Garaşsyz ýurdumyzda innowasion ykdysadyýeti kemala getirmek, ähli ulgamlary sanlylaşdyrmak, sanly ykdysadyýetiň täze gadamlaryny durmuşa ornaşdyrmak, ykjam kompýuter aragatnaşygyny ýola goýmak babatda maksatnamalaýyn işler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu hem bolsa milli ykdysadyýetimizi innowasion ösüş ýoluna geçirmek işini çaltlandyrmaga, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary, sanly ulgamy, elektron resminamalar dolanyşygyny giňden ornaşdyrmaga ýardam berýär. Munuň özi innowasion ykdysadyýeti kemala getirmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýändigini aňladýar.
Şu nukdaýnazardan ýurdumyzda bu ugurda kanunçylyk binýady hem kämilleşdirilýär. «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Elektron resminama hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we Internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda», «Ylmy edaralar hakynda», «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda», «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda durmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlary ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy» durmuşa geçirilýär.
«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky» Karara gol çekilmegi ähli ugurlarda sanly ulgamy ornaşdyrmak babatdaky işleriň maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň «Sanly Türkmenistan» atly täze döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlamagy biziň ýokarky sanap geçen Döwlet maksatnamalarymyzyň esasy bolmak bilen, sanly mümkinçilikleriň kanuny binýadynyň berkeýändigini aýdyň subut edýär.
«Sanly Türkmenistan» atly döwlet maksatnamasy ykdysadyýetiň ylmy gazanylanlary köp talap edýän pudaklarynda ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagyny, öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilikde ulanmagyň çaltlandyrylmagyny, elektron resminamalar dolanyşygyna hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamyna doly geçmäge ýardam etmekligi göz öňünde tutýar. Mundan başga-da, maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyzda telelukmançylyk, kompýuter hem-de telekommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmak arkaly uzak aralykdan maslahat we bilim bermek ýaly goşmaça elektron hyzmatlary ýerine ýetirmegiň hasabyna sanly düzümleri ösdürmek hem meýilleşdirilýär.
Berdi BERDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.