Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetini düýpli ösdürmäge, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen möhüm özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bu ykdysady özgertmelerde ýurdumyzyň bank ulgamy aýratyn ähmiýete eýedir.
Ulgama täze tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy hususy taraplara töleg-hasaplaşyk we beýleki hyzmatlary banka barmazdan ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bank ulgamyny has-da kämilleşdirmek, milli töleg ulgamyny ösdürmek, onuň netijeliligini, ygtybarlylygyny hem-de howpsuzlygyny üpjün etmek üçin töleg ulgamy döwrebap maglumat tehnologiýalarydyr kompýuter programmalary bilen üpjün edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak boýunça syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzda gazanylýan oňyn tejribeler telekeçiligiň ösmegine itergi berýär. Hereket edýän elektron töleg ulgamynyň kämilleşdirilmegi, täze töleg-hasaplaşyk ulgamlarynyň döwlet täjirçilik we paýdarlar täjirçilik banklary tarapyndan uzak aralykdan, ýagny menzilara bank hyzmatlaryny beriş ulgamlarynyň işe girizilmegi bilen amala aşyrylmagy bu ugurda gazanylan ýene bir ösüşdir.
«Menzilara bank hyzmaty» — bu hususy telekeçileriň we daýhan hojalyklarynyň alyp barýan dürli görnüşli önümçilik we hyzmat ediş işlerinde hasaplaşyk amallaryna uly ýardam bermek bilen, internet arkaly bank hyzmatyny ýerinde amala aşyrmaklyga, ýagny bankyň müşderilerine öz hasaplary barada maglumatlary alyp durmaga, bankyň hyzmatlaryndan peýdalanmaga, şol sanda öz aralarynda pul serişdelerini geçirmeklige mümkinçilik berýär. Müşderi Türkmenistanyň islendik künjeginde internete birikdirilen enjam arkaly öz hasabyny «Menzilara bank hyzmatynyň» üsti bilen dolandyryp bilýär.
Ýurdumyzyň ykdysady ösüşini pugtalandyrmaga gönükdirilen özgertmeleri durmuşa geçirmekde bu ulgam işewürlere pul serişdelerini ygtybarly dolandyrmaga, wagtlaryny tygşytlamaga, bank tarapyndan has amatly, tiz we ýokary hilli hyzmatlary etmäge doly mümkinçilik döredýär.
Roza BAZARBAÝEWA,
Türkmenistanyň «Daýhanbank» DTB-niň welaýat şahamçasynyň baş hünärmeni.