Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygy bilen döwletimiziň energiýa serişdelerinden umumadamzat bähbitlerine peýdalanmak syýasaty üstünlikli ýöredilýär. Elektrik energiýasynyň eksport göwrümleriniň we geografiýasynyň ýaýbaňlandyrylmagy ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler bu syýasatyň işjeň alnyp barylýandygyny subut edýär.
Biziň ýurdumyz elektrik energiýasyna baýdyr. 2025-nji ýylda bolsa Türkmenistan boýunça elektrik energiýasynyň umumy öndürilişiniň ep-esli artyp, onuň 34,2 milliard kW/sagada ýetirilmegine garaşylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen elektrik energiýasyny öndürmekde we ondan netijeli peýdalanmakda döwlet ähmiýetli işler giň gerimde alnyp barylýar. Hut şeýle aladalaryň netijesinde energetika pudagy aýratyn çalt ösýän pudaklaryň birine öwrüldi.
Häzirki wagtda Türkmenistan bir bitewi Merkezi Aziýa energiýa ulgamyna işjeň goşulmak bilen, türkmen elektrik energiýasyny halkara ugurlar boýunça geljek üçin meýilleşdirilýän taslamanyň çäklerinde ibermegiň möçberiniň has-da artdyrylmagy üçin goşmaça mümkinçilikleri döretmekde hem möhüm işleri alyp barýar. Eksport ugruny ösdürmek ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ösmegini üpjün edýär. Şonuň üçin elektrik energiýasyny ibermegiň hereket edýän eksport ugurlary bilen birlikde olaryň täze ugurlaryny döretmeklige hem aýratyn uly üns berilýär. Halkara energetika hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegindäki başlangyçlaryň şowlulygyny üpjün edýän desgalaryň uly topary guruldy. Şu maksat bilen Mary döwlet elektrik stansiýasynyň kuwwaty artdyryldy, Lebap welaýatynyň çäginde amala aşyrylýan halkara taslamanyň çäklerinde gazturbinaly elektrik bekedi, kuwwaty 500 kW bolan «Kerki» podstansiýasy hem-de türkmen-owgan serhedine çenli elektrik geçiriji ulgam guruldy.
Bir ýyl töweregi mundan ozal, has takygy, 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça elektrik geçiriji ulgam dabaraly ýagdaýda işe girizildi. Bu elektrik geçiriji ulgamyň uzynlygy 153 kilometre we kuwwaty 500 kW barabar bolup, ol «Тürkmenistan — Owganystan — Pakistan» elektrik geçiriji ulgamynyň bir bölegini düzýär. Onuň esasy maksady üç ýurduň arasynda elektrik energiýasynyň eksport we import edilmegi üçin zerur bolan infrastrukturalaryň döredilmegine gönükdirilýär. Sebäbi soňy bilen türkmen elektrik energiýasy bilen Pakistanyň şäherlerini hem üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Şonuň üçin elektrik geçiriji ulgamyň ilkinji böleginiň işe girizilmegi hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygyny görkezýär. Mälim bolşy ýaly, «Тürkmenistan — Owganystan — Pakistan» elektrik geçiriji ulgamyny «Тürkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan» gaz geçirijisiniň ugrunda gurmak meýilleşdirildi. Bu iş täze elektrik stansiýalaryny, elektrik geçirijilerini, häzirkizaman transformator kiçi beketlerini we paýlaýjy ulgamlary gurmagyň hasabyna amala aşyrylýar. Eksport energiýasynyň ugurlaryny giňeltmäge hem-de olaryň mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik döredýän elektrik geçiriji ulgamyň işiniň ýaýbaňlandyrylmagy sebitdäki ýurtlaryň ykdysady ösüşine uly itergi berer. Ýurdumyzyň energetika pudagynda kombinirlenen siklli gazturbinaly elektrik bekediniň gurluşygy hem alnyp barylýar. Şeýle innowasion tehnologiýa Türkmenistanda elektrik energiýasy öndürilende, ilkinji gezek ulanylýar. Elektrik energiýasyny ýurduň daşyna ugratmakda goňşy ýurtlar — Özbegistan, Gazagystan, Owganystan, Eýran, Türkiýe we Ermenistan bilen hyzmatdaşlyk göz öňünde tutulýar.
Ilmyrat ALLABERDIÝEW,