Sebitiň sazlaşykly ösüşi

13-nji iýulda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda döwlet Baştutanymyzyň Balkan welaýatyna boljak iş saparyna taýýarlyk çäreleriniň maksatnamasyna garaldy. Gün tertibine girizilen meseleler boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hasabat bilen çykyş etdiler. Wise-premýerleriň hasabatlaryny degişli yzygiderlilikde diňläp, milli Liderimiz ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi we anyk tabşyryklary berdi.

Ilki bilen göni aragatnaşyga ykdysadyýet we maliýe ulgamyna hem-de Balkan welaýatyna gözegçilik edýän wise-premýer çagyryldy. Wise-premýer ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň çäklerinde Balkan welaýatynyň senagat düzümini işjeňleşdirmek, günbatar sebitde medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygyny çaltlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň günbatar sebite boljak iş saparynyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmak hem-de Balkanabat şäherinde gurlan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň we onuň ýanynda 3 müň orunlyk sadaka jaýynyň açylyş dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen baglanyşykly işler hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzyň halkara ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgeleri hökmünde ykrar edilen ulag-kommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmegine, şeýle hem sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna we medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, bu işleriň Balkan welaýatynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginde möhüm orun eýeleýändigini aýtdy.

Şeýle hem milli Liderimiz Balkan welaýatyna boljak iş saparynyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylykly geçirilmegi ugrunda alnyp barylýan taýýarlyk işleriniň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz hödürlenen maksatnamany, umuman, makullap, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisiň dowamynda medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer Balkan welaýatyna boljak iş saparynyň maksatnamasynda göz öňünde tutulan medeni çäreler, taryhy ähmiýeti bolan şanly wakalaryň hormatyna guralýan dabaralarda ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň beýan edilmegi ugrunda görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň okgunly ösüşini hem-de ata-babalarymyzdan miras galan medeni gymmatlyklarymyzy şöhlelendirýän dabaralaryň medeni maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.

Soňra bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýer hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna boljak iş saparynyň çäklerinde geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ähli ugurlarda bolşy ýaly, sebitiň ylym-bilim ulgamynda düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ösüp gelýän ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almaklary bilen bir hatarda, olaryň Hazaryň kenarynda amatly dynç alşyny guramak meseleleriniň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi.

Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

"Nesil".


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/34408