Ýurdumyzda ykdysady gatnaşyklaryň sanly ulgamyny ösdürmek, ilkinji nobatda bu ulgamy kadalaşdyryş-hukuk taýdan üpjün etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar, sanly ykdysadyýetiň ygtybarly hukuk binýady döredilýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» maglumat tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň, ýurdumyzyň durmuş ulgamynyň netijeli hereket etmegine gönükdirilendir. Konsepsiýanyň wezipelerinde, döwlet we ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamlarynda uly maglumat binýadyndan peýdalanyp, netijeli çözgütleriň kabul edilmegine oňyn täsir edýän elektron hökümet ulgamyny kämilleşdirmek we sanly hökümet ulgamyny ornaşdyrmagy ýaýbaňlandyrmak ugurlarynda, býujet ulgamynda sanly tehnologiýalaryň paýyny artdyrmakdan ybarat bolup durýar.
Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ýurtda uzak möhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga ýardam berýän netijeli ulgamlaryň ornaşdyrylmagyna, adamlara edilýän jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagyna we kämil görnüşleriniň ýola goýulmagyna, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň özgerdilmeginde tehnologiýalar bilen bagly töwekgelçilikleriň peselmegini üpjün etmek bilen, internet ulgamynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegine ýardam berýär.
Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde sanly ykdysadyýetiň hukuk esaslarynyň binýady bolup, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda her bir adamyň öz şahsy durmuşyna eden-etdilikli gatyşylmagyndan, şonuň ýaly-da hat-habarlarynyň, telefon we beýleki aragatnaşyklarynyň syryny saklamak düzgünleriniň bozulmagyndan, öz namysyna we at-abraýyna hyýanat edilmeginden goranmaga hukugynyň bardygy kepillendirilmek bilen, döwletimiziň çäginde her bir ynsanyň maglumatlara bolan erkinlik hukugy kämil derejä göterilýär.
Sanly ykdysadyýet sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyna esaslanýan ykdysady, durmuş, medeni gatnaşyklaryň ulgamy bolup, bu ulgamyň hukuk taýdan düzgünleşdirilmegi hemişe ösüşi, kämil kanunlary talap edýär. Sebäbi sanly ulgamyň özi hemişe ösüşde bolandygy sebäpli onuň bilen bagly jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän milli kanunçylygymyz hem kämilleşdirilýär.
Ýurdumyzda hereket edýän sanly ykdysadyýetiň kanunçylyk esaslarynyň biri hem «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bolup, bu Kanun elektron resminamalaryň, elektron resminamalaryň dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny, olara bildirilýän esasy talaplary kesgitleýär hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmäge gönükdirilendir. Kanunda adresat, elektron resminama, elektron sanly gol, elektron hyzmata gatnaşyjy subýektler we beýlekiler barada giňişleýin düşünje berlip, sanly ykdysadyýete elektron resminamalar arkaly gatnaşyjy taraplaryň hukuklary we borçlary kesgitlenilýär.
«Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem sanly ykdysadyýet ulgamynyň ähli kiber giňişliginde Türkmenistanyň milli bähbitlerini, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny goramagyň guramaçylyk we hukuk esaslaryny kesgitleýär hem-de Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmekde ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Şeýle-de «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 22-nji maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda aragatnaşyk babatynda iş we kiberhowpsuzlyk babatynda iş ygtyýarnamalar talap edilýän işiň görnüşine degişli bolup durýar.
Döwrümiziň talap edişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň her bir raýaty kämil aragatnaşyk we internet ulgamlaryndan peýdalanýar. Kärhanalarda, edaralarda, guramalarda resminamalary dolandyrmagyň elektron usuly ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň agzybir maşgalalarynyň ählisiniň diýen ýaly öýlerinde kompýuter we beýleki kämil tehnologik serişdeler bar. Häzirki döwürde ýaşlaryň tehnologiýanyň iň täze gazanan önümlerinden, öýjükli aragatnaşyk serişdelerinden kynçylyksyz baş çykaryp bilýändiklerini görýäris. Bu bolsa ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň hukuk esaslarynyň ygtybarly goragynyň üpjün edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Amangeldi BEGLIÝEW,
Daşoguz şäheriniň prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi.