzüminde ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň paýy yzygiderli ýokarlanar.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz dokma pudagynyň ýolbaşçylarynyň öňünde sebitlerde diňe bir häzirki zaman ýüplük egriji fabriklerini we dokma toplumlaryny gurmak bilen çäklenmän, eýsem, pudagyň giň mümkinçiliklerini has doly peýdalanmagy, önümleriň görnüşini, hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen iri möçberli taslamalary işläp düzmegi wajyp ähmiýetli wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şeýlelikde, ýakyn geljekde welaýatyň şäherlerinde, etrap merkezlerinde lukmançylyk pamygyny, timar beriş serişdelerini, nah ýüplük egriji, tüýsüz nah we inçe süýümli, şeýle-de sintetik ýüplükleri çykarýan, kapron, ýüpek we pagta süýümlerinden garyşyk ýüplükleri öndürýän fabrikleri işe girizmek meýilleşdirildi. Şeýle kuwwatlyklar ýeňil senagatyň ýerli çig mala esaslanýan täze düzümlerini emele getirer. Milli maksatnamada bellenilen toplumlaýyn wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi sebit senagatynyň diwersifikasiýalaşmagyna, innowasion önümçilikleriň, halkara zähmet bölünişiginde mynasyp orun eýeleýän, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply ýeňil senagat kärhanalarynyň döremegine itergi berer.  

                                                                   

Pagta süýümini gaýtadan işleýän iri senagat kärhanalary welaýatyň gowaça ekýän etraplarynyň ählisinde diýen ýaly gurlup ulanyşa girizildi. «Türkmenistanda öndürildi» diýen söwda nyşanly harytlara dünýä bazarlarynda bildirilýän isleg ýokary bolmagynda galýar. Bu ugurdaky ýokary sepgitler, ilkinji nobatda, önümçilik düzümlerini düýpli döwrebaplaşdyrmagyň, täze gurulýan önümçilik kärhanalaryna ylmyň we innowasion ösüşiň iň täze gazananlaryny ornaşdyrmagyň hasabyna üpjün edilýär.  

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, welaýatda dokma senagatyny ösdürmek üçin oňyn şertler bar. Döwrebap ýeňil senagat önümçilikleriniň ýola goýulmagy derini we ýüňi, mata hem-de ýüplük galyndylaryny gaýtadan işlemäge, egrilen ýüplügi, regenirlenen süýümi köp möçberde öndürmäge, bu önümlere içerki sarp ediş islegini doly kanagatlandyrmaga hem-de olaryň eksportyny artdyrmaga täze mümkinçilikleri döreder.  

                                                                   

Içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşligiň güýjemegi ýeňil senagatda öndürilýän taýýar önümleriň görnüşleriniň köpeldilmegini we yzygiderli täzelenmegini talap edýär. Pagta süýümini gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen dokma senagaty milli önümçilik düzümleriniň hatarynda ilkinji orunlaryň birini eýeleýär hem-de özüniň ykdysady netijeliligini barha ýokarlandyrýar. Sebitde pudagyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artmagy, düşewüntli işlemegi täze gurlan hem-de döwrebaplaşdyrylan egirme-dokma, ýüplük, trikotaž, aýakgap, ýüpek, tikinçilik, ýüň ýuwýan, gaýyş-haryt fabrikleriniň, nah mata, sintetik, emeli ýüň haly, deri eýleýän gön kärhanalarynyň önümleriniň sarp ediş bazaryny tapmak we yzygiderli öwrenmek meseleleriniň ähmiýetini artdyrýar. Welaýatda bar bolan çig mallary birinji, ikinji, üçünji derejelerde işlemek, ugurdaş önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmagyň çäklerinde öndürilýän harytlaryň görnüşini köpeltmek we hil taýdan bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler bellenilendir. Bu kärhanalarda ulanylýan çig mal serişdeleriniň welaýatda köp mukdarda jemlenmegi, ýokary hünär taýýarlykly zähmet gorlarynyň bolmagy goşulan gymmaty ýokary önümleri çäklendirilmedik möçberde öndürmäge, olaryň özüne düşýän gymmatyny pese düşürmäge mümkinçilik berýär. Welaýatda dokma senagatynyň giň gerimde ösdürilmegi senagat pudagynyň ykdysady taýdan has-da ýokary göterilmegine şert döreder.  

