Aşgabat, 21-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde işini tamamlaýan Natalýa Germany kabul etdi.
Diplomat ikiçäk duşuşykda köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny bildirip, döwlet Baştutanymyza BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň mähirli salamyny hem-de Garaşsyz Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, abadançylyk, giň möçberli özgertmeler ýolunda üstünlikler baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, häzirki döwrüň ählumumy meselelerinde esasy orny eýeleýän BMG-niň ýolbaşçysyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň dowamynda soňky ýyllarda merkeziň öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek boýunça işiniň üstünlikli dowam edendigi, hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň döredilendigi hem-de sebitde anyk maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň depgininiň güýçlendirilendigi kanagatlanma bilen bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşan uly şahsy goşandy we netijeli işi üçin N.Germana minnetdarlyk bildirdi we pursatdan peýdalanyp, ony BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory wezipesine bellenilmegi bilen gutlady hem-de bu jogapkärli wezipede täze üstünlikleri arzuw etdi.
Bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik häsiýete eýe bolan köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup çykyş edýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi iki gezek ykrar edilen ýurt bolmak bilen, halkara giňişlikde işjeň orny eýeläp, BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk edip gelýär. Häzirki wagtda bu hyzmatdaşlyk ugurlaryň giň gerimi boýunça, şol sanda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly energetika, ulag, ykdysady, durmuş, ynsanperwer, ekologik meseleleri çözmek, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak ýaly wajyp ugurlarda alnyp barylýar.
Öňüni alyş diplomatiýasy parahatçylyga we howpsuzlyga howp salýan wehimleri ýüze çykarmakda hem-de aradan aýyrmakda döwletlere ýardam bermek boýunça möhüm gural bolmagynda galýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, 2007-nji ýylda döredilen we goňşy ýurtlaryňdyr BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň goldaw bermeginde, Baş Assambleýanyň çözgüdine laýyklykda, Bitarap döwletimiziň paýtagtynda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine uly jogapkärçiligiň ýüklenendigi bellenildi.
Geçen döwürde sebit merkezi täze wehimlere jogap hökmünde çözgütleri işläp taýýarlamakda Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamyny Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen baglanyşdyrýan netijeli meýdança hökmünde özüni tanatdy. Merkeziň işini hem-de başlangyçlaryny, hususan-da, sebitiň döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça başlangyçlaryny Türkmenistanyň işjeň goldaýandygy aýratyn nygtaldy.
Şeýle hem sebit howpsuzlygyny üpjün etmekde, BMG-niň Terrorçylyga garşy ählumumy strategiýasyny ornaşdyrmakda hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Bu işiň çäklerinde häzirki wagtda Merkezi Aziýada terrorçylyga garşy durmak boýunça bilelikdäki Hereketleriň meýilnamasynyň dördünji tapgyry durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyz köptaraplaýyn öňüni alyş diplomatiýasynyň “Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasy” başlangyjy hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy ýaly mehanizmleriniň döredilendigini we üstünlikli işleýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki döwrüň howplaryna hem-de wehimlerine garşy durmak, sebitde howpsuzlygy, durnuklylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ýaly ugurlarda merkeziň işiniň mundan beýläk-de möhüm orny eýelejekdigine ynam bildirip, türkmen tarapynyň tutuş dünýäde parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine BMG bilen bilelikdäki işe üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklady.
Söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili özara hyzmatdaşlygyň netijeleri barada pikir alyşdylar. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça başlangyçly çykyş edýändigi we köpugurly hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin, özara hormat goýmak esasynda ýola goýýandygy üçin türkmen tarapyna hoşallygyny beýan edip, özygtyýarly ösüş ýyllarynda parahatçylyk döredijiligiň baý tejribesini toplan Türkmenistanyň BMG-niň Merkezi Aziýa sebitinde ygtybarly we uzak möhletleýin hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýändigini nygtady. Şeýle hem ýurdumyz ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça Kararnamalaryň birnäçesiniň, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2023-nji ýyly “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamasynyň öňbaşçysy boldy.
Natalýa German ýolbaşçylyk edýän diplomatik wekilhanasynyň üstünlikli işlemegine goldaw berlendigi we hyzmatdaşlygyň täze binýadynyň döredilendigi üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, ähli türkmenistanlylara Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýarlyk, üstünlik arzuw etdi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de BMG-niň sebit merkeziniň ýolbaşçysy birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, däp bolan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.