Halk hojalygynyň pudaklaryny sanly ulgama geçirmekde ýurdumyzda uly işler amala aşyrylýar. Bu işler «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda alnyp barylýar. Resminamalarda ählumumy sanly giňişligiň emele gelýän we ösýän şertlerinde sanly ykdysadyýetiň gazananlaryny nazara almak bilen, önümçilik pudaklarynyň, söwda we hyzmatlar ulgamlarynyň işini täzeçe guramagyň netijeli ugurlaryny emele getirmek, şeýle-de raýatlara edilýän durmuş hyzmatlarynyň düzümini we hilini kämilleşdirmek, telekeçilik, zähmet şertleri babatda täze mümkinçilikleri döretmek bilen, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Elbetde, bu işleri doly we dogry ýerine ýetirmekde innowasion tehnologiýalaryň orny uludyr.
2020-nji ýylyň 14-nji martynda «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanuna laýyklykda, ýurtda elektron resminama dolanyşygynyň ýaýbaňlandyrylmagyny, menzilara bank hyzmatlaryny, ýagny uzak aralykdan sanly tehnologiýalaryň üsti bilen ykdysady taýdan wagty tygşytlama ýörelgesine esaslanyp, şahsy we ýuridik taraplaryň gymmatly wagtyny, şeýle-de maliýe serişdeleriniň tygşytlanmagyny gazanmak mümkin bolýar. Sanly ykdysadyýetiň durmuşymyza çuň ornaşmagy bilen, kanunçylyk namalarynda bellenilýän elektron söwda, elektron pul, elektron gol, sanly haryt, sanly satuw ýaly düşünjeler halkyň arasyna giňden ornaşýar. Bu adalgalara ýönekeý raýatlaryň hem düşünmegi sanly ulgamy ornaşdyrmaga we ony has-da kämilleşdirmäge amatly şert döredýär. Bu hyzmatlaryň ähli pudaklara ornaşdyrylmagy milli ykdysadyýetimizde netijeli ösüş gazanmaga çelgi bolup hyzmat edýär.
Elbetde, sanly tehnologiýalar arkaly amal edilýän elektron resminama dolanyşygynda esasy ulanylýan gurallaryň biri-de elektron goldur. Elektron sanly gol –— statik bolmadyk we menzilara bank hyzmatlaryny beriş ulgamynyň parametrleri bilen kesgitlenýän wagtyň dowamynda hereket edýän ýörite açar sözi bolmak bilen, degişli maglumata gol çekýän şahsyýeti kesgitlemek üçin ulanylýar. Döreýiş taryhyny 1976-njy ýyldan alyp gaýdýan «elektron sanly gol» düşünjesi bu gün innowasiýanyň ösmegi bilen, döwrebap nusga eýe boldy.
Dünýä jemgyýetçiliginde ykrar edilen, ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy bilen ýüze çykarylan elektron gol eýýäm edara-kärhanalarda ulanylyp başlandy. Ozal ýerine ýetirilýän birnäçe işleri aradan aýryp, maliýe serişdelerini tygşytlamaga şert döredýän bu gural elektron resminamanyň awtorlygyny tassyklamaga mümkinçilik berýär. Elektron sanly goluň açar şahadatnamasy edara-kärhananyň ýolbaşçysyna degişli bolup bilýär.
Elektron sanly goluň şahsy açary ulanylyp, resminamadaky maglumatyň käbir zyýanly täsirler arkaly üýtgemeginiň öňi alynýar. Häzirki wagtda dünýäde elektron sanly gollaryň ýönekeý, hünärsiz (kwalifikasiýasyz) we hünärli (kwalifikasiýaly) görnüşleri bolup, olar özara tapawutlanýar. Ýönekeý elektron gol, onlaýn dükanlardan harytlary we hyzmatlary satyn almak, internet hyzmatlaryndan peýdalanmak arkaly, bankdaky şahsy hasabyňdaky serişdeleri dolandyrmak we dürli görnüşli jerimeleri tölemek üçin ulanylyp bilner. Şeýle elektron gol ulanyjynyň şahsyýetini tassyklaýan resminama gol çekilenden soň, üýtgeşmeleri ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän nyşanlaryň kodlanan kombinasiýasydyr. Bu gol hyzmatdaşlar bilen resminamalary alyş-çalyş etmekde we içerki resminama akymynda (sargytlara, görkezmelere, beýannamalara gol çekmekde) ulanylyp bilner. Hünärli elektron gol iň ygtybarly gol bolmak bilen, ol kanun tarapyndan elektron ýerine ýetirilmegi gadagan edilmedik islendik resminama üçin niýetlenendir. Mysal üçin, salgyt gulluklaryna, pensiýa gaznasyna we beýleki döwlet edaralaryna hasabat ibermekde, kärhanalar bilen şertnama baglaşmakda, harytlary satyn almakda we beýleki söwda görnüşlerinde ulanylyp bilner. Elektron sanly gol şol bir wagtda döwletimizde ýaýbaňlandyrylýan elektron söwdany ösdürmekde hem geljegi uly ugurlaryň biridir.
Umuman, sanly tehnologiýalaryň üsti bilen täze düşünjeleriň önümçilige ornaşdyrylmagy raýatlara, aýratyn-da, hususyýetçilere wagty tygşytlama ýörelgesine esaslanyp, az wagtyň dowamynda birnäçe işi ýerine ýetirmäge, netijede, köp möçberli we ýokary hilli önümleri öndürmäge, hyzmatlary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Jumageldi SALAMOW,