Sanly ykdysadyýetiň giň mümkinçilikleri

Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek babatda wajyp wezipeleri öňde goýýar. Bu Milli maksatnamanyň ykdysadyýetimiziň pudaklaryny we senagat kärhanalarynyň işini talabalaýyk guramak bilen bagly meseleleri çözmekde möhüm orun eýeleýändigini aýratyn bellemek gerek.  

                                                                   

Häzirki ajaýyp döwrümizde sanly ykdysadyýet ösdürilýär we dürli pudaklarda netijeli işler ýola goýulýar. Sanly ykdysadyýet önümçiligiň, söwda gatnaşyklaryň we beýleki ugurlaryň sanly tehnologiýalara esaslanmagydyr. Şonuň üçin hem häzirki wagtda sanly tehnologiýalara oňat düşünýän ýaş hünärmenler taýýarlanylýar. Sanly ykdysadyýetiň dürli pudaklara oňyn täsir edýändigi, kärhanalar we telekeçiler üçin täze mümkinçilikleri döredýändigi mälimdir.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak bilen pudaklara täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri durmuşa geçirýär. Esasan hem innowasion ykdysadyýeti kemala getirmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ylmyň we bilimiň ösdürilmegi üçin uly işler alnyp barylýar, bu ugurda kanunçylyk binýady hem kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda şeýle belledi: «Durnukly ykdysady ösüş biziň uzak möhletleýin strategiýamyzyň baş maksady bolup durýar. Şoňa görä-de, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan maksatnamalarymyzy hem-de özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek döwrümiziň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu diňe bir şu günümiziň ösüşlerini däl, eýsem, röwşen geljegimizi hem üpjün edýär.  

                                                                   

Ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan berkarar Watanymyzda ähli ulgamlaryň sanlylaşdyrylmagy ýokary depginde amala aşyrylyp, halkara ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna daýanýan sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şunda hünärmenleri taýýarlamak, sanly ulgamy ylmy esasda ösdürmek we sanly tehnologiýalary öz ýurdumyzda öndürmek işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Çünki alymlaryň belleýşi ýaly, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň esasy ugry hökmünde hünärmenleriň başarnygy, kämilligi nazara alynýar.  

                                                                   

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde uly ädimler ädilýär. Häzirki wagtda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýokary derejede ösdürilýär, şol sanda hünärmenleriň başarnyklary döwrebap derejä eýe bolýar. Şu nukdaýnazardan ýurdumyz sanly bilimi öwretmäge aýratyn ähmiýet berýär, pudaklary ösdürmekde zerur hünärmenler bilen üpjün edýär. Netijede Türkmenistan sanly ykdysadyýetde öňdebaryjy ýurt hökmünde özüni tanadýar. 

                                                                   

Umuman aýdanyňda, sanly ykdysadyýet döwrebap mümkinçilikleri döredýän we çalt ösýän gurşawdyr. Sanly ykdysadyýet durmuşymyza giňden ornaşýar. Häzirki wagtda «akylly» öýleriň kemala gelýändigini hem bellemek gerek. Şunda dürli desgalaryň, medeni dynç alyş seýilgähleriň gurluşygy, ýaşaýyş jaýlarynyň bina edilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. «Akylly» şäher taslamalary önümçilige hödürlemek we ornaşdyrmak «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» hem göz öňünde tutulýar. Arkadag şäherinde durmuşa ornaşdyrylýan sanly ulgam iň döwrebap mümkinçiliklerden ugur alýar. «Akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda maglumat kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we internet serişdeleriniň peýdalanylmagy bilen döwrebap binalar kemala geldi. Bularyň hemmesi ýurdumyzda sanly ulgamyň ösdürilýändigini, sanly ykdysadyýetiň üstünliklere beslenýändigini aýdyň beýan edýär.  

                                                                                                           

Ýulduz NURGELDIÝEWA,

                       

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.