Şanly ýylda söwda merkezimize 10 ýyl dolýar

Türkmen halky myhmansöýer millet, şonuň üçin «Myhman — ataňdan uly» diýilýän pähime eýerýän halkymyz bu däbi dowam etdirýär. Öý eýesine myhmana saçagy giňden ýazyp, hezzet-hormat etmekde ýakyn ýardamçylaryň biri-de ýurdumyzyň her bir künjeginde açylyp, ulanylmaga berlen döwrebap söwda merkezleridir. Häzirki döwürde ýurdumyzyň her bir welaýatynda ululy-kiçili söwda merkezleri hereket edýär. Olaryň arasynda ir bilen sagat 8:00-da açylyp, gije sagat tä 23:00-a çenli işleýänleri-de bar. Bu söwda merkezlerinden bolsa, göwün islän azyklyk harydyňy elýeterli bahadan satyn alyp, gelen myhmany-da, maşgala agzalaryny-da naz-u-nygmata baý desterhan bilen hezzetläp bolýar.

Berkarar döwletimiziň gözel paýtagtynda şeýle söwda merkezleriniň ençemesi halkyň hyzmatynda. Hatda olar halka döwrebap hyzmat etmekde öz aralarynda bäsleşikleri-de yglan edýärler. Ynha, ýakynda biz hem söwdanyň gidişinden fotoreportaž taýýarlamak maksady bilen, ak şäherimiz Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli bolan «Milli market» söwda merkezine bardyk. Alyjylara medeniýetli hyzmaty, harytlarynyň köp görnüşliligi we ýokary hilliligi bilen adygan bu söwda merkezi depesinde, uly harplar bilen «Söwda merkezi» diýlen ýazgy oturdylan köp gatly binanyň birinji gatynda ýerleşýär. Biz bu ýerde pomidoryň, hyýaryň, kelemiň, soganyň, süýji burçuň, badamjanyň aýnaly gaba gaplanyp, tertipli, göze gelüwli duran tekjeleriniň üstünden bardyk. Alyjylara mylaýymlyk bilen hyzmat edip duran satyjy gyz Çynar Baýramowa bize satyjylyk edýän bölümi we söwda merkezi dogrusynda şeýle gürrüň berdi:

— Söwda merkezimizde hoş gördük! Biziň bölümimizden göwün islän duza ýatyrylyp, gaplanan gök önümlerini satyn alyp bilersiňiz. Gyş paslynda önümleriň duza ýatyrylan görnüşleri has-da geçginli. Olaryň düzüminde ajy burçdur sarymsagyň bolmagy ynsan saglygyny berkitmekde peýdalydyr. Biziň söwda merkezimiziň şu bölüminde alyjylar tarapyndan has-da isleg bildirilýäni ýurdumyzyň sahy topragynda ösdürilip ýetişdirilen gök önümleriň duza ýatyrylan görnüşleri elýeter bahadan ilatymyza ýetirilýär. Olara «Nesil», «Mylaýym», «Bakjam», «Garaja», «Nur» diýlip, ýazylgy nyşanly önümler degişlidir. Duza ýatyrylyp, gaplanan bu önümleriň alyjynyň islegine görä, 500 — 800 gramlyk gaplarda bolşy ýaly, olaryň 1, 2, 3 litrlik aýna gaplara gaplanany-da bar. Söwda merkezimiziň beýleki bölümlerinde-de ýerli telekeçilerimiz tarapyndan öndürilýän azyk önümleri agdyklyk edýär. Bulardan başga-da, alyjy müşderilerimize harytlary eltip bermek hyzmatymyz hem bar. Bu hyzmatymyz köp babatda alyjynyň wagtyny tygşytlaýar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hususyýetçilerimize uly mümkinçilikler döredilýär. Täze söwda merkezleri yzygiderli açylyp, ulanylmaga berilýär.

Biziň söwda merkezimize şu ýyl 10 ýyl dolýar. Merkezimiziň 10 ýyllygynyň ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy bilen gabat gelmegi bolsa, biziň begenjimizi, halka hyzmat etmäge bolan höwesimizi has-da artdyrýar. Sözümiň ahyrynda ilatymyza we paýtagta gelýän myhmanlara «Milli market» söwda merkezinden göwün islän gündelik harytlaryňyzy alyp bilersiňiz, biziň gapymyz alyjylar üçin giňden açykdyr diýip, buýsanç bilen bellemek isleýärin.

Laçyn SAMMAKOWA,

«Bereketli toprak».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21397