                                                                   

Taryhdan belli bolşy ýaly, irki döwürlerde bu sebitde maldarçylyk ösüp, ýüň, ýüpek matalary dokamak, keçe basmak, el halysyny dokamak ýaly senetçilik ýokary derejelere ýetipdir. Aýratyn-da, dokmaçylygyň ösmegi oňa gerekli çig malyň oba ýerlerinde köp bolandygy bilen baglydyr. Häzirki wagtda el zähmetiniň ornuny dürli enjamlar tutýar. Senetler kämilleşip, öndürilýän önümleriň görnüşi artýar, hili bolsa ýokarlanýar. Ýüňi arassalaýan, ýuwýan, daraýan, ondan dürli haly, palas önümlerini dokaýan hojalyklar, ussahanalar döreýär. Balkan adamzat medeniýetiniň dürler hazynasyna giren türkmen el halyçylyk sungatynyň irki ojaklarynyň biridir. Bu günki gün türkmen halylary uly şan-şöhrata eýe bolýar. Ýurdumyzda haly kärhanalarynyň döwrebap derejede enjamlaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Welaýatyň Serdar we Bereket etraplarynda ulanmaga berlen çeper halyçylyk kärhanalary iň täze tehnologik enjamlar bilen üpjün edildi. Halyçy gelin-gyzlaryň hünär ussatlygyny artdyrmak, tebigy serişdelerden himiki we tebigy boýaglary almagyň gadymy tehnologiýalaryny gaýtadan dikeltmek, irki nagyşlary hem-de çeper kompozisiýalary ýokary hilli çitimler arkaly beýan etmek ýaly ugurlar hemişe ileri tutulýar. Ýüň we ýüpek el halylaryna isleg içerki sarp edijileriň-de, daşary ýurtlularyň-da arasynda barha ýokarlanýar. Çitiminiň inçeligi, syklygy, reňkiniň doklugy, berkden tekiz ýumşaklygy bilen adygan türkmen el halysy dokma senagatynyň ösüşini ýokary göterýär. Munuň özi türkmen halylarynyň bazarda bäsdeşlige ukyplylygyny şertsiz ykrar etdirýär. Geljekde sebitde halyçylygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi öý hojalyk şertlerinde toparlaýyn işlemäge isleg bildirýän zenanlary höweslendirmäge, dokma enjamyny ornaşdyrýan, çig mal bilen üpjün edýän, taýýar harydy kabul edýän önümçilik kärhanalarynyň işini ýola goýmaga giň mümkinçilik açar.  

                                                                   

Welaýatda geljek ýakyn ýyllarda ýeňil senagaty ösdürmegiň çäklerinde milli önümleriň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, eksporty höweslendirýän hojalyk usulyny işläp düzmek, iri daşary ýurt şäherlerinde türkmen dokma we haly önümleriniň söwda merkezlerini açmak, pudagyň tehniki taýdan könelişen kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, hususylaşdyrmak, uly kärhanalarda eýeçiligiň we dolandyryşyň paýdarlar usullaryny peýdalanmak, hususy taraplaryň gatnaşmagyndaky deri-gön, aýakgap, ýüpek önümçilikleriniň maliýe-ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmak ýaly wezipeleriň ähmiýeti artýar. Bu ugurda toplanan baý dünýä tejribesiniň jikme-jik öwrenilmegi gowy netije berer. Meselem, ösen tejribeli döwletler dokma pudagy üçin kämil enjamlary we tehnologiýalary öndürmek, önümçilik düzümleriniň gurluşynda bolsa dokma önümleriniň köpçülikleýin sarp edijä niýetlenen görnüşlerini, taýýar geýimleri öndürmek we eksport etmek işlerine uly orun berýär. Şol bir wagtyň özünde käbir döwletler, aýratyn-da, Ýewropa ýurtlary ilatyň aýry-aýry gatlaklarynyň sarp ediş talaplaryny kanagatlandyrmaga çalyşýar. Gündogar Aziýa döwletleri dünýä ilatynyň ähli gatlaklary üçin harytlary hödürlemek syýasatyna eýerýär. Türkmenistan bu babatda dokma önümçiliginde çig maly köp derejeli işlemek arkaly, taýýar harytlyk derejesine ýetirmekligi ileri tutýar.   Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýat derejesinde bu pudaga gönükdiriljek maýa goýumlaryň möçberini, şonuň netijesinde kemala geljek täze kärhanalaryň sanyny nazara alsak, onda dokmanyň sebitiň ykdysadyýetiniň iň kuwwatly pudaklarynyň birine öwrüljekdigini ynamly aýdyp bolar.  

                                                                                                           

Hangeldi GURBANGELDIÝEW,

                       

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň Ykdysady töwekgelçilikleri seljeriş müdirliginiň başlygy.